Ynsan mertebesine mukaddeslik hökmünde garalýan ýerde, hormat-sarpasynyň ýyldyzlardan hem ýokarda görülýän ýerinde ähli işler ösmek, oňyn tarapa özgermek, ugrukmak bilen bolýar. Topragyň bereketi artýar. Ýüreklere giňlik we hözir ýaýylýar. Durmuş datly bolýar. Ynsan özüni sözüň doly manysynda bagtly duýýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri türkmen halkyny has ajaýyp eýýamlara, sapaly döwranlara ýetirdi. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha gowulaşýandygy, öwrenmek, döretmek, öndürmek, has täze belentliklere ymtylmak üçin ähli mümkinçilikleriň bardygy ykrar edilen hakykat. Ýurdumyzyň ähli ugurlardaky ösüşiniň we mümkinçilikleriniň ylmy beýany milli Liderimiziň halkymyza sowgat eden — “Ösüşiň täze belentliklerine tarap” atly täze kitabynyň nobatdaky — 10-njy tapgyrynda has aýdyň şöhlelenýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiwi tarapyndan çapa taýýarlanan bu kitapda milli Liderimiziň 2016-njy ýyldaky 100-e golaý işi — maksatnamalaýyn çykyşlary, makalalary, interwýulary, gutlag hatlary seneleýin yzygiderlilikde ýerleşdirilipdir.
Kitabyň başynda ýurdumyzyň giň gerimli we ynamly döredijilik gadamlary hakda söz açylýar, döwlet gurluşynyň kämilleşdirilişi, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynyň işjeňleşmegi, ykdysady kuwwatyň artmagy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy, daşary syýasatda gazanylan üstünlikler, jemgyýetiň ruhy durmuşyndaky özgertmeler statistiki maglumatlar bilen delillendirip, beýan edilýär.
Täze taryhy eýýamyň dünýä nusgalyk beýik işleri döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz alyp barýan köp gyraňly, önjeýli we netijeli işleriniň miwesidir. Hormatly Prezidentimiziň baý durmuş tejribesi, çuňňur ylmy aňyýeti, uzak geljegi nazarlap bilmek ukyby, ýokary iş başarjaňlygy, tutanýerlilik we jogapkärçilik ýaly beýik häsiýetleri ýurda ynamly ýolbaşçylyk etmäge, halkyň bitewüligini we jebisligini pugtalandyrmaga mümkinçilik berýär. Nobatdaky tomuň makalalary özgertmeleriň çuňlugyny, täzeçilligini şeýle hem milli Liderimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň ugruny, ynsanperwer özenini dolulygyna açyp görkezýär. Ýurdumyzyň senagat pudaklaryny innowasion taýdan durnukly ösdürmek, halk hojalygynyň bäsleşige ukyplylygynyň ýokary derejesini gazanmak üçin ýola goýan ykdysady syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilişi baradaky çykyşlary hem ýerleşdirilipdir. Ýangyç-energetika, agrosenagat toplumlarynda, ulag-üstaşyr we beýleki önümçilik ulgamlarynda, şeýle hem milletiň ahlak keşbini açyp görkezýän ruhy baýlygyny artdyrmak babatda alnyp barylýan beýik işler hakynda anyk maglumatlar we düşünjeler öz beýanyny tapýar. Täze neşirde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamlaryny kämilleşdirmegiň meselelerine hem düýpli garalyp geçilýär. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, «bilimli-sowatly ýaşlar, ýokary derejeli hünärmenler bolmasa, döwletiň hiç hili geljeginiň bolup bilmejekdigine biziň anyk düşünmegimiz zerurdyr».
Okyjylar kitapdan türkmen ylmy we onuň öňdebaryjy gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylyşy, ýurdumyzda ýokary derejeli hünärmen alymlaryň taýýarlanyşy barada gürrüň berýän materiallar bilen tanşyp bilerler. Milli medeniýetiň, teatr we aýdym-saz sungatynyň gülläp ösüşi hakyndaky gyzykly habarlara hem orun berlipdir. Döwletimiziň syýasy aýratynlyklarynyň bir ugry bolan bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukukly we özara peýdaly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine berk ygrarlylyga esaslanan daşary syýasatyň gazanan saldamly üstünlikleri hem beýan edilýär.
Kitap Berkarar döwletimiziň ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe gidýändigini, durmuş-ykdysady ösüşinde täze belentliklere ýetýändigini, ykdysady taýdan barha berkeýändigini anyk maglumatlar, degerli deliller bilen tassyklaýar. Gahryman Arkadagymyzyň bu kitaba girizilen eserleri syýasatşynaslyk, jemgyýeti öwreniş Türkmenistanyň täze taryhy üçin uly tejribeçilik ähmiýetlidir. Mundan başga-da kitap milli Liderimiziň alyp barýan syýasatyny wagyz-nesihat etmek, ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmeleri giňden beýan etmek, ýaş nesli watançylyk, zähmetsöýerlik, ýokary ahlaklylyk we jogapkärçilikli çemeleşmek ruhunda terbiýelemek üçin iňňän uly ähmiýete eýedir. 2016-njy ýylyň ähmiýetli wakalarynyň fotosuratlary bilen üsti ýetirilen neşir türkmen we rus dillerinde çap edildi. Häzir bu saldamly we çuňňur ähmiýetli neşiri iňlis dilinde çap etmek işleri alnyp barylýar.
“Nesil” gazeti,
28.11.2017ý.