ÇEKELEŞIKLI GEÇEN SPORT ÝARYŞY

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrap Geňeşi, Ruhubelent etrabynyň 1-nji sport mekdebinde «Türkmenistan Halkara ýaryşlaryň geçirilýän ýurdy» atly şygar astynda sportuň ýüp çekmek görnüşi boýunça sport ýaryşyny geçirdi. Oňa etrapdaky orta mekdeplerden okuwçy ýaşlar gatnaşdy.

Mekdep okuwçylarynyň boş wagtlaryny netijeli geçirmegini, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegini gazanmak we olary sporta giňden çekmek maksady bilen geçirilen ýaryşda güýçli toparlar öňe saýlandy. Şeýlelikde, «Berkarar» topary 1-nji orna «Zähmet topary» 2-nji orna mynasyp bolup, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrap Geňeşi tarapyndan hormat haty bilen sylaglandylar.

Gylyç GYLYJOW

Ruhubelent etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy

TMÝG-niň Ruhubelent etrap Geňeşiniň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 272 okalan

PARAHAT ÝURDUŇ BAGTLY PERZENTLERI

14 Iýul 2025 | 271 okalan

DILLERDE DESSAN WATANYM

14 Iýul 2025 | 272 okalan

KIM ÇALASYN, KIM ÇAKGAN