Ajaýyp ylmy we edebi eserleri bilen adygan türkmen alymlarynyň biri Ibrahim as-Sulydan «Ynsanyň ýagşy gylyklydygyny neneňsi bilip bolýar?» diýip sorapdyrlar. Alym: «Bir adamyň wepalylygyny, sözünde tapylýandygyny, ýagşy gylyk-häsiýetlidigini, aslynyň arassa, zannynyň päkdigini bilmek isleseň, onuň Watanyny küýseýişine, Watana bolan söýgüsine seret. Eger ol adam dogan-garyndaşlaryny göresi gelýän bolsa, ata-babalarynyň geçmişine buýsanýan bolsa, onda bilgin, ol adam hakyky wepaly, kerem-ahlakly adamdyr» diýip, jogap beripdir. «Dogduk mekanyňa bolan söýgiň aslyň päkligine delil» diýip, sözüniň üstüni ýetiripdir.
Rahmet GYLYJOW,
«Halallyk kyssalary» atly kitabyndan.