Zähmet adamda peýdaly endikleriň kemala gelmegi üçin derwaýysdyr. Alyn der saçylyp çekilen zähmetiň hözirini hiç zat bilen deňäp bolmaz. Zähmetsöýerlik adamyň häsiýetini hem terbiýeleýär diýilýär. Munuňam sebäbi zähmetiň adamyň öz-özüne erk etmegini terbiýeleýänligindedir. Zähmet çekmäge endik edip, munuň peýdasyna düşünen adam häsiýetine hem erk edip bilýär. Zähmetiň peýdasy halkymyzyň sanlara bolan garaýşynda – üçlüklerde, ýediliklerde hem öz beýanyny tapypdyr.
Şolardan käbirleri.
Ýagşy ýigit bolmagyň ýedi şerti:
1) Merdi-merdanalyk.
2) Gaýratlylyk.
3) Sadalyk-parasatlylyk.
4) Salyhatlylyk.
5) Zähmetsöýerlik.
6) Paýhaslylyk.
7) Namysjaňlyk.
Aşakdaky şu ýedi närsäni başaran kişi ýalňyşmazak bolar.
1) Ulusyny sylan;
2) Hetdini tanan;
3) Köp bilim alan;
4) Zähmeti söýen;
5) Il alkyşyny alan;
6) Märekede az sözlän;
7) Ejizi goldan.
Aşakdaky üç zat adamyň ömrüni uzaldýar:
1) Halal zähmet çekmek;
2) Köp ýatmazlyk;
3) Ýaramaz endiklerden daşda durmak.