«Açyk gapylar» syýasaty dabaralanýan ýurdumyzda milli Liderimiziň parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlarynyň netijesinde geçen noýabr aýy uly üstünliklere beslendi. Her bir ministrlikde we edara-kärhanalarda halk bähbitli çäreleriň onlarçasy durmuşa geçirildi.
7-8-nji noýabrda paýtagtymyzyň iň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän «Ýyldyz» myhmanhanasy köp adamly boldy. Bu ýerde Merkezi we Günorta Aziýada sebit energetika hyzmatdaşlygy boýunça maksatlaýyn toparyň (RECA) 14-nji maslahaty geçirildi. Bu maslahata biziň ýurdumyzyň, şeýle hem Owganystanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy has pugtalandyrmagyň meselelerine bagyşlanan bu maslahata iri guramalar bolan — Halkara Energetika Hartiýasynyň, GDA-nyň, UCAID-iň wekilleri hem-de beýleki energetika kompaniýalarynyň işewürleri gatnaşdylar.
Noýabr aýynyň ikinji hepdesi aýratyn hem ýurdumyzyň bilim we sport ulgamyna degişli serginiň geçirilmegi bilen ýatda galyjy boldy. Sentýabr aýynda paýtagtymyzda bolup geçen, eziz Diýarymyzyň şan-şöhratyny arşa göteren «Aşgabat 2017-niň» täsirleri bilen ruhlanan ýaş nesiller 9-10-njy noýabrda Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde geçirilen halkara foruma köpçülikleýin gatnaşdylar. «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» diýlip atlandyrylan halkara sergä dünýäniň 30-a golaý döwletinden myhmanlar geldiler. Türkmen ýaşlaryna daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagyň ýollaryny we ugurlaryny salgy berýän bu serginiň ähmiýeti diýseň uly boldy. Diňe bir Aziýa sebitinde däl, eýsem tutuş dünýä ýüzünde sportuň ösýän ýurdy hökmünde tanalýan Türkmenistan döwletimiziň sport edaralarynyň köpsanly daşary ýurt guramalary bilen hyzmatdaşlygyna giň ýol açdy.
10-11-nji noýabrda türkmen wekilýeti Özbegistanda boldy. Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde BMG-niň «Merkezi Aziýa: bir geçmiş we umumy geljek, durnukly ösüşiň we özara abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk» diýen şygar astynda geçirilen Merkezi Aziýada howpsuzlygy üpjün etmek baradaky bu maslahat dünýä parahatçylygyny üpjün etmeklige bagyşlandy. Şeýle hem bu ýerde «Ýewropa bileleşigi — Merkezi Aziýa» görnüşindäki duşuşyk geçirilip, oňa Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleri gatnaşdylar. Maslahatda abraýly halkara guramalarynyň, diplomatik toplumlaryň wekilleriniň, halkara bilermenleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň bolmagy bolsa, duşuşygyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Maslahatyň çäklerinde GDA döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy hem guralyp, onda 2018 — 2019-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna gol çekildi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmeklige aýratyn üns berýär. Daşary ýurtlaryň döwletimizde bolup geçýän Medeniýet günleri barha rowaçlyklara beslenýär. Türkmenistan döwletimiziň daşary ýurtlarda geçirilýän Medeniýet günleri bolsa, halkymyzyň şan-şöhratyny artdyryp, at-abraýyny arşa galdyrýar. 10-13-nji noýabr aralygynda «Günüň dogýan ýurdy» diýlip atlandyrylýan Ýaponiýanyň Tokio we Tendo şäherlerinde bolan Türkmenistanyň Medeniýet günleri ýapon halkynda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Medeniýet günleriniň çäklerinde gurnalan sergi örän köp adamly boldy. Onda türkmen halkynyň milli şaý-sepleriniň, lybaslarynyň, nepis halylarymyzyň, neşir önümleriniň dürli görnüşleri görkezildi. Tokioda ýaňlanan türkmen aýdym-sazlary, kino muşdaklary üçin niýetlenen «Şükür bagşy» filmi halkymyzyň milli medeniýetiniň we sungatynyň aňrybaş derejesini äşgär etdi.
14-15-nji noýabrda paýtagtymyzda bolup geçen Owganystan boýunça sebit ykdysady hyzmatdaşlygynyň 7-nji maslahaty (RECCA VII) owgan meseleleriniň üstünlikli çözülmegine, bu ýurduň parahatçylykly ýol bilen täzeden dikeldilmegine bagyşlandy. Maslahatyň çäklerinde geçirilen Türkmenistanyň we Owganystanyň bilelikdäki sergisi, telekeçi zenanlaryň duşuşygy, işewürleriň özara maslahaty işjeňleriň işini ilerletdi.
16-njy noýabrda paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda BMG-niň ilat gaznasynyň «2017-nji ýylda dünýäniň ilaty» diýen Ählumumy hasabatynyň tanyşdyrylyşy boldy. Onda ilatyň saglygyny we zenanlaryň hukugyny goramaklyga aýratyn üns berildi. Onuň esasy ýörelgesi «Hiç kim unudylmaly däldir» diýen bähbitli ugra görnükdirilýär.
Noýabr aýynyň möhüm wakalarynyň biri 17-nji noýabrda bolup geçdi. Onda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynyň 55-nji umumy mejlisinde Türkmenistan döwletimiz tarapyndan başy başlanan «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň orny» diýen Kararnama biragyzdan kabul edildi.
Aýyň soňky ongünlügi hem baý many-mazmunly wakalary bilen ýatda galyjy boldy. 20-nji noýabrda Fransiýanyň paýtagty Parižde türkmen-fransuz syýasy geňeşmeleri geçirilse, 22-nji noýabrda Germaniýanyň Berlin şäherinde türkmen-german syýasy geňeşmeleri bolup geçdi. Geňeşmelerde syýasat, ykdysadyýet, ilat we daşky gurşawy goramak ugurlary bilen baglylykdaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýeri gelende şeýle geňeşmeleriň ähmiýetiniň uludygyny bellemek bilen, 13-nji noýabrda türkmen-malaýziýa, 29-njy noýabrda türkmen-belgiýa, 30-njy noýabrda bolsa, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Filippinler Respublikasy bilen syýasy geňeşmeleriniň geçirilendigini aýtmak gerek. Başy täze wakalar, forumlardyr çäreler bilen başlanan noýabryň soňy hem il bähbitli, ýurt ähmiýetli uly çäreleriň geçirilmegi bilen tamamlandy.
Oňa 27-nji noýabrda bolup geçen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2017» halkara maslahatyny we sergisini mysal getirmek bolar. Täsirli geçen sergi bu pudagyň janköýerlerini bir ýere jemledi. Sergi bilen utgaşyklykda geçen Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi bolsa, energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy düýpli pugtalandyrmaga bagyşlandy. Mejlise başlyklyk edýän Türkmenistan ýurdumyza dünýäniň 52 döwletinden wekiller geldiler. ABŞ, Angliýa, Şweýsariýa, Hytaý, Ýaponiýa, Eýran, Owganystan, Pakistan, Azerbaýjan, Gazagystan ýaly kuwwatly döwletleriň wekillerini bir ýere jemlän bu duşuşygyň netijeleri boýunça Halkara Energetika Hartiýasynyň Aşgabat Jarnamasy kabul edildi.
Jemläp aýdanymyzda, milli Liderimiziň başlangyçlary bilen ýörelgä öwrülen «Açyk gapylar» syýasaty noýabr aýynda aýdyň şöhlelendi.
“Nesil” gazeti,
09.12.2017ý.