Ýüregimiziň örki Watan

 21-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Hormatly Prezidentimiziň bu iş güni Köpetdagyň gözel tebigatynyň we ol ýerdäki taryhy ýadygärlikleriniň gözelliklerini golaýdan synlamak bilen utgaşdy.

Ýurt Baştutanymyzyň dikuçary al howa göterilip, Köpetdagyň etegindäki serhet galalarynyň biriniň golaýynda gonandan soň, Belent Serkerdebaşymyzy ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz serhet galasynyň merkezi binasynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Harby we hukuk goraýjy edaralarynda alnyp barylýan işler, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ulgama gerekli hünärmenleri taýýarlamagyň döwrebap usullary hakyndaky meselelere seretmek şunuň ýaly döwlet maslahatlarynyň gün tertibini düzýär. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň, goranmak ministriniň hasabatyny diňländen soň, hormatly Prezidentimiz Bitaraplyk syýasatyny alyp barýan Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda ýurdumyzyň parahatçylygynyň we il-günümiziň abadan durmuşynyň goralmagynda bu ulgamyň öňünde durýan wezipeleri hakynda anyk tabşyryklar berdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde ýurdumyzyň beýleki harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary hem öz hasabatlary bilen çykyş etdiler. Hormatly Prezidentimiz her bir ulgamyň özüne degişli anyk işleriň alnyp barlyşyny seljerdi we olar bilen bagly degerli maslahatlar berdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi tamamlanandan soňra Belent Serkerdebaşymyz bu serhet galasynda işleriň guralyşy bilen ýakyndan tanyşdy. Hormatly Prezidentimiziň tanyşlygy Merkezi binadaky Maglumat merkezinden başlandy. Bu merkezde ýagdaýy gözegçilikde saklamak üçin niýetlenen iň täze enjamlar oturdylypdyr. Döwrebap tehnikalara erk edip bilýän ýaş serhetçiler ýurdumyzyň mukaddes serhediniň asudalygyna gije-gündiziň dowamynda wideoşekilli gözegçiligi alyp barýarlar.

Hormatly Prezidentimiz serhetçi esgerleriň ýatylýan otaglaryna, harby aşhana baryp gördi we ol ýerde döredilen şertler bilen içgin gyzyklandy. Milli goşunymyzyň şahsy düzüminiň hemişe taýýarlykly bolmagy hakyndaky talap Belent Serkerdebaşymyzyň üýtgewsiz talaby bolup durýar. Serhet galasyndaky sport meýdançalary we zallary bu ýerde ýokary harby sport taýýarlygyny geçirmegiň amatly şerti bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz serhetçi esgerleriň döredijiligi bilen hem tanyşdy. Olaryň arasynda surat çekmek, aýdym aýtmak bilen meşgul bolýanlary bar eken. Aýdymçy esgerler täze döreden aýdymlaryny hem aýdyp berdiler. Serhetçi esgerleriň joşgunly çykyşlaryndan soň hormatly Prezidentimiz olar bilen çaý başynda mesawy söhbetdeş boldy. Serhetçiler bu ýerde döredilen amatlyklaryň ýokarydygy hakynda buýsanç bilen aýtdylar. Ýaş esgerler bilen ýürekdeş söhbet edýän pursadyny synlanyňda Arkadag Prezidentimiziň çuňňur atalyk aladasy bilen gurşalyp, olara mähir berşine guwanýarsyň. Hormatly Prezidentimiz ýaşlara bolan ýokary ynamyny çuňňur yhlas bilen aýan edýär.

Ýokary amatlyklar bilen gurlan bu serhet galasynda ýaşaýyş üçin gerek bolan zerurlyklaryň ählisi döredilipdir. Olaryň hatarynda çagalar üçin oýun meýdançalary, zerur enjamlar bilen üpjün edilen lukmançylyk merkezi, şeýle hem serhetçileriň wepaly ýoldaşlary bolan tälim berlen gulluk itleri üçin ýöriteleşen jaýlar bar.

Belent Serkerdebaşymyz serhetçileriň ygtyýaryndaky döwrebap harby tehnikalary hem synlady. Watanymyzyň mukaddes serhedini goramakda döwletimiz tarapyndan serhetçileriň ygtyýaryna iň kämil harby tehnikalar berilýär. Söweşjeň-harby taýýarlygy güýçlendirýän duýdansyz okuwlar serhetçi esgerleriň we serkerdeleriň hüşgärligini, harby ussatlygyny ýokarlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň harby güýçlerinde Watan gullugynyň guralyşyny içgin synlandan soň ýene-de dikuçar bilen parahat asmanymyza göterilip, gojaman Köpetdagyň gözel derelerini synlady. Güýz paslynyň ajaýyp görnüşi göwün göteriji keşbe eýe bolupdyr.

Türkmenistan gadymy taryhy ýerlere juda baýdyr. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda elimize gowşan «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda hem şunuň ýaly taryhy ýadygärlik bolan Beýik Ýüpek ýoly hakynda juda gymmatly maglumatlar jemlenýär. Hormatly Prezidentimiz gadymy daş diňiň ýanynda durup, halkymyzyň taryhda görkezen gahrymançylyklary hakynda gyzykly söhbet açdy. Döwlet Baştutanymyzyň bu günki iş güni türkmen ýaşlary üçin ata Watanymyzyň mukaddes serhedini goramak hem onuň gözel tebigatyna aýawly çemeleşmek, taryhy gymmatlyklaryny öwrenmek bilen bagly gymmatly sapak boldy.

“Nesil” gazeti,

23.11.2017ý.