TÜRKMEN SAZY PARAHATÇYLYGYŇ ILÇISI

Bäş müň ýyllyk taryha eýe bolan türkmen halkymyz asyrlaryň dowamynda öz döreden milli ýörelgeleri, aýdym-sazy, medeniýeti we sungaty bilen dünýä ýüzünde parahatçylykly gatnaşyklary ýöredip gelen halkdyr. Munuň şeýledigini bolsa nusgawy edebiýatymyza göz aýlanymyzda-da, XX asyr türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň döreden çeper eserlerini, goşgularyny okanymyzda-da, halk aýdym-sazlarymyzy diňlänimizde-de has aýdyň göz ýetirmek bolýar.

XX asyrda ýaşap geçen, gysga döwürde ajaýyp powestdir hekaýalary döredip, miras galdyryp giden ýazyjylaryň biri hem Nurmyrat Saryhanowdyr. Ýazyjynyň halk arasynda söýlüp okalýan eserleriniň biri hem «Şükür bagşy» powestidir. «Şükür bagşy» powesti türkmen halkynyň özbaşdak döwleti ýok döwründe, tire-taýpalaryň dagynyk bolup ýaşaýan döwründe öz sazy bilen halkyň hormat sylagyna mynasyp bolan Şükür atly sazandanyň durmuşynda bolup geçen bir waka esasynda ýazylyp, bu eser esasynda kinofilm hem surata düşürildi. Eserde agasynyň alyp beren dutaryny hemra edinip, ömrüni toý-märekelerde saz çalmak bilen geçirip gelýän, halk arasynda «Şükür bagşy» ady bilen tanalýan sazanda ýigidiň goýun bakýan çopan agasy goňşuçylykda ýerleşýän Eýran döwletiniň bir etrabynyň alamançylary tarapyndan ýesir edilip alnyp gidilmegi we onuň halas edilişi baradaky wakalar çeperlik bilen beýan edilýär. Öz sazandalaryna uly hormat goýýan obadaşlary maslahat çagyryp, Şükürüň agasyny halas etmekligiň ýollaryny agtarýarlar. Saýlama ýigitler bilen atlanyp, hanyň zyndanyna çozmak, mal-dünýä bilen satyn almak ýaly pikirler orta atylýar. Eseriň şu ýerleri hem halkymyzyň aýdym-saza, bagşy-sazandalara ýokary derejede hormat goýandygyndan habar berýär.

Obadaşlaryny diňlän Şükür bagşy köp oýlanyp, bütinleý bir başga ýoly saýlap alýar. Ol agasyny öz dutary bilen, türkmen sazynyň gudraty bilen halas etmekligi ýüregine düwýär. Onuň bu ýoluny oňlamadyklar hem tapylýar. Ýöne ýüregine berk maksat düwen Şükür bagşy atyna atlanyp, dutaryny egnine asyp, ýeke özi ýola düşýär. Eýran döwletiniň goňşuçylykda ýerleşýän etrabynyň hanyna öz maksadyny göni aýdýar. Birbada Şüküre göwni ýetmedik han ony öz bagşysy bilen ýaryşmaga çagyrýar. Ähli zady parahatçylyk ýoly bilen çözmekligi ýüregine berk düwen Şükür bagşy öz ussatlygy bilen hanyň bagşysyny ýeňmegi başarýar. Eseriň jemlemesinde bolsa han bagşysy Gulam bagşy bilen Şükür bagşynyň bilelikde çalan sazlary bolsa iki goňşy halkyň arasyndaky parahatçylykly gatnaşyklaryň berkemeginde sazyň ägirt uly gudratdygyny, parahatçylygyň ilçisidigini buşlaýan mukam bolup ýaňlanýar.

Eserde çeperlik bilen beýan edilen wakalar halkymyzyň irki döwürlerde hem goňşy halklar bilen parahatsöýüjilikli gatnaşyklary ýola goýmakda ähli tagallalary gaýgyrmandygyny görkezýär. Türkmen sazynyň at-abraýyny belende galdyran Şükür bagşynyň döreden mukamlary bu günki günde Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde onuň şägirtleri tarapyndan dost-doganlyk parahatçylyk sazy bolup belentden ýaňlanýar.

Selbi TÄJIMYRADOWA,

Görogly etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen

65-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar