BEDEW WASPY DILLERDE

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşi türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Gubadag şäher medeniýet merkezinde «Çawy ýaýran illerde, bedew waspy dillerde» atly şygar astynda aýdym-sazly baýramçylyk çäresini geçirdi. Baýramçylyk dabara Gubadag şäher medeniýet merkeziniň medeniýet we sungat ussatlarynyň hormatly Prezidentimizi, ata Watanymyzy, ýelden ýyndam behişdi bedewlerimizi wasp edýän şirin owazly aýdymlary, folklor çykyşlary, joşgunly tanslary bu ýere ýygnanan adamlaryň göwün guşuny ganatlandyrdy. Baýramçylyk mynasybetli gurnalan ýaş suratkeşleriň atçylyk sungatyna degişli çeken surat sergileri çärä gatnaşanlarda gyzyklanma döredip, dabara özboluşly bezeg berdi.

Aýdym-sazly çärede halkymyzyň asuda, parahat, eşretli, sagdyn durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özüniň çäksiz hoşallygyny uly buýsanç bilen aýtdylar.

Çary SAPAROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Boldumsaz etrap Geňeşiniň Gubadag

şäher bölümçesiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 272 okalan

PARAHAT ÝURDUŇ BAGTLY PERZENTLERI

14 Iýul 2025 | 271 okalan

DILLERDE DESSAN WATANYM

14 Iýul 2025 | 272 okalan

KIM ÇALASYN, KIM ÇAKGAN