Türkmenistan sebitde we dünýäde ylalaşdyryjy, sebitleri köptaraplaýyn ösdürmekde we bähbitli hyzmatdaşlyklary pugtalandyrmakda tagallalary birleşdirmäge amatly şertleri dörediji ýurt hökmünde barha adygýar. Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgesi dünýäde we sebitde durnuklylygy we abadançylygy berkitmegiň usuly bolup hyzmat edýär. Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň alyp barýan hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan wakalaryň biri — Aşgabatda Owganystan boýunça sebit ykdysady hyzmatdaşlygynyň 7-nji maslahatynyň (REССA VII) geçirilmegi boldy.
Bu maslahata Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa, Amerika ýurtlaryndan, şeýle hem BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralaryndan we düzümlerinden, abraýly halkara we sebit guramalaryndan, iri bank maliýe edaralaryndan bolan wekiliýetler gatnaşdylar. Abadançylygyň we ösüşiň maksatlaryna eýerýän hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri maslahatyň gün tertibini düzdi.
Türkmenistan Bitaraplyk ýörelgelerine eýermek bilen Owganystanyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin BMG-niň howandarlygynda gepleşikleri geçirmek üçin Türkmenistanyň syýasy giňişligini hödürleýär. Türkmenistan goňşy ýurt hökmünde Owganystan bilen ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barýar. Döwletimiz Owganystanda durmuşy abadanlaşdyrmakda we gumanitar ugurlarda täzelikleri ornaşdyrmakda, elektrik energiýasyny bermekde tagallalaryny gaýgyrmaýar. Türkmenistany we Owganystany sebitara iri taslamalaryň birnäçesi hem birleşdirýär.
REССA VII maslahatynyň jemleri boýunça Aşgabat Jarnamasy biragyzdan kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Owganystan boýunça sebit ykdysady hyzmatdaşlygynyň 7-nji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Aşgabada gelen BMG-niň Söwda we ösüş boýunça edarasynyň (ÝUNKTAD) başlygy Muhis Kituýini kabul etdi. Myhman Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlyga ýokary baha berdi.
Geçen hepdede hormatly Prezidentimiziň geçiren wideoşekilli iş maslahatynda ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm wakalar ara alyp maslahatlaşyldy. Olaryň aglaba bölegi ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze desgalaryň gurluşygyna badalga bermek we gurluşyklary alyp barmagyň düzgünlerini tertipleşdirmek bilen bagly boldy. Şol maslahatda täze gurluşyklaryň birnäçesiniň hem meselelerine seredildi.
Hormatly Prezidentimiziň şol hepdäniň dowamynda Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, ajaýyp Melehan atly bedewe käbesi Ogulabat ejäniň ören alajasyny dakmagy we tohum it bolan alabaýy synlamagy döwlet Baştutanymyzyň türkmeniň gymmatlyklaryny sarpalaýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.
Ýurdumyzda sebit we halkara derejeli maslahatlar geçirilip durulýar. Olaryň biri hem Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda 2017 — 2019-njy ýyllarda başlyklyk etmeginiň çäklerinde Aşgabatda geçirilen ýene bir sebit duşuşygy boldy. Aýratyn mejlis hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň konsepsiýasynyň ýerine ýetirilişine bagyşlandy.
«Arçabil» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda UNFPA-nyň «2017-nji ýylda dünýäniň ilaty» atly ählumumy hasabatynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. 2030-njy ýylyň ählumumy gün tertibine laýyklykda, aýal-gyzlaryň saglygyny we hukuklaryny goramagyň meseleleri aýratyn orna eýe boldy.
Ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň özeninden gelip çykýan ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerilip, Eýran Yslam Respublikasynda bolan pajygaly ýer titremesi zerarly heläkçilik çekenlere niýetlenen ynsanperwerlik kömegini bermek bilen bagly Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýruga gol çekmegi ýakyn goňşy ýurduň halkynda kanagatlanma duýgularyny oýardy.
Geçen hepde ýurdumyzyň taryhynda ýakyn goňşular bilen gatnaşyklary has-da berkiden wakalara baý boldy. Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günlerinde ýaňlanan aýdym-sazlar dostlugy wasp etdi. Aşgabatda we Daşoguz şäherinde ýaýbaňlanan çäreler iki günläp dowam etdi.
Ýurdumyzyň sport durmuşynda bolup geçen wakalar hem bellenmäge mynasypdyr. Gazanylan ýeňişleriň içinde samboçy Gülbadam Babamuratowa Russiýanyň Soçi şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda altyn medaly gazanyp, ikinji gezek zenanlaryň arasynda Dünýä çempiony bolmagy başardy. Ýurdumyzyň adyna şan getirýän şeýle ýeňişler hut hormatly Prezidentimiz tarapyndan hem ýokary sylaglar bilen höweslendirilýär. Ýurdumyzda ýokary derejeli sporty ösdürmekde özüniň şahsy goşandyny goşýan türgen zenan Gülbadam Babamuratowa Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni we döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Abadançylygy we durnukly ösüşi nazarlaýan Türkmenistan ata Watanymyzda geçen hepde täze üstünlikleriň we hoşniýetli sebit gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň hepdesi boldy.
“Nesil” gazeti,
21.11.2017ý.