WAGYZ-NESIHAT ÝYGNAGY GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi, etrabyň bilim bölümi bilen bilelikde etrapdaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 50-nji orta mekdebinde “Bilim-üstünlige alyp barýan ýollaryň badalgasydyr” atly wagyz-nesihat ýygnagyny geçirdi. Okuwçy ýaşlaryň  bilim almaklyga bolan höweslerini hasam artdyrmak, dürli ugurlar boýunça zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, döwlet derejesinde yglan edilýän bäsleşiklere okuwçy ýaşlaryň işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak maksady bilen geçirilen wagyz-nesihat ýygnagyna mekdebiň ýokary synp okuwçylary gatnaşdy. Wagyz-nesihat ýygnagynda çykyş edenler okuwçy ýaşlara ýurdumyzda ýaşlaryň okamaklary üçin döredilip berilýän giň mümkinçilikler, ýurdumyzyň ozaldan hereket edýän we täze açylyp ulanylmaga berilýän ýokary okuw jaýlarynyň orta mekdepler bilen bilelikde geçirýän dürli ugurlar boýunça bäsleşiklere işjeň gatnaşmak, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýaşlaryň bilim almaklary üçin döredilip berilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, geljekde ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşjak kämil ýaşlar bolup ýetişmekleri dogrusynda täsirli gürrüňler etdiler.

Begenç GARAMURADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 272 okalan

PARAHAT ÝURDUŇ BAGTLY PERZENTLERI

14 Iýul 2025 | 271 okalan

DILLERDE DESSAN WATANYM

14 Iýul 2025 | 272 okalan

KIM ÇALASYN, KIM ÇAKGAN