Ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlygynda çagalaryň arasynda yglan edilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy” atly döredijilik bäsleşiginiň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap tapgyry geçirildi. Döredijilik bäsleşigi mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän körpeleriň hem-de umumybilim berýän orta mekdeplerinde bilim alýan okuwçylaryň arasynda surat çekmek we amaly haşam sungaty, aýdym-saz we tans sungaty hem-de türkmen milli oýunlary ýaly üç ugur boýunça geçirildi. Çagalar parahatçylygy, bagtyýar çagalygy, ýurdumyzyň, Arkadag şäherimiziň gözelliklerini, bedew atlarymyzy, gözel tebigatymyzy wasp edýän suratlary çekmek hem-de amaly haşam sungatynyň eserlerini döretmek, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşlerini, parahatçylygy we dost-doganlygy, bagtyýar çagalygy şirin aýdym-sazlarda wasp etmek, saz gurallaryna ezberlik bilen erk edip, ukyp-başarnyklaryny görkezmek hem-de dürli tanslary ýerine ýetirmek, “çeke-çeke”, bäş daş, “agsak durna”, aşyk oýny, “ýüzük bukdy”, “düzzüm”, “ýaglyga towusmak” ýaly türkmen milli oýunlary boýunça özara bäsleşdiler. Bäsleşikde baýrakly orunlara mynasyp bolan çagalar onuň şäher tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşan çagalar döredilip berilýän şeýle giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.
Gülnara GURBANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Büzmeýin etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.