Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýakyn geljekde guruljak binalaryň taslamasy bilen tanyşdy.
7-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz iş sapary bilen Balkan welaýatyna baryp, ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garady. Balkan welaýatynda hem ýurdumyzyň strategik ösüşine dahylly bolan gurluşyklaryň birnäçesi alnyp barylýar, şeýle hem bu welaýatyň çäklerinde aýratyn ähmiýetli desgalaryň birnäçesi hereket edýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy şeýle desgalaryň uly ähmiýetlileriniň biridir. Ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynyň kerwenbaşysyna öwrülen bu zolakda häzirki wagtda hem düýpli gurluşyklaryň birnäçesi alnyp barylýar.
Olaryň biri-de dynç alyş merkezli akwaparkyň gurluşygydyr. Hormatly Prezidentimiz bu iri desganyň gurluşygyny ýangyç-energetika toplumynyň garamagyndan aýryp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gurluşykçylaryna ynanypdy. Bu gurluşygyň gidýän ýerine gelen hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gurluşykçylary tarapyndan bina edilmegi meýilleşdirilýän taslamalaryň birnäçesi görkezildi. Döwlet Baştutanymyz bu taslamalar bilen içgin tanyşdy we olar bilen bagly öz belliklerini beýan etdi.
Akwaparkyň gurluşygynda häzirki wagta çenli edilen işler bilen tanşyp, hormatly Prezidentimiz bu desganyň ýurdumyzdan we dünýä ýüzünden geljek syýahatçylar we olaryň çagalary üçin dynç alşyň iň bir täsirli pursatlaryny bagyşlamalydygyny, bu ýerde gurulýan suwly oýun we dynç alyş enjamlarynyň adam saglygy üçin howpsuzlygynyň ilkinji talaplaryň biri bolmalydygyny belledi. Dynç almaga gelen maşgalalar bu ýerde emeli tolkunlar arkaly sýorfing bilen meşgullanyp bilerler, rafting sportunyň alamatlaryna eýe bolan akymy güýçli dag çeşmesi boýunça aşaklygyna inip gaýtmak ýaly ekstremal synanyşyklar bilen hem meşgullanyp bilerler. Akwapark adyndan belli bolşy ýaly, suwda döwrebap dynç almagyň dürli usullaryny özünde jemleýän giden bir toplumy kemala getirer.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda saglygy goraýyş bilen dynç alşy utgaşdyrýan şypahanalar ulgamyny barha kämilleşdirmekde täze meýilnamalaryň birnäçesini durmuşa geçirýär. Şolaryň biri-de «Awaza» şypahanasydyr. Bu şypahananyň gurluşygynda iň bir gyzgalaňly döwür dowam edýär. Nesip bolsa, geljek ýylyň tomsunda ilatymyzyň ulanmagyna doly taýýar edilmeli bu desganyň gurluşygynyň barşy bilen tanşanda döwlet Baştutanymyz bu ýerde ilatymyza hödürlenmegi göz öňünde tutulan mümkinçilikleriň ýokary derejede bolmalydygyny belledi. Ýaş çagaly maşgalalar üçin niýetlenen otaglaryň hem göz öňünde tutulmalydygy hakyndaky bellikleri bolsa ýaş maşgalalary goldamagyň ýene bir aýdyň mysaly boldy. Çünki Hazar deňziniň jana şypaly howasyndan dem almak, diňe bir uly ýaşly raýatlar üçin däl, eýsem ýurdumyzyň körpeje raýatlarynyň sagdyn ösüp-ulalmagy üçin hem wajypdyr. «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygary baýdak edinýän Arkadag Prezidentimiziň bu tabşyrygy hut şu nukdaýnazardan ugur alýar. Hormatly Prezidentimiz ýodly-bromly howadan dem almagyň ynsan saglygyna ýetirýän ägirt uly peýdasy hakynda hem nygtap belledi. Bu şypahanada saglygyny dikeldýän her bir ynsan şunuň ýaly mümkinçiliklere eýe bolup biler. Şypahana ulgamynda bar bolan döwrebap bejeriş usullarynyň giden bir toplumy bilen bilelikde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynda ylmy taýdan öwrenilip halkymyza hödürlenen bejeriş çaýlary hem hödür ediler. Fitobejeriş ýurdumyzyň şypahana ulgamynda üstünlikli ösdürilýän ugurlaryň biridir.
