SPORT – SAGDYNLYGA WE ÜSTÜNLIGE ÝOL

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap Geňeşi, etrabyň bilim bölümi we etrabyň 403-nji harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlygy bölümi bilen bilelikde Şabat etrabynyň 1-nji sport desgasynda mekdep okuwçylarynyň ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri boýunça bilimlerini kämilleşdirmek, olaryň ýangyn howpsuzlygyna garşy raýatlyk borçlary boýunça düşünjelerini artdyrmak maksady bilen “Sport – sagdynlyga we üstünlige ýol” atly sport bäsleşigini geçirdi. Bäsleşige etrabyň 1-nji, 3-nji, 4-nji, 5-nji, 6-njy, 26-njy hem-de 45-nji orta mekdeplerinden ýokary synp okuwçy oglanlar gatnaşdy. Bäsleşige gatnaşyjylar sportuň birnäçe görnüşleri boýunça bäsleşdiler. Gyzgalaňly we çekeleşikli geçen bäsleşikde okuwçylar özleriniň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezip, bir-birinden tapawutlanmagy başardylar. Öňe saýlanan okuwçylara bolsa TMÝG-niň ýerli etrap Geňeşi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

Soltanmyrat ALLABERENOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Şabat etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 272 okalan

PARAHAT ÝURDUŇ BAGTLY PERZENTLERI

14 Iýul 2025 | 271 okalan

DILLERDE DESSAN WATANYM

14 Iýul 2025 | 272 okalan

KIM ÇALASYN, KIM ÇAKGAN