Golaýda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi, etrabyň bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda etrapdaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 50-nji orta mekdebinde etrabymyzda hereket edýän Ilkinji Ýaşlar guramalarynyň başlyklarynyň we işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda «Bitaraplyk parahatçylygyň senasy» atly maslahat geçirildi. Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli we çuňňur paýhasy bilen öňe sürlen halkara başlangyçlarynyň dünýäde gyzgyn goldawa eýe bolýandygy barada gürrüň edildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň saýasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň halkara derejesinde belleniljekdigi, Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 3-nji gezek ykrar edilendigi dogrusynda täsirli çykyşlar edildi.
Altyn ATAKOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.