Hormatly Prezidentimiziň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna iş sapary başga-da birnäçe meseleler bilen bagly boldy. Hazaryň türkmen kenarynda ekologiýa arassalygyny saklamagyň syýahatçylyk zolagynda myhmanlar üçin döredilýän şertleriň ilkinjileriniň biri bolup durýanlygy bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz bu meseläni hiç wagt ünsden düşürmeli däldigini hem nygtady. Hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna iş sapary gazanyljak üstünlikleriň girewidir.
Hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýaty boýunça iş sapary
SANLAR WE MAGLUMATLAR:
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Hazarýaka sebitinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş merkezli akwaparkyň gurluşygy we özgertmeleriň barşy bilen tanyşdy.
Milli Liderimiziň garamagyna umumy meýdany 6,2 gektara barabar bolan tutuş toplumyň: suw süýjediji desganyň, myhmanlara niýetlenen iki gatly kottejleriň taslamalary, şol sanda 128 orunlyk 16 öýi ýerleşdirmegiň iki görnüşiniň hem-de 120 orunlyk 14 öýüň ýerleşdirilişiniň meýilnamasy, edara jaýyny gurmagyň mysaly, açyk hem-de üsti ýapyk sport we çagalar meýdançalaryny, sport hem-de emeli tolkunly çagalar üçin suw howuzlaryny, awtoduralgalary, emeli köli gurmagyň taslamalary hödürlendi.
Hormatly Prezidentimize paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy nobatdakysynyň meýilnamasyna laýyklykda, Aşgabatda bina etmek meýilleşdirilýän dürli desgalaryň taslamalary hödürlenildi. Olaryň hatarynda Görogly köçesiniň ugry boýunça 44 öýli jaýlar hem-de ýene-de bir kottejler toplumy bar. 6 otagly iki gatly kottejiň umumy meýdany 389,74 inedördül metrdir, ýaşaýyş otaglarynyň meýdany 167,08 inedördül metrdir. Ýanaşyk ýerleri bilen şeýle öýüň ýer böleginiň meýdany 900 inedördül metr meýdana barabar bolar. Onda awtoulag goýmaga ýer göz öňünde tutulandyr. Kottej görnüşli ýaşaýyş öýleriň beýlekisi üç gatlydyr. Olaryň iň ýokarky gatyny mansarda tutýar.
Döwlet Baştutanymyza paýtagtymyzyň günbatar böleginde gurluşyklary alyp barmagyň çäklerinde binalaryň 68-sinden we 54-sinden ybarat bolan 4 gatly ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat toplumlaryň çyzgylary görkezildi. Olaryň durmuş düzümleri bilen ugurdaş guruljak desgalaryň hataryna kiçi elektrik bekedi, mekdep, çagalar bagy, bazar, söwda merkezi, «Toý mekany», ýaşyl zolaklar we beýlekiler girer.
Milli Liderimiz Aşgabady ösdürmegiň 16-njy nobatdaky tapgyrynyň maksatnamasyny hem, ondaky taslamalaryň kottej we mellek görnüşli köp öýli hem-de özbaşdak ýaşaýyş öýli böleklere bölünmegini, umuman, makullady. Döwlet Baştutanymyz taslamalary düzüjileriň paýtagtymyzy şähergurluşyk taýdan ösdürmäge, onuň binagärlik keşbine täze tapawutly aýratynlyklary girizmäge döredijilikli çemeleşmelerine mynasyp baha berip, 16-njy nobatdaky tapgyryň maksatnamasyny has içgin işlemek babatda tabşyryklary berdi.
Häzirki wagtda döwrebap «Awaza» şypahanasynyň gurluşygynyň depgini günsaýyn ýokarlanýar, onuň düýbi geçen ýylyň maýynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda tutuldy. Täze şypahana «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Oguzhan şaýolunyň we Dostluk köçesiniň arasynda, «Daşoguz» sagaldyş we dynç alyş merkeziniň ýanynda bina edilýär. Ýokary halkara ölçeglerine kybap gelýän toplum birbada 200 adamy kabul etmäge niýetlenendir. 9 gatly özboluşly binagärlik keşbine eýe bolan ak mermerli binada iki orunlyk otaglaryň 96-sy hem-de lýuks otaglaryň 8-si göz öňünde tutuldy. Olarda syrkawlar üçin aňrybaşy amatly şertler dörediler.
“Nesil” gazeti,
09.11.2017ý.