Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň welaýat prokuraturasy hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň bilelikde guramagynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Çäräniň dowamynda çykyş edenler ýaşlarymyzyň arasynda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda», «Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenen wezipelerden ugur alyp, ýaşlary innowasiýa we maglumat tehnologiýalaryna ugrukdyrmak we höweslendirmek dogrusynda gürrüň etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlarymyz üçin okamaga, öwrenmäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.
Enebike ANNAGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat
Geňeşiniň Umumy bölüminiň müdiri.