KEŞDEÇILIK SUNGATY: MILLI MIRASYŇ BEZEGI

Keşdeçilik sungaty – türkmen halkynyň gadymy mirasynyň ajaýyp nusgalarynyň biridir. Ol diňe bir gündelik durmuşda peýdalanylman, eýsem halkyň döredijilik zehininiň, owadanlyga bolan söýgüsiniň we milli ýörelgeleriniň ýüze çykmasydyr. Her bir keşde – bir taryh, bir duýgy, bir ruhy baýlykdyr.

Türkmen halkynyň arasynda keşdeçilik gadymdan bäri giňden ýaýrapdyr. Gelin-gyzlaryň el hünäri hökmünde dowam eden bu sungat, ene-mamalarymyzdan gyzlara geçip, dowamatly däp-dessura öwrülipdir. Keşdeler esasan lybaslarda, öý hojalyk enjamlarynda, bezeglik nagyşlarda peýdalanylypdyr.

Keşde diňe bir bezeg däl, eýsem halkyň ruhy dünýäsi bilen baglanyşyklydyr. Keşde-de peýdalanylýan nagyşlar we reňkler maşgalanyň bereketini, şatlygyny, gowulygyny alamatlandyrýar. Gelinleriň, ýaşlaryň lybasyndaky keşde olaryň durmuşdaky ornuny, belent mertebesini görkezýär.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda «Öý şertlerinde tikin-çatyn işlerini ýerine ýetirmegi başarmak gelin-gyzlaryň görki-gelşigi, edep-ekramydyr. Asyllylygyň, başarjaňlygyň, maksada okgunlylygyň nyşanydyr. Gaýmany, keşdäni, göldür nagşy döredip, dünýäni haýran eden türkmen zenanynyň on barmagynyň gudratyndan kemal tapan çeper el işleri bolsa ýöne bir senet däldir, ol sungatdyr, kerem-keramatdyr!» diýip bellenilýär.

Hakykatdan-da häzirki döwürde keşdeçilik sungaty ýaşlaryň arasynda uly gyzyklanma döredýär. Türkmen keşdeçiligi bu günki gün milli medeni mirasy gorap saklamakda, ýaş nesillere terbiýe bermekde hem aýratyn ähmiýete eýedir. Döwlet derejesinde milliligi gorap saklamak maksady bilen ýörite çäreler, sergiler, bäsleşikler geçirilýär. Türkmen zenanlarynyň ellerinden çykan keşdeler diňe bir içerki bazarda däl, eýsem dünýäniň dürli ýurtlarynda hem uly gyzyklanma döredýär.

Keşdeçilik sungaty – milli mirasymyzyň baý hazynasy. Ol diňe bir geçmişimiziň däl, geljegimiziň hem ruhy binýadydyr. Bu sungaty ýaş nesillere öwretmek, ony ösdürmek we dünýä tanatmak – biziň mukaddes borjumyzdyr.

Näzik ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

18 Sentýabr 2025 | 46 okalan

KEŞDEÇILIK SUNGATY: MILLI MIRASYŇ BEZEGI

17 Sentýabr 2025 | 109 okalan

MEDENI MIRAS – HALKYŇ RUHY BAÝLYGY

16 Sentýabr 2025 | 101 okalan

TÜRKMEN MILLI ŞAÝ-SEPLERI