Sebiti ösdürmegiň aýdyň maksatlary

 Hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenbaşy şäheriniň deňiz menziliniň gurluşygyna baryp gördi.

 9-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy şäherinde gurulýan deňiz menziline baryp gördi. Türkmenistanyň döwrebap logistika ulgamyny döretmek bilen bagly alyp barýan strategik syýasatynyň aýratyn bölegi bolup durýan deňiz menziliniň gurluşygynyň barşy bilen hormatly Prezidentimiz hemişe içgin gyzyklanýar.

Türkmenistanda üstaşyr-ulag mümkinçiligini durmuşa geçirmäge aýratyn üns berilýär. Deňiz, howa, demir ýol we awtomobil ýollarynyň sazlaşykly işleýän halkasynyň döredilmegi Ýewraziýa giňişliginde sebitara söwda-ykdysady aragatnaşyklary işjeňleşdirmegiň özboluşly açary bolup durýar.

Hazar deňziniň türkmen kenarynda gurulýan döwrebap menziliň Merkezi Aziýada esasy logistik halka öwrülmek mümkinçiligi bardyr. Bu iri taslamanyň gurluşygyny Türkiýäniň “Çalyk Holding” kompaniýasy alyp barýar. Taslamanyň juda iri göwrümliligi we desganyň özboluşlylygy göz öňünde tutulyp, işler ýokary derejede guralypdyr. Hormatly Prezidentimiz bu gurluşygyň tehniki maglumatlary we ol ýerde dörediljek iň döwrebap mümkinçilikler bilen tanyşdyryldy. Kuwwatlylyk mümkinçiligi ýylda 17- 18 million tonna ýüke barabar bolan menziliň gämi duralgasynyň uzynlygy 3 müň 800 metr bolar. Bu giňişligi emele getirmek üçin deňziň kenarynda diametri 1422 millimetr bolan polat paýalaryň jemi 2 müň 563-si demirbeton bilen guýlup berkidildi. Maglumatlar bu ýerde alnyp barylýan gurluşygyň ýokary inženerçilik talaplaryna gabat gelýän, özboluşly çylşyrymly gurluşykdygyndan habar berýär. Muňa garamazdan Türkmenistany ykdysady taýdan ösdürmegiň uzakmöhletleýin maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň düzüm bölegini kemala getirýän deňiz menziliniň gurluşygy doly depginde alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz işleriň gidişi bilen içgin tanşyp, “GAP Inşaat” potratçy kompaniýasynyň ýolbaşçysy hem-de deňiz menziliniň desgalarynda işläp ýören hünärmenler bilen söhbetdeş boldy. Hormatly Prezidentimiz bu gurluşygyň ýurdumyzyň ykdysadyýetinde örän uly ähmiýetiniň bardygy hakynda nygtap, bu menzilde 2500 sany iş orunlarynyň dörediljekdigini aýtdy. Türkmenbaşy şäheriniň deňiz menziliniň taslamasy “Ýaşyl port” (Green port) halkara ölçeglerine laýyklykda, daşky gurşawy goramagyň talaplaryna laýyklykda taýýarlanandyr. Şoňa laýyklykda deňziň ekologiýasyny gorap saklamak maksady bilen, her terminalda bioarassalaýjy enjamlar gurnalar.

Täze deňiz menziliniň gurluşyk işlerinde gazylyp alynýan toprak Türkmenbaşy şäheriniň ýakynynda deňiz aýlagynyň giňişliginde emeli adany döretmek üçin peýdalanylýar. Hazar deňzinde mesgen tutup, höwürtgeleýän täsin guşlaryň — gyzylinjikleriň, gazlaryň, guwlaryň, ördekleriň, hokgarlaryň, gotanlaryň we beýlekileriň gonalgasy bolar ýaly 170 gektar meýdana eýe bolan emeli ada döredilýär. Türkmenbaşy şäheriniň deňiz menziliniň gurluşygy bilen baglylykda alnyp barylýan şunuň ýaly toplumlaýyn işler hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ekologiýa ýagdaýynyň dünýä nusgalyk derejede saklanmagy ugrunda alyp barýan syýasatynyň aýdyň mysalydyr.

Hazar deňzinde gurulýan menziliň ýurdumyzdan üstaşyr ýükleri daşamakdan başga-da bähbitleri kändir. Mälim bolşy ýaly, bu menzilde diňe bir ýükler ýüklenilmän, eýsem raýatlaryň gatnawy üçin hem ýokary mümkinçilikler döredilýär. Bu bolsa biziň ýurdumyza deňiz üsti bilen gelmek isleýän myhmanlara giň ýol açar. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna gyzyklanma bildirýän syýahatçylar üçin hem ýene täze mümkinçilikler açylar.

