GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň Medeni seýilgäh toplumynda “Ýaşlar parahatçylygyň sütüni” ady bilen gezelenç çäresi geçirildi.

Geçirilen bu çärede institutyň talyp ýaşlar, mugallymlary hem-de ýaşlar guramasynyň işgärleri gatnaşyp bu ýerde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýilip atlandyrylmagynyň ähmiýetini, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny hem-de BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji umumy mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň kabul edilmegi barada şeýle-de dost – doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekdäki ähmiýeti dogrusynda gyzykly söhbetler edildi.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşan talyp ýaşlar döredilip berilýän şertler we mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Gülälek BAÝRAMALYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş

bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Iýul 2025 | 24 okalan

SAGDYN NESIL — SAGDYN JEMGYÝET

16 Iýul 2025 | 112 okalan

SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

16 Iýul 2025 | 41 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI