Eziz Watanymyzda amala aşyrylýan tutumly işler dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, ygtybarly gatnaşyklarda öz beýanyny tapýar. Halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryň çuňlaşmagy bolsa ýurdumyzyň ösüşlerden-ösüşlere ugur alan gadamlaryna täze bat berýär.
Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ikitaraplaýyn birnäçe ulgamlar boýunça resminamalara gol çekildi. Şol sanda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Özbegistanyň Ýaşlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu bolsa geljekde türkmen-özbek ýaşlarynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge uly itergi berer.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýaşlaryň durmuşy bilen hem gönüden-göni bagly bolup durýar. Ýurduň geljegi bolan ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin döredilýän mümkinçilikler uly gerime eýe bolýar. Ýurduň ýaş nesliniň wekilleri hökmünde döwrümize bolan buýsanjymyzy goşalandyran şeýle işler bolsa ata Watanymyza bolan söýgimizi we zähmet çekmäge bolan yhlasymyzy artdyrýar.
Gahryman Arkadagymyza alyp barýan dünýä nusgalyk işlerihem-de ýurdumyzda Ýaşlar syýasatyny pugtalandyrmakda döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys!
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.
“Nesil” gazeti,
26.04.2018ý.