Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşi etrabyň 57-nji orta mekdebinde hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli hem-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny wagyz etmek maksady bilen “Türkmeniň Bitaraplyk ýoly-dünýä nusgalyk ýörelge” atly şygar astynda duşuşyk çäresini geçirdi. Oňa etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri, edara-kärhanalarda zähmet çekýän öňdebaryjy işgärler, il sylagly ýaşulular we mährem eneler gatnaşdy.
Duşuşykda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän aýdyň içeri hem-de daşary syýasat ugurlary esasynda türkmen we halkara jemgyýetçiligi üçin uly ähmiýeti bolan möhüm wakalara beslenýändigini, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň indi taryhda üçünji gezek kabul edilmegi aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýän möhüm syýasy waka bolandygyny, üstümizdäki ýylda Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 30 ýyllyk şanly senesini uly toý dabaralaryna, halkara derejeli çärelere besläp bellemek üçin ýokary depginli işler alnyp barylýandygyny uly buýsanç bilen aýdyp, döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk ýol-ýörelgelerini yzygiderli ösdürýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, döwletli başlangyçlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Parahat SABIROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Boldumsaz etrap Geňeşiniň Gubadag şäher
bölümçesiniň baş hünärmeni.