Wideoşekilli iş maslahaty

 13-nji noýabrda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň, hukuk goraýjy edaralaryň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň durmuşynda ýakyn geljek üçin meýilleşdirilýän işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Golaýlap gelýän şanly seneleri dabaraly bellemek hakyndaky meýilnamalara, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Aşgabat şäheriniň häkimi paýtagtymyzda gurluşyklaryň barşy, paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak işleri, golaýlap gelýän baýramçylyklary bellemek maksady bilen görülýän çäreler we ýakyn geljekde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary hakynda hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz taslamalar bilen tanşandan soň, olara birnäçe düzedişler girizip, paýtagtymyzda gurulýan binalaryň ähli babatda nusgalyk keşbe eýe bolmagy hakyndaky pikirini nygtady. Şonuň ýaly hem baýramçylyk çäreleriniň guramaçylygyna üns bermegi ýatlatdy.

Ahal welaýatynda işleriň alnyp barlyşy bilen tanyş bolandan soň, hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumynda işleriň sazlaşykly guralmagy, welaýaty bagy-bossanlyga büremek, oba hojalyk tehnikalaryny we suwaryş desgalaryny zerur ýagdaýda saklamak hakyndaky belliklerini aýtdy. Welaýatda Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlygy güýçlendirmek hakynda hem nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy we bu sebitde oba hojalyk tehnikalaryny we ekin meýdanlaryny gyş möwsümine göwnejaý taýýarlamak, ilatly nokatlaryň ýyladyş ulgamy, elektrik energiýasy we tebigy gaz bilen üpjünçiligine jogapkärli çemeleşmek hakynda tabşyryklar berdi. Welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyklaryň barşyna gözegçiligi güýçlendirmegiň zerurlygyny nygtady.

Daşoguz welaýatynda işleriň gidişi bilen tanyş bolan hormatly Prezidentimiz bu sebitde ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, görnüşlerini artdyrmak, ilatyň ýaşaýyş derejesini gowulandyrmak bilen bagly tabşyryklaryny beýan etdi. Türkmenistan rotasiýa şertlerinde 2017 — 2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk edýär. Şunuň bilen baglylykda welaýatda tebigaty goramak işlerini ýokary derejede guramak maksady bilen, Bötendag sebitinde ekilen baglara idegi güýçlendirmek we täzelerini oturtmak zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatynyň ýagdaýy bilen tanşyp, sebitde oba hojalyk ekinlerini gerekli dökün bilen üpjün etmek, şaly hasylyny ýygnamaklyga jogapkärçilikli çemeleşmek, gurluşyklaryň, hususan-da ýol-ulag düzümleriniň gurluşygynyň ýokary hilli bolmagyny gazanmak hakynda belliklerini aýtdy. Şeýle hem welaýatyň käbir etraplarynyň ýolbaşçylarynyň guramaçylyk meselelerine seretdi we degişli resminamalara gol çekdi.

Ýurdumyzyň Mary welaýatynda işleriň barşy bilen tanyş bolan hormatly Prezidentimiz welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek, gurluşyklaryň döwrebap talaplara laýyk bolmagy, ähli işlerde ýokary netijelilige eýe bolmak, ilatyň ýylylyk, elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen üpjünçiligine berk gözegçilik etmek hakynda anyk tabşyryklar berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň ýolbaşçylarynyň guramaçylyk meselelerine seretdi we degişli resminama gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylara alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw edip, olar bilen hoşlaşdy.

“Nesil” gazeti,

16.11.2017ý.

Meňzeş habarlar