Hormatly Prezidentimiz bu giň göwrümli we çylşyrymly gurluşyk işleriniň barşyny ýakyndan synlap, alnyp barylýan işleriň her biri hakynda öz belliklerini beýan etdi. Hususan-da gurluşyklaryň halkara talaplaryna laýyklykda alnyp barylmagy göz öňünde tutulan ykdysady maksatlary amala aşyrmagyň iň döwrebap enjamlaryň mümkinçiliklerine daýanmalydygy hakynda tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz bu iş saparynda menziliň gurluşygyny alyp barýan “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul edip, kompaniýalar toparynyň ýurdumyzda alyp barýan işleri hakynda söhbetdeş boldy. Işewür ýurdumyzyň welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilen himiýa senagatyna degişli bolan desgalaryň, şeýle hem 130 orunlyk ýanygy bejeriş hassahanasynyň taslamalary bilen tanyş etdi. Işewür Türkmenistanyň ykdysadyýetinde uly ähmiýeti bolan gurluşyklary alyp barýandygyndan juda kanagatlanýandygyny beýan edip, hormatly Prezidentimize öz hoşallygyny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy şäheriniň deňiz menzilinde alnyp barylýan gurluşygyň barşy bilen doly tanşandan soň, şäheriň Halkara howa menziline tarap ugrady. Döwlet Baştutanymyz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň çäginde ýerleşýän döwrebap awtoduralganyň ýanynda saklanyp, Balkan welaýatynyň häkimi, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň käbiriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, welaýatda alnyp barylmaly işler hakynda anyk tabşyryklar berdi. Hususan-da, döwrebap ulag ýollaryny gurmak, ýolagçylara edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak bilen bagly bellikler beýan edildi. Şonuň ýaly hem ýurdumyzyň Harby-Deňiz flotunyň we Harby-Deňiz institutynyň işiniň ýurdumyzyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilmegi hakynda aýratyn belledi.

Hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatyna iş saparynyň jemini jemläp, Türkmenbaşynyň Halkara howa menzilinden Aşgabada ugrady.

 Türkmenbaşy şäheriniň täze deňiz menzili

 SANLAR WE MAGLUMATLAR:

 Täze deňiz menziliniň geçirijilik mümkinçiligi ýylda 17-18 million tonna ýüke barabar bolan inedördül metrden gowrakdyr, gämi duralgasynyň uzynlygy 3 müň 800 metrdir.

Menziliň täze çäklerini döretmek üçin düşelen topragyň möçberi 5 million kub metre barabardyr. Gämileriň duralga gelmegi üçin düýbi çuňaltmak işlerinde gazylyp alynýan topragyň möçberi 8,8 million kub metrden köpräkdir.

Deňiz kenaryna diametri 1422 millimetr bolan polat paýalaryň jemi 2 müň 563-si urlup oturdyldy, olar demir beton bilen guýulýar.

Umumy uzynlygy 3,9 müň metrden gowrak bolan estakadaly aýrytlary bolan awtomobil ýollary hem-de 30 müň metre golaý demir ýollary bilen menzile ýükleri eltip we alyp gaýdyp bolar.

Awtomobil-ýolagçy parom terminaly 230 müň inedördül metr meýdany tutýar, bir wagtda onuň gämi duralgasyna birnäçe gämiler gelip biler. Ol ýylda 300 müň ýolagça we 75 müň treýlere hyzmat eder. Ýolagçy terminalynyň binasy 400 orna niýetlenendir, menziliň ýanynda myhmanhana, söwda we dynç alyş merkezlerini gurmak hem meýilleşdirilýär.

Bu ýerde häzirki zaman derejesinde migrasiýa we pasport gözegçiligi, beýleki zerur işleriň ählisine degişli ulgam dörediler. Bu düzümde işgärleriň 200-si işlär.

Ortaça ýyllyk kuwwaty 400 müň TEU barabar bolan konteýner terminaly 249 müň inedördül meýdany eýeleýär. Konteýner terminalynyň gämi duralgasynyň uzynlygy 510 metrdir, bu bolsa ýük ýükleýiş we düşüriş işlerini birbada jemi ýük göterijiligi 5 müň tonna bolan birnäçe gämilerde alyp barmaga mümkinçilik berer.

Türkmenbaşy şäheriniň deňiz menziliniň işi ýola goýlanda, bu ýerde 2500-den gowrak iş orunlary dörediler.

“Nesil” gazeti,

11.11.2017ý.

Meňzeş habarlar