hoşniýetli goňşuçylyk barha rowaçlanýar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli alnyp barylýan daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem dünýä döwletleri, ilkinji nobatda, goňşy ýurtlar bilen dostlukly, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz bu babatda Türkmenistanyň halkara bileleşigine agza ýurtlaryň ählisine deň derejede, birmeňzeş hormat goýmak bilen garaýandygyny, ol ýurtlar bilen özara düşünişmegiň ýetilen derejesine ýokary baha berýändigini nygtaýar. Türkmenistanyň iň ýakyn goňşusy we Merkezi Aziýa sebitinde okgunly ösýän döwletleriň biri hem Özbegistan Respublikasy bolup durýar.
Özbegistan Merkezi Aziýa sebitinde ýerleşen, baý taryhy-medeni mirasa eýe bolan döwletleriň biridir. Geografiki taýdan ýurduň çäkleriniň uly bölegini düzlükler hem-de dünýäniň iň uly çölleriniň biri bolan Gyzylgum tutýar. Onuň gündogar we demirgazyk-gündogar çäklerini belent dag gerişleri bezeýär. Ýurtda tebigy gazyň, daş kömrüniň, altynyň, wolframyň, nebitiň we beýleki magdanlaryň uly gorlary bar. Ýurduň suw gorlary esasan Amyderýa we Syrderýa hem-de suw howdanlarynyň ulgamy arkaly üpjün edilýär.
Özbegistan Prezident Respublikasy bolmak bilen, onuň ýokary kanun çykaryjy parlamenti Oliý Majlisdir. Özbegistanyň hökümeti — Ministrler Kabineti bolup onuň başlygyny ýurduň Prezidenti belleýär hem-de Mejlis tarapyndan tassyklanýar. Döwlet dili — özbek dili. Paýtagty Daşkent şäheri bolup, ol ýurduň ösen ykdysady, bilim we medeniýet merkezi hasaplanýar.
Özbegistan baý taryhy-medeni mirasa eýe bolmak bilen onda birnäçe gadymy şäherler ýerleşýär. Hywa, Buhara, Samarkant ýaly şäherleri uzak ýyllaryň dowamynda ylmyň we medeniýetiň ösen ýeri bolupdyr.
Özbegistan çalt depginler bilen ösýän ykdysadyýete eýedir. Ýurduň halk hojalygynyň esasy pudaklary bolan — senagat, oba hojalygy, maşyngurluşyk, energetika, dag-magdan, ýeňil we azyk senagaty ulgamlary yzygiderli ösýär. Oba hojalygynda pagtaçylyga, ekerançylyga uly üns berilýär. Ýurduň daşary-söwda dolanyşygy, aýratyn hem haryt we çig mal eksporty milli ykdysadyýetiň ösüşine saldamly goşant goşýar. Özbegistanda işewürligiň we telekeçiligiň ösdürilmegi üçin hem amatly şertler bar. Bu babatda maliýe-karz beriş we salgytlar üçin ýeňillikler hem döredilýär.
Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylyň 7-nji fewralynda ýola goýuldy. Döwletara derejesindäki alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk, oňyn syýasy gepleşikleriň işjeňleşdirilmegi türkmen-özbek gatnaşyklaryny soňky birnäçe ýylyň içinde hil taýdan täze sepgitlere çykardy. 2017-nji ýylda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnama gol çekilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
2009-njy ýylda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde Türkmenistanyň ilçihanasynyň täze binasynyň açylmagy iki dostlukly halkyň gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm wakalaryň biri boldy.
Iki doganlyk ýurduň arasynda ýokary derejedäki özara saparlaryň amala aşyrylmagy we netijeli gepleşikleriň geçirilmegi, şeýle hem degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi giň möçberli aragatnaşyklaryň barha ösmegine amatly şertleri döretdi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2015-nji ýylyň oktýabrynda Özbegistana bolan saparynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar döwletara gatnaşyklarynyň halkara-hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi we kämilleşdirdi. Şeýle hem, milli Liderimiz 2016-njy ýylyň iýun aýynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin iş sapary bilen Özbegistan Respublikasynda boldy.
2016-njy ýylyň 4-nji dekabrynda geçirilen saýlawlarda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanan Şawkat Mirziýoýewiň 2017-nji ýylyň mart aýynda daşary ýurda ilkinji saparynyň Türkmenistana amala aşyrmagy aýratyn bellärliklidir. Munuň özi iki ýurduň milli Liderleriniň arasyndaky mähirli we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan duşuşyklaryň ýygjamlaşmagy taraplaryň netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we hemmetaraplaýyn ösdürmäge bolan özara gyzyklanmalarynyň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem, 2017-nji ýylyň 19-20-nji maýynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew iş sapary bilen Türkmenistanda boldy. Saparyň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejede türkmen-özbek gepleşikleri geçirildi we özara bähbitli resminamalaryň toplumyna gol çekildi. Şeýle hem, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 2017-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak bilen Aşgabatda saparda boldy.
