Köptaraplaýyn ösüşe badalga

 Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ösüşleriň ýolunda bedew bady bilen barha öňe ilerleýän Berkarar döwletimiz dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny alyp barýar. Iki tarapa hem bähbitli özara hyzmatdaşlyk milli Liderimiziň daşary syýasatynyň esasy özenini düzýär. Ýurdumyzyň goňşy döwletler bilen özara ynanyşmak esasynda gurnalan dostlukly gatnaşyklary tutuş sebitdäki we dünýädäki oňyn hyzmatdaşlyga alyp gelýär. Goňşy Owganystan döwleti bilen ýola goýlan gatnaşyklar hem şeýle diýmäge doly esas berýär.

Iki döwleti — Türkmenistany we Owganystan Yslam Respublikasyny köki müňýyllyklara uzaýan taryh hem birleşdirýär. Bitewi taryhy kökler, meňzeş ruhy gymmatlyklar, iň esasy zat hem geljege niýetlenen maksatlaryň iki tarapa hem bähbitlidigi bellärlikli ýagdaý. Biziň aramyzda jebis dostlugyň, doganlygyň elmydama rowaç alandygyna we birek-birege ynamyň hem-de arkalaşygyň her zatdan üstündigine göz ýetirýäris. Milli Liderimiziň beýik başlangyçlary esasynda berkarar türkmen döwleti parahatçylyk söýüji we ynsanperwerlik ýörelgesi, dost-doganlyk ýüregi bilen dünýä çykýar. Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hem örän uly mümkinçiliklere eýedir.

Hormatly Prezidentimiz Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde türkmen serhedinden Owganystanyň Turgundy şäherine tarap täze demir ýoluň gurluşygyna badalga berdi. Türkmenistanyň Serhetabat bekedinden Owganystanyň Turgundy nokadyna çenli demir ýoluň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy bu bölegiň täzeden guruljakdygyny aňladýar. Bu iş tutuşlygyna Türkmenistanyň öz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylar.

Demir ýol wagonlarynyň goňşy ýurda tarap ugur almagy bilen Serhetabatdan Owganystanyň Turgundy şäherine tarap täze demir ýol ugrunyň gurluşygyna badalga berildi. Onuň ilkinji wagonynda owgan topragynda demir ýoly çekjek gurluşykçylar barýarlar. Olaryň yzýany bilen demir ýolda hereket edýän ýol gurujy maşynlar, ýük göterijiler, dürli tehnikalar we gurluşyk serişdeleri, relsşypally gözenekler we beýleki zerur serişdeler ýüklenen ulaglar barýar. Täze döwletara demir ýoluň gurluşygy üçin zerur bolan hemme ýükler ýüklenen demir ýol ulaglarynyň uzyn hatar bilen barýan düzümi jemi 42 sany wagondan hem-de demir ýol arabalaryndan ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde täze taslamany amala aşyrjak demir ýol pudagynyň zähmetkeşleri bilen hem söhbetdeş boldy.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen goňşy Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar has-da işjeň we netijeli tapgyra gadam basýar. Bu gatnaşyklaryň süňňünde — özeninde dost-doganlyk we birek-birege ynamlylyk ýatyr. Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda, ak pata bermegi ýola goýlan täze döwletara demir ýoly hem halkara derejesinde gazanylan syýasy üstünlikleriň biridir. Diňe bir iki döwletiň arasynda däl, eýsem ýurtlaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň hem has ilerlemegine bu demir ýoluň ähmiýetiniň uly boljakdygyna hiç şübhe ýok.

Şeýle taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde özara ykdysady we medeni gatnaşyklary ösdürmek arkaly bu iki döwlet köp zat gazanyp biler. Bilim, medeniýet, saglygy goraýyş babatda, şeýle hem ykdysady ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek bilen ösüşiň ýokary derejesine ýetiler.

Haýyr-sahawat berekede gönezlik, ynsanperwerlige maýa. Türkmen sahawaty we ynsanperwerligi bilen gurşalan goňşy döwletler türkmen halkyna dost-dogan diýip düşünýär. Mähriban Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ata-babalarymyzyň belent ynsanperwerlik we haýyr-sahawatlylyk ýol-ýörelgesinden ugur alyp, goňşy Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwer kömegini ugradýandygy hem munuň aýdyň mysalydyr.

Goňşy döwlete uzaýan täze demir ýoly Türkmenistan döwletimiziň we onuň milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň hoşniýetli goňşuçylyk, parahatsöýüjilik syýasatynyň ygtybarlydygyny, berkdigini we dowamlydygyny subut edýär.

“Nesil” gazeti,

02.12.2017ý.