Awtomobil sporty kämilleşdirilýär

Häzirki döwürde ýurdumyzyň awtomobil sportunyň öňünde uly mümkinçilikler açylýar. Hormatly Prezidentimiziň aýratyn üns bermegi netijesinde türkmen awtosportunyň maddy-enjamlaýyn binýady täzelendi hem-de giňeldildi. Ýaşlaryň sportuň şu görnüşi bilen köpçülikleýin meşgullanmagyny, sport awtoulaglaryny sürüjileriň we olaryň tälimçileriniň ussatlygynyň ýokarlanmagyny gazanmak maksady bilen «Volkicar», «Renault», «Mitsubishi Lancer», «Alfa Romeo» ýaly sport awtoulaglary IIM-niň garamagyndaky Awtosport merkeziniň ygtyýarlygyna gowşuryldy.

22-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde ýerleşýän Awtomobil sporty merkezine baryp, ýaryş awtoulaglaryny synlady.

Döwlet Baştutanymyz awtodromda täze gelip gowşan ýaryş awtoulaglarynyň birini sürüp, onuň hereketlendirijisiniň kuwwatyny, hereket çeýeligini, tizligi artdyrmak mümkinçiliklerini, çalt saklanmak, sürüji üçin amatlylyk şertlerini synagdan geçirdi.

Bu ýerde «nusgawy» we häzirki zaman düzümlerini: dürli görnüşli, şol sanda tizligi peseltmek üçin öwrümleri we beýlekileri özünde jemleýän halkaly ýoluň ýagdaýy bilen hem tanyşdy. Ýoluň derejesi bu ýerde iri halkara ýaryşlary geçirmäge hem mümkinçilik berýär. Milli Liderimiz tehniki zolagyň, howpsuzlyk ulgamlarynyň enjamlaşdyrylyşyna aýratyn üns berdi.

Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesi ýaşlarymyzyň müňlerçesini awtomobil sporty bilen yzygiderli meşgullanmaga ruhlandyrýar. Bu gün ýurdumyz sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrülýär, döwletimiziň goldaw bermegi bilen sport düzümleri giňeldilýär. 2018-nji ýyl hormatly Prezidentimiziň kitaby bilen adybir ýyl bolar. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz geljek ýylda Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen uzalyp gitjek häzirki zaman ýaryş awtoulaglarynyň halkara ýaryşlaryny guramak we geçirmek bilen bagly tekliplerini beýan edip, bu barada degişli ýolbaşçylara tabşyryk berdi. Şeýle hem Amuldan Hazara çenli geçiriljek awtoralli ýaryşynyň badalga we pellehana nokatlaryny kesgitläp, bu barada akyldar Magtymguly Pyragynyň «Jeýhun bilen Bahry-Hazar arasy...» diýen setirlerini ýatlady. Bu halkara derejeli sport çäresi «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynyň ady bilen bagly täsirli çäre bolar we daşary ýurtly myhmanlar üçin bedew bady bilen ösýän Türkmenistanyň bagtyýar durmuşyny synlamaga ajaýyp pursat bolar.

Türkmenistanyň eýýäm şeýle iri möçberli sport çäräni geçirmek başlangyjy bilen çykyş edendigini hem-de taslamanyň guramaçylarynyň biri hökmünde ony mynasyp durmuşa geçirmek bilen dünýä bileleşigine parahatçylyk dörediji ýurt hökmünde özüni ýene bir gezek görkezendigini bellemek gerek.

Russiýanyň we Gazagystanyň Liderleri tarapyndan goldanylan hormatly Prezidentimiziň «Ýüpek ýoly — 2009» ralli ýaryşyny geçirmek baradaky teklibi bu döwletleriň we doganlyk halklaryň okgunly ösýän gatnaşyklarynyň taryhyna aýdyň sahypa bolup ýazyldy. Şol ýaryşlarda türkmen topary «KAMAZ»-da çykyş edip, oňat netije görkezipdi.

Döwlet Baştutanymyzyň awtoulag sporty boýunça iri halkara ýaryşlary guramak baradaky başlangyjy bu ulgamda köp sanly gyzyklanma bildirýän taraplaryň çekilmeginde başlanan işleriň ilerlemegine uly itergi berer.

“Nesil” gazeti,

25.11.2017ý.