Döwletimiziň içeri syýasatynyň ösüşi — ýurdumyzyň abadançylygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak döwletimiziň içeri syýasatynyň baş wezipesi. Döwletimiziň içeri syýasatyna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin 1-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz ilki bilen maliýe-bank ulgamyna degişli edaralaryň işini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmekde geçirilýän işler barada hasabatlary diňledi. Bu ulgamda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagynyň barşyny berk gözegçilikde saklamagyň, ähli ugurlarda durmuşa geçirilýän işlere yzygiderli seljerme geçirmegiň zerurdygyny belläp, ýurdumyzyň ykdysady taýdan okgunly ösmegine, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeler maksatnamalarynda bellenilen çäreleri öz wagtynda ýerine ýetirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Ýurdumyzyň içerki bazaryny ýokary hilli harytlar bilen üpjün etmek Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň alyp barýan işleriniň özenini tutýar. Alyjylara hyzmat edilişiniň medeniýetine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtap, milli Liderimiz ýurdumyzyň ilatynyň isleglerini doly kanagatlandyrmak, söwda nokatlarynda azyk önümleriniň bolçulygyny üpjün etmek üçin ähli zerur tagallalaryň görülmelidigini belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin bölümlerinde işleriň alnyp barlyşy hem-de «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň» durmuşa geçirilişiniň hasabatyny diňledi we Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek, nebiti we gazy gaýtadan işlemek babatda, gazhimiýa pudagynda hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, ýurdumyzyň ägirt uly nebitgaz baýlygyny has amatly peýdalanmaga, gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ünsi çekdi.

Diýarymyzyň gözelligi, arassaçylygy, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak gönüden-göni alnyp barylýan gurluşyk işlerine, jemagat hojalygy gullugynyň işiniň kämilligine bagly. Bu ulgamlary täze sepgide çykarmakda hormatly Prezidentimiz ähli şertleri döredýär, iri taslamalar amala aşyrylyp, uly möçberli maýa goýumlar goýulýar.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň döwrebap ulag-aragatnaşyk düzüminiň ösdürilişine ünsi çekdi. Türkmenistanyň yklymyň uly ýollarynyň çatrygynda, amatly geografik ýagdaýynda ýerleşmegi, ýurdumyza Ýewraziýa aragatnaşyklaryny üpjün etmäge şert döredýär. Şu nukdaýnazardan ýurdumyzyň ulag ulgamynyň ähli pudaklarynyň depginli döwrebaplaşdyrylmagynyň zerurdygyny, olaryň halkara ölçeglere laýyklykda işlemelidigini milli Liderimiz aýratyn nygtady.

Gyş paslynyň ilkinji aýy hem toý-baýramçylyklara baý. Bu aýda hem 5-6-njy dekabrda ýurdumyzda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleri geçiriler. Onuň çäklerinde döredijilik işgärleriniň duşuşyklary, doganlyk ýurduň amaly-haşam sungaty eserleriniň we fotosuratlarynyň sergileri guralar. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ulanmaga beriljek medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabarasy we geçiriljek baýramçylyk çäreler diňe bir paýtagtymyzy däl-de, Watanymyzyň ähli künjeklerini gurşap alyp, halkymyzy ruhlandyrmaly we jebisleşdirmeli diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Soňra milli Liderimiz Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyny taýýarlamak üçin alnyp barylýan işler barada hasabaty diňledi. Maksatnamanyň taslamasy döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda halkara arheologik barlaglary guramak, 2018-nji ýylda «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» şygary astynda çäreleri geçirmek boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen işlenip taýýarlanyldy. Gadymy ýoluň ugrunda ýerleşen ýadygärlikleri arheologiýa, etnografiýa, taryhy hem-de edebi taýdan öwrenmek boýunça innowasion ulgamy döretmäge, jemgyýetiň aň-bilim kuwwatyny artdyrmaga hem-de täze garaýyşly hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir. Maksatnamada halkara ylmy aragatnaşyklary ösdürmek hem-de daşary ýurtlaryň ylmy-barlag merkezleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek, ýurdumyzda geçirilýän arheologik gazuw-agtaryş işlerine belli alymlary çekmek göz öňünde tutulýar.

Hazar sebiti Ýewraziýa giňişliginde möhüm geosyýasy we ykdysady, strategik energetika we ulag-aragatnaşyk merkezleriň biridir. Türkmenistan Hazar boýunça goňşy ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy geçirýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklipleri esasynda halkara resminamalar işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi.

4-5-nji dekabrda Moskwa şäherinde Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň maslahaty geçiriler. DIM-niň ýolbaşçylarynyň derejesinde geçiriljek bu maslahat Hazarýaka döwletleriň halklary bilen däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň berkemegine uly ähmiýet berer.

Ýurdumyzyň ýokary kanunçykaryjy edarasynyň 25-nji maslahatynda kabul edilen «Lebap welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda» Karary boýunça guramaçylyk işleri dowam edýär. Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenýertaslama» döwlet taslama instituty tarapyndan Ýer kadastryna täze maglumatlary girizmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda himiýa senagatyny ösdürmek boýunça wezipeleriň çözgüdine jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtap, önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak ýaly möhüm meselä ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

“Nesil” gazeti,

05.12.2017ý.