SPORT BILEN ÖSÜŞIŇ TÄZE BELENTLIKLERINE

Gahryman Arkadagymyzyň öňe sürýän başlangyçlary, öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde ýurdumyzyň halkara abraýy barha belende galýar. Ýurdumyzda gysga döwürde amala aşyrylan asyrlara barabar işleriň hatarynda sportuň beýik ösüşleri, maddy-enjamlaýyn binýadynyň kämilleşdirilmegi we giňişleýin wagyz edilmegi dünýä nusgalykdyr. Sagdyn durmuşyň, bagtyýarlygyň binýady bolan sportuň welosipedli görnüşleri hem ýurdumyzda uly meşhurlyga eýedir.

Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji aprelde bolan mejlisinde «Bütindünýä welosiped güni» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi hakyndaky hoş habar Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylymyzyň, has dogrusy, şanly taryhymyzyň altyn sahypasydyr. Bu Kararnamany dörediji hökmünde 56 döwlet çykyş etdi. Oňa laýyklykda, 3-nji iýun «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan edildi.

Dünýäde durnukly ösüş maksatlarynyň biri hökmünde sporty ösdürmäge uly üns berilýär. Bu ugurda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler halkara bileleşiginiň ykrarnamasyna mynasyp bolýar.

Welosiped sportunda ajaýyp görelde görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň meşhurlygy has-da ýokarlanýar. Ilatyň saglygynyň berkidilmegine, ekologiýa goraglylygynyň üpjün edilmegine ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, bu çäreleriň giň gerimde geçirilmegi, aýratyn hem Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça gadymy Amuldan badalga berlen ylgaw we welosiped ýaryşlarynyň üstünlikli dowam etmegi ajaýyp zamanamyzyň ýokary döredijilik ruhuny artdyrýar. Il-günümize şatlykly joşgun paýlaýan bu wakalar ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyza buýsanjymyzy has-da artdyrýar.

Döwlet Baştutanymyzyň welosipedli ýörişlerde hut özüniň şahsy görelde görkezmegi beden, ruhy we ahlak taýdan sagdynlygyň toplumlaýyn milli ulgamynyň kemala getirilmeginiň döwlet syýasatynyň baş ugry bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bütindünýä saglyk gününde hormatly Prezidentimiz sport welosipedine münüp, köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Welosipedli ýöriş dürli görnüşdäki durmuş, sport we ekologiýa ýörelgelerine goldaw bermek maksady bilen geçirilýän jemgyýetçilik ähmiýetli çäredir. Türkmenistanda köpçülikleýin welosipedli ýörişi guramak asylly däbe öwrülip, ol ýaşlary hem özünde jemleýär.

Welosiped sporty «Aşgabat 2017- niň» hem esasy sport görnüşidir. Ol tiz depginli we çekeleşikli bolup, ýekeleýin we toparlaýyn ýaryşlary öz içine alýar. Türgenler öz tizligini, güýjüni, çydamlylygyny we ýaryşmak usulyny görkezýärler.

«Bütindünýä welosiped güni» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi dünýä medeniýetini kemala getirmekde welosipediň mümkinçiliklerini doly peýdalanmaga, bu ugurdaky tagallalary berkitmäge we olary işjeň utgaşdyrmaga ýardam eder. Sebäbi welosiped ösüşiň möhüm guraly bolup hyzmat edýär. Ol diňe bir hereket üçin däl, eýsem, paýhasa, saglygy goraýşa we sporta bolan elýeterliligi üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de welosiped ekologiýa taýdan arassa ulagyň nyşanydyr. BMG-niň Baş Assambleýasy agza döwletleriň hemmesini her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününi geçirmek we şol güni dabaralandyrmak hem-de ol hakyndaky maglumatlary ýaýratmak işlerini geçirmäge, agza döwletleri ösüşiň dürli ugurlarynda, halkara, sebit, milli we içerki syýasatda, ösüş boýunça maksatnamalarda welosiped mowzugyny goşmak arkaly oňa aýratyn üns bermäge çagyrýar. Jemgyýetiň ähli agzalarynyň hatarynda welosipediň peýdasyny wagyz etmek üçin öňdebaryjy tejribäni we serişdeleri ulanmagy, beden we ruhy sagdynlygyň möhüm serişdesi hökmünde welosipedli ýörişleri guramagy oňlaýar.

Hormatly Prezidentimiz häzirden Bütindünýä welosiped gününe taýýarlyk görmek boýunça tabşyryklary berdi. Bu sene şu ýylyň iýun aýynyň başynda ilkinji gezek belleniler. Onuň çäklerinde welosiped sportuny wagyz etmäge, türkmenistanlylary köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketine çekmäge gönükdirilen dürli sport we medeni-köpçülikleýin çäreler guralar.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň taryhy Kararnamalary kabul etmegi ähli halkymyzy, ýaşlary buýsandyrdy.

Gülnar BABAÝEWA,

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabyndaky 31-nji çagalar bagynyň müdiri.

“Nesil” gazeti,

17.04.2018ý.

Meňzeş habarlar