Türkmen-özbek gatnaşyklarynda iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasynda alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlyga hem möhüm orun degişlidir. Hususan-da, 2017-nji ýylyň 30-njy aprelinde Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak bilen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler mi nistri Aşgabatda saparda boldy. 2017-nji ýylyň 11-12-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Özbegistan Respublikasynda iş sapary bilen boldy. Şeýle hem, 2018-nji ýylyň 9-njy aprelinde Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Syýasy geňeşmelere gatnaşmak üçin Özbegistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti ýurdumyzda boldy.
2018-nji ýylyň 22-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, «Uzbekneftegaz» paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alişer Sultanowy kabul etdi. Ol Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berilmegi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň düýbüniň tutulmagy hem-de Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň açylmagy mynasybetli çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi. Myhman dabaralaryň ähmiýetini belläp, bu taryhy wakalaryň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, parahatçylykly ösüşde, özara bähbitli hem-de deňhukukly hyzmatdaşlygy berkitmekde sebitiň ähli ýurtlary üçin täze tapgyr boljakdygyny aýtdy.
Iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-özbek topary hereket edýär. Bu toparyň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalar yzygiderli ýagdaýda bolup geçýär. Daşkentde we Aşgabatda onuň nobatdaky mejlisleri bolup geçdi.
Türkmenistanyň daşary syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biri hökmünde sebitiň ýurtlarynyň halkara ykdysady giňişligine işjeň goşulyşmagyna ýardam edýän energetika we ulag ugurlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagydyr. Bu babatda ulanmaga berlen we asyryň taslamasy adyny alan Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisiniň möhüm ähmiýeti bellärliklidir. Mälim bolşy ýaly, bu giň möçberli taslamanyň bir bölegi Özbegistanyň çäginden geçýär. Türkmenistan — Özbegistan — Täjigistan — Gyrgyzystan — Hytaý ugry boýunça täze gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmaga hem uly ähmiýet berilýär.
Ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmekde hem türkmen-özbek hyzmatdaşlygyna uly orun degişlidir. 2017-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmaklarynda Türkmenabat we Farap şäherleriniň arasynda Amyderýanyň üstünden gurlan demir ýol we awtomobil köprüleriniň ulanmaga berilmegi hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallarynyň biridir.
Ulag ulgamynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygy barha işjeňleşdirilýär. 2017-nji ýylyň fewral aýynda Aşgabatda «Uz-Daewoo» kysymly ulaglaryň dowamy bolan täze kysymly «Ravon» awtomobilleriniň tanyşdyrylyşy geçirildi. Bu çäre «UzAwtoSanoat» paýdarlar kompaniýasy hem-de Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Türkmenistan» döwlet söwda merkezi bilen bilelikdäki döredilen «Turkmen-UzAWTO» hojalyk jemgyýeti tarapyndan guraldy.
2017-nji ýylyň mart aýynda bolsa Aşgabatda Özbegistanyň oba hojalyk tehnikalarynyň «Uzagrotehsanoatholding» paýdarlar jemgyýetiniň Tehniki merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Onuň çäklerinde türkmen mehanizatorlaryny, tehnikany abatlaýan hünärmenleri taýýarlamaga niýetlenen okuw merkezi hem bar. Ol oba hojalyk tehnikalarynyň dürli enjamlaryny we abzallaryny görkezýän nusgalar, degişli gollanmalar, interaktiw okuw serişdeleri bilen üpjün edilipdir. «Uzagrotehsanoatholding» paýdarlar jemgyýeti «Uzagrotehmaş», «Uzagrolizing» we «Uzagroserwis» ýaly üç sany paýdarlar kompaniýasy birikdirilip döredildi. Holdingiň düzümine oba hojalyk tehnikalarynyň 40-dan gowrak görnüşini öndürýän maşyn gurluşygy kärhanalarynyň 20-den gowragy girýär.
2018-nji ýylyň mart aýynda Aşgabatda Özbegistan Respublikasynyň Milli senagatynyň sergisi üstünlikli geçirildi. Iki ýurduň milli Liderleriniň başlangyjy bilen guralan bu ýöriteleşdirilen ykdysady gözden geçiriliş türkmen paýtagtynda ilkinji gezek guraldy hem-de iki dostlukly ýurtlaryň işewürler toparlarynyň arasynda ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we ösdürmek meselelerine bagyşlandy. Bu çärä gatnaşmak üçin Özbegistanyň köpugurly senagat ulgamyna wekilçilik edýän 70-den gowrak kompaniýalaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de hünärmenleriniň 250 wekilinden ybarat bolan wekilçilikli topar Aşgabatda saparda boldular.
