GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» KITABYNDAN

DOSTLUK – ASYLLY ÝÖRELGE

Dostluk asylly häsiýetleriň jemidir. Dostlar dosty üçin mähribanlyk, hoşgylawlyk edip, birek-biregiň iň gowy häsiýetleriniň ösmegine mümkinçilik döredip bilýän adamlardyr. Il-halkymyzyň paýhas hazynasynda dostluk barasynda çuň manyly tymsallar jemlenilipdir.

Dostluk iki adamyň arasynda bolanda, olaryň maşgalalarynyň agzybirligini berkidýär, döwletini artdyrýar, olaryň töweregindäkileriň hem hoşgylawlygyna we sylaşyklylygyna täsir edýär. Dostluk iki syrgynyň arasynda bolanda, şeýle dostluk goňşuçylyk kadalarynda mizemezlige öwrülýär. Netijede, tutuş obanyň adamlaryny ýakynlaşdyrýar, olaryň özara gadyrlylygyny artdyrýar. Iki obanyň arasyndaky dostluk, bu olaryň rysgalyna düýpli täsir edýändir. Sebäbi şeýle dostlukda adamkärçiligiň kada öwrülen ýörelgeleriniň hatyrasyna, köp ýagşy amallar berjaý ediler. Onuň netijesi obalaryň töweregindäki tebigatyň görnüşinden, iki obanyň adamlarynyň ylalaşykly, agzybirlikdäki zähmetinden aýdyň görünýändir.

Meňzeş habarlar