Biziň ýurdumyz Günüň nurynyň iň bol düşýän ýerinde ýerleşýär. Şonuň üçin bolsa gerek, ýurdumyzda gök çaý içmek örän ýörgünli. Gök çaý iň peýdaly içgileriň biridir. Ol diňe bir argynlygyňy aýyrman, eýsem adam saglygy üçin hem melhemdir. Onuň işjeňligi gara çaýyňkydan üç esse ýokarydyr. Onuň düzüminde ýüzden gowrak himiki element bolup, bu içgi infarkt, insult başga-da bejermesi kyn bolan birnäçe kesellerden goraýar. Bu hakykat alymlar tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijesinde kesgitlenildi. Şeýle-de, gök çaýyň demlenenden soň, 15-20 minutdan demini alýanlygy, şondan soň içseň jana şypa berýändigi ylmy taýdan subut edildi. Şeýlelikde, gök çaý adamlary köp kesellerden goraýar diýip şübhelenmän aýdyp bolar. Adam birden sowuklap, gyzdyryp üşüdýän ýagdaýynda, käsä birki çaý çemçe ary balyny guyup içse, derçigip ýagdaýy gowulaşýar. Gahryman Arkadagymyzyň « Çaý -melhem hem ylham» atly kitabyny okanyňda, çaýyň ilkinji ýurdunyň Çyn –Maçyndygy, şeýle hem çaýyň Ýaponiýa, Gruziýa ýaly ýurtlarda ösdürilip ýetişdirilýändigi barada gyzykly maglumatlaryň bardygyna göz ýetirýärsiň. Çaýyň taýýarlanyşy barada-da kitapda giňden gürrüň edilýär. Çaýyň taýýarlanyşy dürli-dürli bolýar. Adamlar esasan, tüňçede gaýnadylan çaýdan uly lezzet alýarlar. Biziň tebigatymyzda bolsa daglygam bar, çöllügem, belentli-pesli sähraýy meýdanam. «Guşdyrnak» çaý türkmen üçin iň bir lezzetli içgidir. Yssy, gurak howada çaý suwsyzlygyňy gandyrýar. Çölde suw içmek bolmaýar. Bir tüňçe içersiň welin, saňa suw küýsetmeýär. Garagum sährasynda, meýdanda ojar odunyň howruna gaýnan tüňçä atymlyk gök çaý atyp, biraz demine goýsaň, ysyndanam, tagamyndanam doýup bolmaýar. Ol adama güýç-kuwwat, sabyr-kanagat berýär. Şonuň üçin tebigata ýöne ýerden kerem diýilmeýär. Onda sahy-sahawat, ynsan saglygyna melhemlik täsir, lezzetli şypa bar. Ana onsaň tebigata, açyk howa seýrana çykyp, lezzet bilen gök çaý içen adam hemişe ruhubelentdir, onuň süňňi sagatdyr, akyly durudyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikler» atly köp jiltli ensiklopedik kitabynda fitoçaýlar, ýagny türkmen topragynda bitýän ösümliklerden taýýarlanýan çaýlar barada gymmatly maglumatlar bar.
Narpyzly çaý. Çaýyň bu görnüşini taýýarlamak üçin bir atymlyk gök, ýada gara çaýa guradylyp owradylan bir çaý çemçesi narpyzy garmaly. Adaty narpyzdan tapawutlylykda ýabany narpyzyň ysy ýiti, ýapragy igdäniňki ýaly çal bolýar. Kükäp duran narpyzly çaý suwsyzlygyňy gandyrýar. Argynlygyňy aýyrýar. Bu çaýy erik kişdesi, kişmiş kakadylan alma, injir ýaly miweler bilen içmek has ýakymlydyr.
Mekgejöwen gulpagyndan çaý. Mekgejöweniň guradylan gulpagy bilen gök çaýy garyp demlemeli. Gowy demini alansoň, süzüp, günde üç wagtyna bal bilen garyp, nahardan ýarym sagat öň içmeli. Lukmançylykda mekgejöwen gulpagy öt ýörediji serişde hasaplanylýar. Şonuň üçin hem bu çaý bogundan we ötden ejir çekýänlere peýdalydyr.
Süýtli gara çaý.Ýurdumyzyň käbir künjeklerinde, aýratyn-da, Balkan, Daşoguz welaýatlarynda süýtli gara çaý içmek ýörgünlidir. Gaýnap duran çäýnege gara çaý atyp, 2-3 minut otdan aýyrmaly däl. Soňra şol çaýyň üstüne isleýşiňçe süýt guýmaly-da, haýal ýanýan otda süýdi gowy bişýänçä saklamaly. Çaý açyk kofe reňkine girensoň, taýýar bolýar. Bu çaýy şeker ýa-da gant bilen içseň, has hem lezzetli bolýar. Hawa, çaý toý saçaklarymyzyň bezegidir. Öýe myhman gelende hem onuň öňünde ilki bilen çaý goýulýar. Çaý nahardan soň, onuň habary alynýar. Çaý içişlik gyzdygyça, söhbetdeşlik hem dowam edýär. Türkmençilikde çaýyň soňy, ýagny iň süýji ýeri soňky damjasyna çenli sarkylyp, gelen myhmana guýulýar. Ol hem çaý içmek lezzetiniň bir görnüşi bolup, il içinde «Çaýyň soňy dostuňky» diýilýär.
Sülgün PIRIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Akdepe etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.