GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» KITABYNDAN

Myhmançylyk edebi barada «Kowusnamada» hem bellenilýär. Türkmençilikde myhmançylyk däp-dessurlarynyň esasy mazmuny myhman üçin amatly şertleri döretmekde jemlenendir. Häzirki döwürde ýurdumyzda bina edilen täze myhmanhanalarda adamlaryň özlerini öýlerinde ýaly arkaýyn duýmaklary üçin degerli şertler üpjün edilendir. Olar halkymyzyň myhmansöýerlik edebine doly laýyk gurlandyr diýip ynamly aýdyp bolar. «Toýpaýy», «myhmanpaýy» diýen düşünjeler hem durmuş ulgamyna doly ornaşdyrylan milli dessurlarymyzdyr. Toýdan «toýpaýy» almak toý eýesine duýgudaşlygyňy we toýlaryň ýene toýlara ulaşmagynyň dileg edilmegini aňladýar. Ýagşy umyt edilip, «toýpaýyny» ýaşuly, ýaşkiçi adamlar hem maňlaýyna sylyp alýarlar. Soň «toýpaýy» alnan ýaglygy ýagşy yrym edip, öz maşgala agzalaryna, ýakyn adamlaryna, olara toýly günleriniň, maşgala baýramçylyklarynyň bolmagyny arzuw edip, sowgat berilýän halatlary-da bolýar.

«Myhmanpaýy» – myhman gelmeginiň – öýe rysgal gelmeginiň arzuwlaryny aňladýar. Her bir türkmen zenany öýünde tagam taýýarlanda, ýagşy yrym üçin myhmanyň paýyny hem unutmaýar. Myhman gelmese, ol paý goňşa dadyrylýar. Käteler myhmanpaýy hem goňşokara diýlip, bir-iki goşawuç tüwi artyk atylýar. Bu türkmençilik kadasynda ymykly ornan ýörelgelerimizdir. Myhman kabul etmek däpleri milli medeniýetimiziň aýratyn taraplarynyň biri bolup durýar.

Meňzeş habarlar