Üstünliklere beslenen hepde

Diýarymyzyň durmuşynda bolup geçen wakalar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedew bady bilen öňe ilerleýän ýurdumyzyň kuwwatly ösüşlerine şaýatlyk etdi. Hormatly Prezidentimiz hepdäniň ilkinji gününde däp bolan wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Bu maslahata ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdy. Ýurdumyzyň durmuşyna degişli şu günlerki wajyp wezipeler bilen bagly meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz şeýle wezipeleri ýerine ýetirmek bilen bagly anyk tabşyryklary berdi.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatyna iş sapary bilen bardy. Hormatly Prezidentimiz welaýatda kemala getirilen syýahatçylyk toplumy bolan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan gurluşyklaryň birnäçesine baryp gördi. Häzirki wagtda bu ýerde iri gurluşyklaryň ikisi alnyp barylýar. Olar akwaparkyň we “Awaza” şypahanasynyň gurluşyklarydyr.

Hormatly Prezidentimiz bu gurluşyklaryň her birinde alnyp barylýan işler bilen içgin tanşyp, olar hakyndaky aýratyn belliklerini beýan etdi. Hususan-da «Awaza» şypahanasynda dörediljek mümkinçilikler bilen içgin gyzyklanyp, ol ýerde döwrebap bejeriş usullary bilen bilelikde dikeldiş häsiýetli sport türgenleşik desgalarynyň hem gurnalmagy hakyndaky belliklerini beýan etdi. Ýurdumyzy dünýä meşhur eden “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ilatynyň saglygyny goraýyş desgalarynyň gurulmagy guwandyryjydyr. “Awaza” şypahanasy hormatly Prezidentimiziň ildeşlerimiziň saglygyny goramak, sport we syýahatçylyk ulgamlarynyň işini utgaşykly sazlaşdyryp guramaga döredýän ýokary mümkinçiliginiň täze bir nyşany bolup kemala geler. Dynç almaga amatly bolan otaglaryň dürli görnüşleri bilen bilelikde ýaş çagaly maşgalalar üçin niýetlenen otaglar hem göz öňünde tutular. Toplumyň çäginde çuňlugy 600 metr bolan guýy — ýod-bromly bejeriş-mineral suw çeşmesi hem burawlandy. Deňiz suwuny şypahananyň çäklerine getirmek üçin hem çäre görüldi.

Ýurdumyzda ilkinji gezek gurulýan akwaparkyň gurluşygyny häzirki wagtda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gurluşykçylary alyp barýarlar. 6.2 gektar meýdana ýaýylyp gidýän bu gurluşyk tamam bolanda bu ýerde çagalar we ulular üçin suwly dynç alyş we oýun meýdançalarynyň onlarçasy kemala geler. Bu toplum “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen dynç alyş günlerini ýatdan çykmajak täsirlere beslär.

Hormatly Prezidentimiziň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ozalky bir sport desgasyna — “Awaza” sport toplumyna baryp görmegi sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmegiň aýdyň nusgasy boldy. Hormatly Prezidentimiziň welosiped sürmek bilen basketbol oýnuny utgaşdyryp, ussatlyk nusgasyny görkezmegi uly täsir galdyrdy. Soňra hormatly Prezidentimiz sport türgenleşik enjamlarynda öz egindeşleri bilen bilelikde dürli türgenleşikleri geçip, sportuň ynsan bedenini taplaýyş gymmatyny aýdyňlygy bilen görkezip, ýaşlar üçin nusgalyk görelde görkezdi. Hormatly Prezidentimiz şol günki iş gününi “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň çäklerinde welosipedli gezelenç etmek bilen utgaşdyranda egindeşleri hem bu göreldä eýerdiler. Bu gezelenjiň dowamynda döwlet Baştutanymyz syýahatçylyk zolagynda nusgalyk derejede ekologiýa arassaçylygyny üpjün etmek bilen bagly belliklerini hem beýan etdi.

Balkan welaýatynda alnyp barylýan strategik häsiýetli iri gurluşyklaryň biri Türkmenbaşy şäheriniň deňiz menziliniň gurluşygy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz welaýata bolan iş saparynyň çäklerinde bu gurluşygy ýerinde synlap, dünýä ülňülerine laýyk gelýän deňiz derwezesine bildirilýän talaplaryň ählisiniň berjaý edilmegi hakynda tabşyryklar berdi. Hususan-da Hazar deňziniň ekologiki ýagdaýyny gorap saklamak maksady bilen menziliň terminallary bioarassalaýjy enjamlar bilen üpjün ediler. Bu bolsa menziliň “Ýaşyl port” (Green port) halkara ölçeglerine laýyk gelmegini üpjün eder.

Ýükleriň dürli hilisini we adamlary gatnatmak mümkinçiliklerine eýe boljak bu menzilde işler döwrebap awtomatiki usullarda gurnalar. Menzil öz işine başlanda ol ýerde 2500 iş orny dörediler. Şeýle hem ýurdumyzyň migrasiýa gullugynyň ýörite edarasy hereket eder.

Hormatly Prezidentimiz bu gurluşygy alyp barýan Türkiýäniň “Çalyk Holding” kompaniýasynyň baştutany Ahmet Çalyk bilen hem duşuşyp, onuň ýurdumyzyň çäklerinde alyp barýan we meýilleşdirýän gurluşyklarynyň ýagdaýy bilen tanyşdy. Şol gün hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy.

10-njy noýabrda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Bu mejlisde hem ýurdumyzyň durmuşynda ýakynda bolup geçen wakalar we geljek üçin niýetlenýän meýilnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2017” atly XXII halkara maslahatynyň we pudaklaýyn sergide gazanylan üstünlikler, Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu ýylyň 7-10-njy noýabry aralygynda Saud Arabystany Patyşalygyna bolan iş saparynyň netijeleri hakynda hasabat berildi.

Geçen hepdede ýurdumyzyň bilim we sport ulgamynda gazanylan üstünlikleriň jemini jemleýän “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara sergi hem ulgamyň hünärmenlerini täze üstünlikleri nazarlamaga ruhlandyrdy. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda gazanylan sylaglaryň we bu sport baýramçylygynyň alawynyň sergide görkezilmegi ildeşlerimizi çäksiz begendirdi. Ýaşlaryň aglabasy üçin bolsa Aşgabadyň golf kluby bilen tanyşmak gyzykly boldy.

Hepdäniň jemini Hasyl toýy jemledi. Ýurdumyzyň edermen babadaýhanlarynyň ýylboýy çeken zähmetiniň rehnedi bolup ýygnalýan hasyl geljek ýylyň rysgal-berekedidir. Edermen daýhanlarymyz şu ýyl hem yhlas bilen zähmet çekip, pagtadan we bugdaýdan bol hasyl almagyň hötdesinden geldiler. Hormatly Prezidentimiziň daýhanlar üçin döredýän mümkinçilikleri olary ýene täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň daşyna jebisleşen halkymyz üçin geçen hepde işewürligiň, täze başlangyçlaryň we toý-baýramyň hepdesi boldy.

“Nesil” gazeti,

14.11.2017ý.

Meňzeş habarlar