Il agzybirligi ýurdy abadanlaşdyrýar

Watan goragy ýaly mukaddes zat ýokdur. Eziz ata Watanyňy söýmek, ony janyň-teniň bilen goramak her bir türkmen raýatynyň borjudyr.

5-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň 11 aýynda harby we hukuk goraýjy edaralarda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi hem-de ýakyn geljek üçin wezipeler kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiziň dikuçary ir bilen harby bölümleriň birinden uzakda bolmadyk ýerdäki meýdançada gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary mähirli garşyladylar.

Ilki bilen döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň goranmak ministri hormatly Prezidentimize hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu ýerde görkezilen iň täze ýörite tehnikalar bilen tanyşdy. Olaryň artykmaçlyklary bilen gyzyklanyp, şahsy düzümiň döwrebap tehniki serişdeleri dolandyrmagyň başarnyklaryny neneňsi ele alandyklaryny sorady.

Soňra harby birikmäniň maslahatlar zalynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi badalga aldy. Mejlisiň gün tertibini yglan edip, milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine söz berdi. Ol ýolbaşçylyk edýän bölümlerinde Türkmenistanyň Baştutany tarapyndan harby özgertmeleri öňe ilerletmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, maddy-enjamlaýyn binýadyň pugtalandyrylyşy barada hasabat berdi.

Soňra içeri işler ministri hukuk tertibini saklamak we hukuk düzgün bozulmalarynyň hem-de ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen şu ýylyň 11 aýynda alnyp barlan anyk işler barada, Döwlet serhet gullugynyň başlygy ýolbaşçylyk edýän düzümlerindäki işler hem-de Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak boýunça ýerine ýetirilen çäreler hakynda, Ýokary kazyýetiň başlygy ýolbaşçylyk edýän düzümlerindäki işleriň netijeleri hem-de ýurdumyzyň kazyýet ulgamyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz durmuşa geçirilýän hukuk özgertmeleriň ähmiýetini nygtap, kazyýet edaralarynyň işiniň, şol sanda her bir raýatyň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini goramagy üpjün etmek arkaly, Türkmenistanyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň belent maksatlaryna hem-de wezipelerine doly kybap gelmelidigini belledi. Mejlisiň dowamynda ähli ulgamlarda kanunçylygyň berjaý edilmegine zerur gözegçiligi amala aşyrmak maksady bilen, baş prokuror şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde geçirilen işler barada hasabat berdi.

Hasabaty diňläp, prokuratura edaralarynyň kanunçylygyň takyk ulanylmagynyň kepili bolup çykyş edýändigini, kanunlaryň ýerine ýetirilmegine prokuror gözegçiligini amala aşyrmakda olara giň ygtyýarlyklaryň berlendigini hormatly Prezidentimiz belledi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri ýolbaşçylyk edýän ministrliginde alnyp barlan işler hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory edaranyň döredilen gününden bäri geçirilen işleriň netijeleri hem-de korrupsiýa garşy hereket etmegiň maksatnamasynda kesgitlenilen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin görlen toplumlaýyn çäreler, Döwlet gümrük gullugynyň başlygy gümrük edaralarynyň alyp baran işleri, gullugyň işini kämilleşdirmek hem-de onuň bölümlerini serhetden geçýän ýükleri has düýpli gözden geçirmäge mümkinçilik berýän döwrebap tehniki serişdeler bilen enjamlaşdyrmak, Adalat ministri ýolbaşçylyk edýän edarasynyň alyp baran işleri hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy ýolbaşçylyk edýän düzüminiň has netijeli işini üpjün etmek boýunça şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda görlen çäreler barada hasabat berdiler.

Milli Liderimiz milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça hukuk taýdan esaslandyrylan teklipleri taýýarlamagyň hukuk edaralarynyň wezipeleriniň biridigini nygtady.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz Baş prokurora hem-de Ýokary kazyýetiň başlygyna Goranmak ministrliginiň ýanyndaky ýokary serkerdeler düzümi üçin akademiki fakulteti hünär ugry boýunça üstünlikli tamamlandyklary baradaky degişli diplomy we döşe dakylýan nyşany gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde goýlan wezipeleriň her bir ýolbaşçydan has-da yhlasly işlemegi, yzygiderli kämilleşmegi, tabşyrylan işe jogapkärçilikli çemeleşmegi talap edýändigini nygtady, şeýle-de döwletimiziň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň gullugy hem-de durmuşy üçin has amatly şertleri döretmek boýunça mundan beýläk-de çäreleri görjekdigini aýtdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

“Nesil” gazeti,

07.12.2017ý.