Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň guramagynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärä Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde zähmet çekýän lukmanlar, ýaş hünärmenler hem-de myhmanlar gatnaşdylar. Çykyşlarda ýurdumyzdaky bolup geçýän syýasy wakalara, hukuk goraýjy edaralar tarapyndan alnyp barylýan işlere hem-de zyýanly endiklere aýratyn orun berildi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Rustem HOJANEPESOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.