GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» KITABYNDAN

Hawa, gum obalarynyň birinde maly çöle sygmaýan bir gurply adam bar eken. Ol gül ýaly durmuşda ýaşapdyr. Ýöne käteler ykbal duýdansyz ýerden synaga goýýar. Bir günem onuň ýeke perzendi derde sataşýar-da, düşege baglanyp ýatyberýär. Ýaňky baý näderini bilmän, öz töwereklerinde bir tebip bar bolsa, olary çagyrdyp getirdýär. Tebipler hassany gözden geçirýärler, oňa em edýärler. Oglan birbada gowulanan ýaly hem edýär-de, ýene öňki kaddyna gelýär. «Eý, Allam, munuň bir alajy tapylmazmyka?!» diýip, pikir eden baý näderini bilmän otyrka, oňa biri Lukman hekimi tapmagy maslahat berýär. Baý onuň maslahatyna begenýär. Tizara iň ýyndam atlaryny goşup, meşhur alymyň yzyndan adamlaryny ugradýar. Aradan birnäçe wagt geçýär. Oglanyň haly has agyrlaşýar. Adamlar: «Lukman hekim ýöne adam däl, ol hassany beýle ýagdaýda galdyrmaýar. Enşalla, Allanyň eradasy bilen ogluňyz dertden saplanar. Lukman Hekimiň eline düşen hassalar sagalyp, dünýä ýaňadan gaýdyp gelýärler» diýip, baýy köşeşdirýärler. Baýyň hem gözi ýolda diýýär. Ahyry günleriň birinde bularyň oýuna «şol meşhur lukman gelýärmiş» diýen habar ýaýraýar. Lukman gelenden, baý:

 – Eý, eli hikmetli, köňli rehimli ussatlaryň ussady! Sizi uzak ýola çykmaga mejbur edenimiz üçin ötünç soraýarys! Mende başga alaç galmady. Ýeke dikrarym dünýeden irişdesini üzüp, agyr hassa bolup ýatyr. Indi bar umydymyz sizde! Sizi Alla ýalkasyn, men mal-mülküň gaýgysyny edemok, dünýe malym siziňki, isleseňiz, bar malym il-halkyňky bolsun. Ýöne oglumyň aýak üstüne galmagyna kömek ediň! – diýip, çöküne düşüp özelenipdir.

Mertebeli lukman bolsa, hassanyň nirededigini sorapdyr. Soň onuň ýanynda esli eglenipdir-de, özüne birki sany kömekçi bermegi haýyş edipdir. Onuň aýdyşy ýaly, ýanyna kömekçi hemem olaryň daşyny gorar ýaly atlylary ýanlaryna goşupdyrlar. Olar çöle aýlanyp, seýrek duş gelýän ösümliklerden ýygnapdyrlar. Aradan köp wagt geçmänkä-de, dolanyp gelipdirler. Lukman Hekim otlardan melhem taýýarlapdyr-

da, şolardan oglana içiripdir. Şondan soň baýyň ogly ýuwaş-ýuwaşdan bäri bakmak bilen bolupdyr. Baýyň begenjinden gözüne ýaş aýlanypdyr. Ol lukmana minnetdarlygyny bildirmek isläpdir. Oňa baýlyk hödür edipdir. Lukman Hekim:

– Häzir bahar, soň tomus geler. Güýz gelerem welin çöl ösümlikleri dänelär. Dermanlyk ösümlikleri ýygmagyň hem öz aýratynlyklary we düzgünleri bardyr. Güýzde olaryň tohumy ýygnalýar. Siz maňa şonda ösümlik dänelerini we beýleki melhemlikleri ýygnamaga kömek etseňiz, şondan uly baýlyk bolmaz – diýipdir.

Soň obanyň adamlary her ýyl dünýä belli tebibiň öwredişi ýaly edip, ösümlikleri dermanlyk üçin ýygnapdyrlar. Ösümlikleriň dermanlyk ähmiýeti hakynda halk lukmançylygynda özleşdirilen tejribeler gadymyýetiň şeýle wakalarynyň mazmunyny baýlaşdyrýar.

Meňzeş habarlar