Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary barha giň gerime eýe bolýar. Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklar hem täze belent derejelere göterilýär. Iki doganlyk halkyň goňşuçylyk gatnaşyklary taryhyň jümmüşinden başlanýar. Ýerleşýän çägi boýunça bir sebitde goňşy ýaşaýan iki halkyň gatnaşyklary ajaýyp myhmansöýerlik däplerini özünde jemleýär. Halklarymyzyň ýaşaýşyň ähli ugurlarynda diýen ýaly umumylygy, etniki, dil ýakynlygy bilen alamatlandyrylýar. Edebiýatyň, halk döredijiliginiň eserlerindäki asyrdan asyra iki halkda hem ýaşap gelýän ynsanperwer pikirler bu gatnaşyklaryň gadymylygy bilen birlikde jebisliginden habar berýär. Aýratyn-da, watançylyk, harby-gahrymançylyk ruhundaky epiki eserleriň bitewüligi dünýägaraýyş birliginden, ykjam dostana aragatnaşyklardan gelip çykýar. Taryhda mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň tanymal wekilleri bu toprakda uly hormatdan peýdalanypdyr. Bu çäklerde ýerleşýän medreselerde sowat-bilim alypdyrlar. Hoşniýetli aragatnaşyk häzirki güne çenli üstünlikli dowam etdirilýär.
Soňky ýyllaryň içinde iki ýurduň arasynda resmi saparlaryň birnäçesi amala aşyryldy. 2002-nji ýylyň oktýabrynda, 2012-nji ýylyň oktýabrynda Özbegistanyň Prezidentiniň Türkmenistana iş saparlary bolupdy. 2010-njy ýylyň oktýabrynda Daşoguz welaýatynda geçirilen türkmen-özbek Dostluk festiwaly medeni gatnaşyklaryň gerimini has-da ýaýbaňlandyrdy. Çeperçilik önümleriniň, sungat eserleriniň we ykdysady gazanylanlaryň sergileri hem tejribe alyşmak, medeni-ykdysady hyzmatdaşlygy utgaşykly alyp barmak işiniň dowamly sepgitleriniň badalgasydyr.
Türkmenistanyň Lebap we Daşoguz welaýatlary bilen Özbegistanyň Buhara we Horezm oblastlarynyň arasynda sebitara hyzmatdaşlyk hakynda şertnama gol çekilmegi hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitledi. Welaýatlaryň derejesinde özara saparlar netijesinde häzirki wagtda dürli ugurlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň üstünde işleýärler. Aýratyn-da, ekerançylyk işiniň dürli ugurlary boýunça, inçe süýümli pagtany ýetişdirmegiň usulyny we tejribesini kämilleşdirmek, bagnahallaryny köpeltmek, gök we miwe önümlerini gaýtadan işlemek we ony bilelikde daşary ýurtlara ibermek babatda tejribe alşylýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň birnäçe gezek Özbegistan Respublikasyna bolan döwlet saparlary ikitaraplaýyn halkara hyzmatdaşlygynyň hemişelik oňyn häsiýetinden habar berýär. Asyrlarboýy egin-egne berip ýaşan iki halkyň durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary günsaýyn mäkämleşýär.
Özbek halky türkmen edebiýatyna biçak uly sarpa goýýar. Muňa türkmen şahyrlarynyň özbek diline terjime edilen onlarça işleri şaýatlyk edýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň birnäçe kitaplary özbek diline terjime edildi. Iki halkyň edebi gatnaşyklary hakynda ylmy işler ýazyldy.
Iki halkda bar bolan nakyllar, aýtgylar hem türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynyň köküniň gadymyýetden gelýändigini görkezýär. Halklarymyzda bar bolan “Atalar sözi — akylyň gözi” diýen ýaly dana jümleler pederleriň hoşniýetli ýörelgesiniň dowamat dowam bolýandygynyň kepili bolup durýar. Özbek halkynyň meşhur sungat ussatlary türkmen tomaşaçylary tarapyndan gyzgyn mähir bilen garşylanýar. Türkmen halkynyň sungatyna bolan sarpasyny bolsa türkmen-özbek döredijilik duşuşyklarynda, guralýan sergilerde aýdyň duýulýar.
2017-nji ýylyň 7-nji martynda Lebap welaýatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyzda döwlet sapary bilen bolan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda möhüm ulag-kommunikasiýa düzüminiň desgalaryny — Türkmenabat — Farap demir ýol we awtomobil köprülerini ulanmaga bermek dabarasy bolupdy. Yklym üçin ähmiýeti bolan bu waka ýollar bilen dünýä uzaýan hyzmatdaşlygyň, parahatsöýüjilikli gatnaşyklaryň girewidir. Bu ýokary derejeli çäreler hoşniýetli gatnaşyklaryň belent badalgasy boldy. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýetiniň Özbegistan Respublikasyna boljak sapary iki halkyň müdimi dostlugynyň we agzybir goňşuçylygyň nyşanydyr.
Annadursun ÝEGENOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.
“Nesil” gazeti,
21.04.2018ý.