DÖWREBAP YKDYSADYÝETIŇ BINÝADY

 Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden başlap, senagat pudagyny pugtalandyrmaga, özüniň milli ykdysadyýetini senagat we innowasiýalar esasynda ösdürmäge ynamly ugur aldy. Bu pudagyň önümçilik geriminiň gün-günden giňemegi ýurdumyzyň ykdysadyýetine özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda senagat pudagynda häzirki zaman döwrebap önümçilik binýatly kärhanalarynyň gurlup işe girizilmegi, ýurdumyzyň çig mal gorlaryny işlenen ýagdaýda eksport etmekde giň mümkinçilikleri döredýär. Munuň özi senagatyň jemi önüminiň düzüminiň üýtgemegine, senagatda çig maly gaýtadan işlemek, ýokary hilli taýýar önümleri satuwa çykarmak mümkinçilikleriniň ýokarlanmagyna, ýurduň ykdysadyýetinde senagat pudagynyň öňdebaryjy orunlara çykmagyna alyp barýar. Bu bolsa, öz gezeginde, pudagyň ykdysady netijeliliginiň ýokarlanmagyna, döwlet gaznasyna gelip gowuşýan gyzyl pul akymynyň artmagyna, ilatymyzyň iş ýerleri bilen üpjünçiliginiň hem durmuş-ýaşaýyş şertleriniň yzygiderli gowulanmagyna kuwwatly itergi berýär.

Halkara zähmet bölünişiginde Türkmenistanyň senagaty ýangyç-energetika toplumynyň we dokma senagatynyň ýokary derejede ösendigi bilen häsiýetlendirilýär. Halkara ähmiýetli gaz geçirijileriniň gurulmagy netijesinde ýurdumyzyň gaz senagatynyň ösüşinde we eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmakda düýpli öňegidişlikler gazanylýar. Häzirki wagtda tebigy gazy gaýtadan işleýän we taýýar önümleri öndürýän iri halkara ähmiýetli önümçilikleriň düýbi tutulýar. Munuň netijesinde ýurdumyzyň senagatynda nebiti gaýtadan işleýän döwrebap senagat pudagynyň binýady esaslandyrylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyjy bilen innowasion tehnologiýany özleşdirmegiň hasabyna elektrik stansiýalarynyň netijeliligi ýokarlanar, munuň özi tebigy gazyň sarp edilişini tygşytlamaga, daşky gurşawyň goraglylygyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Gurlup ulanmaga berlen sement zawodynyň, kaliý dökünlerini öndürýän toplumyň işe girizilmegi sebiti ykdysady taýdan ösen zolaga öwürýär. Şeýle-de pudagyň çig mal gorlarynyň düýpli ylmy esasda doly öwrenilmegi başy başlanan işleriň ykdysady taýdan ýokary derejede bähbitli, düşewüntli boljakdygyny görkezýär. Işleriň berk hem takyk ykdysady hasaplamalar esasynda ýola goýulmagy milli senagatyň ykdysady taýdan has-da ýokary göterilmegine getirer. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň bu sebitinde senagat pudagyny ösdürmeklige telekeçileri we işewürleri giňden çekmegiň zerurlygyna aýratyn ünsi çekýär. Muny nazarda tutup, ýurdumyzyň himiýa, gaýtadan işleýän senagat pudagyny mundan beýläk hem ösdürmek barada ykdysady taýdan esaslandyrylan teklipleri işläp düzmek zerurlygy ýüze çykýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ýeňil senagaty hem ýokary depginler bilen ösdürilýär. Türkmenistanda döwrebap derejede enjamlaşdyrylan, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilmegi ýola goýlan dokma senagaty döredildi. Häzirki wagtda dokma pudagy ýurdumyzyň ösen senagatly döwletleriň hatarynda ornuny has-da pugtalandyrmaga itergi berýän esasy pudaklaryň biri hasaplanylýar.

Ýeňil senagat, esasan hem, oba hojalyk pudagynyň giň gerim bilen artýan önümçiligine bagly çig maly gaýtadan işlemek we ýokary hilli taýýar önümlere öwürmek bilen özüniň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrýar. Bu pudak pagta süýümini, ýüpegi, derini, ýüňi we başga-da köp görnüşli önümleri öndürmek, gaýtadan işlemek arkaly dünýä bazarlaryny öwrenip, harydyny daşary ýurtlara eksport etmek mümkinçiligini gazanyp mundan-da ýokary ykdysady netijä çykyp biler. Ýeňil senagat ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagatynyň esasy düzüm bölegi bolup durýar. Bu pudak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe 70-den gowrak kärhanany, şol sanda ýüplük egriji, jinsi, poplin, setin matalaryny, dokma hem jorap önümleriniň dürli görnüşlerini öndürýän ýokary tehnologiýaly dokma önümçilikleriniň 30-a golaýyny öz içine aldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gurluşyk materiallary senagaty hem uly ösüşlere beslendi. 2013-nji ýylda ýyllyk önümçilik kuwwaty 1 million tonna barabar bolan sement zawodynyň işe girizilmegi ýurdumyzda sementiň öndürilişini düýpli artdyrdy. Ahal welaýatynda her biriniň kuwwatlylygy 1 million tonna barabar bolan daş owradyjy-sortlaýjy fabrigiň ulanmaga berilmegi, döwlete dahylsyz bölekde çagyl we ýuwlan çäge öndürýän önümçilikleriň 4-siniň gurulmagy bu ugurda bar bolan kuwwatlyklaryň düýpli pugtalandyrylmagyna kuwwatly itergi berdi.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna» laýyklykda ýurdumyzda geljek 7 ýylyň dowamynda hususyýetçilik bölegine degişli bolan kiçi we orta möçberli senagat kärhanalarynyň ýüzlerçesiniň gurulmagy göz öňünde tutulýar. Görkezilen döwürde daşary ýurt we bilelikdäki kärhanalaryň sanyny artdyrmak babatynda hem düýpli başlangyçlar amala aşyrylar. Ýurdumyzda ýörite ykdysady zolaklary döretmek, hereket edýän döwlet eýeçiligindäki kärhanalaryň hususylaşdyrylmagyny dowam etmek, paýdarlar jemgyýetlerini döretmek babatynda netijeli işler alnyp barlar. Bazar gatnaşyklaryna geçmek üçin zerur bolan institusional özgertmeler amala aşyrylar. Durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän bu tutumly işleriň netijesinde ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň düzüminde ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň paýy yzygiderli ýokarlanar.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň senagatynyň diwersifikasiýalaşmagyna we innowasion häsiýetli önümçilikleriň döredilmegine saldamly goşant bolar. Bu işleriň netijesinde ýurdumyzda döwrebap enjamlaşdyrylan, halkara zähmet bölünişiginde öz mynasyp ornuny eýeleýän, dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply senagat toplumy kemala getirilýär. Bu ugurda öňe sürlen başlangyçlaryň dolulygyna rowaçlanmagy Gahryman Arkadagymyzyň senagatlaşma-innowasion syýasatynyň halkara derejesinde ykrarlanmagynyň maddy binýady bolup çykyş edýär.

Hangeldi GURBANGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň

ykdysady, maliýe we hukuk töwekgelçiliklerini seljeriş müdirliginiň başlygy.

“Nesil” gazeti,

19.04.2018ý.

Meňzeş habarlar