“HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY: ÇAGALARYŇ GÖZÝETIMI, DÜNÝÄGARAÝŞY” ATLY BÄSLEŞIGIŇ ETRAP TAPGYRY GEÇIRILDI

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy” atly bäsleşigiň Berkararlyk etrap tapgyry geçirildi. Çagalaryň  sungat älemindäki zehinlerini ýüze çykarmagy, döredijilik ukyplaryny we bilimlerini kämilleşdirmägi maksat edinýän bäsleşigiň şatlyk-şowhuny degre-daşy gurşap aldy. Çagalar parahatçylygy, bagtyýar çagalygy, ýurdumyzyň hem-de Arkadag şäherimiziň gözelliklerini, bedew atlarymyzy, gözel tebigatymyzy wasp edýän suratlary çekmek hem-de amaly haşam sungatynyň eserlerini döretmek boýunça bäsleşdiler. Soňra Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşlerini, parahatçylygy we dost-doganlygy, bagtyýar çagalygy şirin aýdym-sazlarynda wasp edip, dürli saz gurallary çalmakda başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň soňky şerti boýunça çagalar türkmen milli oýunlary “Çeke-çeke”, “Bäş daş”, “Agsak durna”, “Aşyk oýny”, “Ýüzük bukdy”, “Düzzüm”, “Ýaglyga towusmak” ýaly milli oýunlary oýnamakda bäsleşdiler. Etrap tapgyrda ýeňiji bolanlar bäsleşigiň Arkadag şäherinde geçiriljek şäher  tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Ogulgurban SAPARDURDYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Berkararlyk etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Iýul 2025 | 24 okalan

SAGDYN NESIL — SAGDYN JEMGYÝET

16 Iýul 2025 | 112 okalan

SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

16 Iýul 2025 | 41 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI