Mekdep partasynda okaýan okuwçy wagtymyz mugallymymyz sapagy düşündirerdi, soňam «kim-de sowal bar?» diýip sorardy. Hiç kimden ses çykmasa mugallymymyz «diýmek meniň gürrüň beren zatlaryma o diýen üns bermänsiňiz. Eger şu sapagy üns bilen diňlän bolanyňyzda iň bolmanda iki-üç sanyňyz sowal bermeli. Siziň ýaşyňyzda bermeli sowallaryňyz gaty kän bolmaly. Sebäbi çagalyk dünýäsiniň özi durşuna sowal ahyry» diýipdi. Ol döwür has ýaşyrak bolanymyzdanmy mugallymymyzyň «Sebäbi çagalyk dünýäsiniň özi durşuna sowal ahyry» diýen jümlesiniň manysyna düşünmändiris, ýa-da o diýen üns bermändiris. Haçan-da çagalykdan saýlanyp ýetginjeklige gadam goýup başlanymda öwrenmeli, bilmeli zatlarymyň gaty kändigini duýup başladym. Öwrenmek, bilmek üçin hem ussatdan, halypadan, ýaşy uly, zähmet we durmuş tejribeleri ýetik adamlardan köp zat soramaly bolýardy. «Syr ujuny syr açar» diýileni ýaly bir zada düşündim, öwrendim diýseň, öňünde ýene iki-üç sany öwrenmeli bilmeli zatlar keserip durýardy. Şonda şol mugallymyň «Siziň ýaşyňyzda bermeli sowallaryňyz gaty kän bolmaly. Sebäbi çagalyk dünýäsiniň özi durşuna sowal ahyry» diýen sözleri gulagymda ýaňlanan ýaly bolýardy. Kitap okamagy pişe edinip, şygryýet, çeper eserler dünýäsine aralaşyp başlanymda şahyr Gurbannazar Ezizowyň:
Hamala çagalyk geçmejek ýaly,
Çagalygyň kenarynda kän durdum.
Bu dünýe durşuna sowaldy maňa,
Şo sowallaň jogabyna näm berdim.
Ol şeýle kenardy, –
Beýik kenardy,
Alkymynda sorag Adasy bardy.
Aňyrysynda bolsa, başga bir beýik,
Başga bir giň kenar uzap gidýärdi.
diýen goşgusyny okanymda ýene-de biygtyýar halda şol mugallymymyzyň sözleri hakydamda aýlandy. Okap, öwrenip, aň ýetirip otursak adamzadyň iň bir bagtyýar döwri hasaplanýan çagalyk döwri dürli sowallara jogap agtarylyp, okamaga, öwrenmäge, kämilleşmäge ädilýän ilkinji ädimler ekeni.
Ýetginjeklik döwrümde aňymda berk möhürlenen bu pikir, şol mugallymymyzyň aýdan sözleri Türkmenabat şäherindäki mugallymçylyk institutynda okaýan talyp döwürlerimde maňa ýol görkezýän, bilim almaga, öwrenmäge höwes döredýän, ruhy itergi berýän şygara öwrüldi. Bilmedik zadyňy soramak, bilip, öwrenmek hem adamy kämillige ýol görkezýär. Dana pederlerimiziň «sorap bilen alym – sorap bilmedik özüne zalym» diýen atalar sözüni döretmekleri, miras galdyrmaklary hem ýöne ýerden däl bolsa gerek.
Häzirki wagtda orta mekdepde ýaşlara bilim berýän mugallym bolup zähmet çekip gelýärin. Her bir sapakda okuwçylaryma şol mugallymymyzyň aýdanlaryny gaýtalaýaryn. Çagalykdan ýetginjeklige, ýetginjeklikden kämillige tarap uzap gaýdan, şahyryň dilinde «çagalygyň kenary» diýlip atlandyrylýan şol kenarda (synp otagynda düzilişip) oturan çagalara okamaklygyň, bilim almaklygyň, öwrenmekligiň hiç wagt yzynyň üzülmeýändigini, adam oglunyň dünýäniň syrlaryny açmak, öwrenmek üçin elmydama gözlegde bolmalydygyny, ol gözlegleriň açarynyň hem sowal-jogaplar bilen açylýandygyny mugallymymyzyň hem-de şahyryň setirleri bilen düşündirmek hasam ýeňil düşýär. Halypalaryň ýoly, şahyrlaryň öwüt-nesihat temadaky goşgulary ýaş nesli watançylyk ruhda terbiýelemekde, bilim almaga, hünär öwrenmäge höwes döretmekde görelde mekdebi bolup durýar.
Nazar HANMEDOW,
Görogly etrabynyň 28-nji orta mekdebiniň mugallymy
Ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.