Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen atlarynyň sarpasy has-da belende göterilýär, şan-söhraty bütin dünýäde dabaralanýar. Müňýyllyklaryň dowamynda türkmen atlarynyň tohumçylyk-seçgi işleriniň kämilleşdirilmegi netijesinde biziň günlerimize gelip ýeten türkmen atçylyk sungaty bütin dünýäde tanalýar. Bar bolan maglumatlara görä, ahalteke we ýomut atlary iň gadymy arassa ganly atlar hasaplanyp, olar bäş müň ýyl mundan ozal eldekileşdirilipdir diýlip çaklanylýar. Halkymyzyň başdan geçiren taryhy wakalary behişdi bedewlerimiziň ata-babalarymyzyň geçmişi we durmuş ýoly bilen aýrylmaz baglanyşykda bolandygyny görkezýär.
Ahalteke bedew atlary dünýäniň medeni atçylygyna uly täsirini ýetiripdir. Türkmen atlarynyň gatnaşmagynda Beýik Britaniýada iňlis atlary, Germaniýada trakenen atlary we beýleki tohum atlar döredilipdir. Tohum atlaryny «Şalyk atlar» diýip atlandyrypdyrlar. Ahalteke atlary beýleki atlardan öz ýyndamlygy, gözelligi we arassa ganlylygy bilen tapawutlanýar. Hünärmenleriň belleýşi ýaly, uzak aralyga ýörişlerde, marafon ýaryşlarynda we atly sportuň beýleki görnüşlerinde gowy seýislenen türkmen atyna taý geljek ýokdur. Edebi mirasymyzyň dürdäne eserleriniň aglabasynda türkmen ýigitleriniň uzak aralyga bedew aty bilen arkaýyn ýola çykandygy nygtalýar. Gadymy ýazgylarda ahalteke bedewleriniň 7-12 günüň dowamynda suwsuzlyga çydanlygy, şeýle-de bu atlar bilen türkmen ýigitleriniň bir günde 150-200 kilometre çenli aralygy geçendigi barada maglumatlar bar.
Bedewleriň arassa ganlylygyny saklamak uly ussatlygy talap edýär. Bu häsiýetler türkmen halkyna mahsusdyr. Şeýle hem ata erk etmekde, onuň bilen düşünişmekde, dürli görnüşli hereketleri öwretmekde hem irginsiz zähmetsöýerlik gerek. Milli Liderimiziň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynyň «Sportda täze belentliklere tarap» we «Atçylyk sportuny söýüjä gollanma» bölümlerinde bu barada aýratyn nygtalýar. Onda türkmen atlarynyň dünýäniň dürli künjeklerine düşüp, ol ýerlerde atçylygy ösdürmekde, atlaryň täze görnüşlerini döretmekdäki orny, şeýle-de olimpiýa oýunlarynyň üçüsinde birinjiligi saklan Absent atly ahalteke bedewiniň şöhraty beýan edilýär.
Hormatly Prezidentimiziň 2011-nji ýylyň 5-nji fewralynda baýramçylyk mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakyndaky kabul edilen Kararyna laýyklykda ýurdumyzda türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan tohum atlaryň gadymy görnüşlerini gorap saklamak we gözelligini, syn-sypatyny kämilleşdirmek, olaryň owadan, gaýtalanmajak tebigy görküni şekillendiriş sungatynyň eserlerinde beýan etmek, behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen bäsleşikler dabaraly ýagdaýda geçirilýär. Bäsleşigiň çäklerinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde çeper beýan edýän halyçylaryň, zergärleriň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň arasynda gurnalyp, bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklar gowşurylýar.
Halkymyzyň milli buýsanjy bolan bedew atlarymyzyň adyny arşa göterýän Gahryman Arkadagymyza alkyşlar bolsun!
Bäşim MÄMMETORAZOW,
TDLU-nyň nerw keseller we neýrohirurgiýa kafedrasynyň assistenti.
“Nesil” gazeti,
28.04.2018ý.