Türkmen-özbek gatnaşyklarynda iki ýurduň dürli sebitleriniň arasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlyga hem möhüm orun degişli. 2017-nji ýylyň fewral aýynda Özbegistan Respublikasynyň Buhara we Horezm welaýatlarynyň uly wekiliýeti iş sapary bilen ýurdumyzda boldy. Iki ýurduň milli Liderleriniň tabşyrmagy boýunça guralan bu sapar iki goňşy döwletiň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerinde ýola goýulýan köptaraply hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek ugrunda nobatdaky ädim boldy. Hususan-da, bu saparyň çäklerinde Lebap hem-de Daşoguz welaýatlarynyň önümçilik-senagat kärhanalaryna we medeniýet ulgamynyň edaralaryna, şol sanda taryhy we ülkäni öwreniş muzeýlerine tanyşlyk saparlary guraldy.
Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylyň maý aýynda milli Liderimiziň çakylygy boýunça doganlyk Özbegistanyň dürli sebitlerinden — Garagalpagystandan, Buhara, Nowaýy, Horezm welaýatlaryndan bolan çagalaryň 100-e golaýy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almagy hem türkmen-özbek hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň aýdyň nyşanydyr.
Ikitaraplaýyn we halkara derejesinde türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry ekologiýa meselesinde özara hereket etmek bolup durýar. Hususan-da, Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň işini mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de kämilleşdirmek ugrunda çykyş edýärler. Bu gazna Aral ýakasynda ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýlary gowulandyrmak babatda hyzmatdaşlygy üpjün etmäge gönükdirilen möhüm sebitleýin düzüm bolup durýar. Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda 2017 — 2019-njy ýyllarda başlyklyk edýändigi bu ugurdaky hyzmatdaşlyga has hem möhüm orun degişlidir.
Iki ýurt üçin hem ýene-de bir umumy mesele BMG-niň çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyny amala aşyrmakdan ybaratdyr. Hususan-da, Aşgabatda «Ýerleriň zaýalanmagyna ykdysady baha bermek» atly sebitara maslahatyň geçirilendigini bellemek ýerliklidir. Oňa özbek wekilleri hem işjeň gatnaşdylar.
Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni we döredijilik toparlarynyň birek-birege gurnaýan saparlary, sungat festiwallary, dürli sergiler we beýleki çäreler oňat däbe öwrüldi. Soňky ýyllaryň dowamynda geçirilen dostluk festiwallary we Medeniýet günleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Hususan-da, Daşoguz welaýatynda türkmen-özbek dostluk festiwalynyň, Aşgabatda özbek kinosynyň günleriniň we Daşkent we Buhara şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň Aşgabatda Özbegistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi, Lebap welaýatynda Amyderýanyň üstünden geçýän täze köprüleriň açylmagy mynasybetli geçirilen dabarada türkmen we özbek artistleriniň çykyş etmekleri, amaly-haşam sungatynyň sergisiniň guralmagy, gadymy däp-dessurlaryň we adatlaryň äheňinde sahnalaryň görkezilmegi iki halkyň dost-doganlyk taryhynda aýratyn sahypa bolup ýazyldy. Bu bolsa türkmen-özbek gatnaşyklarynyň has-da kämilleşmegine özboluşly goşant goşup, şeýle hem iki dostlukly halkyň hoşniýetli hyzmatdaşlygynyň mazmunyny täze öwüşgin bilen baýlaşdyrdy.
2017-nji ýylyň mart aýynda iki ýurduň milli Liderleriniň gatnaşmagynda Türkmenabat şäherinde Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Islam Abduganiýewiç Karimowyň ýadygärliginiň açylmagy we köçeleriň birine adynyň dakylmagy iki ýurduň arasyndaky dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhyna täze sahypa hökmünde ýazylyp, ugurlaryň giň toplumy boýunça doly möçberli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine güýçli itergi berer. Iki ýurduň ýokary derejede özara düşünişmegi we netijeli gatnaşyklary geljekde-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça döwletara derejesinde arkalaşykly hereket etmegiň mäkäm binýady bolar. Bu bolsa Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda hem halkara gatnaşyklarynyň wajyp ugurlarynyň giň toplumy boýunça doly möçberli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine güýçli itergi berer.
Begenç MÄTLIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
“Nesil” gazeti,
24.04.2018ý.