KUWWATLY DÖWLETIŇ GUJURLY ÝAŞLARY

Ýurdumyzda ukyply hem-de sowatly türkmen ýaşlary Watanymyzyň berkararlygyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny pugtalandyrmakda ähmiýetli başlangyçlar, täzeçe pikirler we gujurly zähmet önümçiligi bilen çykyş edýärler. Munuň şeýledigini ýakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2018-nji ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijelerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinden gelip çykýan degişli netijelerden hem görmek bolýar. Berkarar Diýarymyzyň ýaşlarynyň watansöýüji, zähmetsöýer hem ilhalar ynsanlar bolup ýetişmekleri ugrunda syýasy-jemgyýetçilik işlerini alyp barýan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzalary hormatly Prezidentimiziň berýän tabşyryklaryndan dogry netije çykaryp, olary durmuşa geçirmekde giň gerimli işler alyp barýar.

Bu günki günde türkmen topragynyň ähli ýeri ösüşlere beslenýär. Bagtyýar şuglasy kalplary nurlandyryp, ata Watanymyza bolan söýgimizi artdyrýar, ruhumyzy belende göterip, zähmete we durmuşa bolan garaýşymyzy kämilleşdirýär. Ähli watandaşlarymyz bilen bir hatarda ýaş nesliň wekilleri hem ýurdumyzyň tutumly işlerinden üzňe bolman, oňa işjeň gatnaşýarlar we özleriniň mynasyp goşantlaryny goşmaga çalyşýarlar.

Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynyň ajaýyp wakalarynyň dowam edýän günleri türkmen ýaşlarynyň ykbalyny özgerdiji wakalar hem köpöwüşginliligi bilen tapawutlanýar. Öz gezeginde türkmen ýaşlary hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda barha öňe barýan Diýarymyzyň syýasy, ykdysady we medeni kuwwatyny artdyrmaga mynasyp sesini goşýar. Bu günki günde Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly başlangyçlary bilen rowaçlanýan, ösüşiň türkmen ýolunda ýurduň ýaş raýatlarynyň ähli pudaklarda önjeýli zähmet çekmekleri uly buýsanç bilen bellärliklidir. Çünki ýaşlar döwlet tarapyndan özleri üçin döredilen mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýurt Baştutanymyzyň ynamyny ödemäge yhlas edýärler. Milli Liderimiz: «Biziň ýokary depginler bilen ösýän Garaşsyz döwletimiziň iň gymmatly hazynasy adamdyr. Şoňa görä-de, biz ýurdumyzyň her bir raýaty, aýratyn-da, ýaşlar hakynda düýpli alada edýäris» diýen sözleri hem biz — ýaş lara uly ynam bildirilýändiginden hem-de ýaş nesliň wekilleriniň döwletde esasy orny eýeleýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýar ýaşlary ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, röwşen geljegimiziň hatyrasyna amala aşyrylýan beýik işlere gowy okamak, çuňňur bilim almak we hünär öwrenmek bilen jogap berip, Watanymyzyň mynasyp ogul-gyzlary bolmaga çalyşarlar. Mähriban halkymyzyň, berkarar Watanymyzyň beýik geljegi üçin okamak, öwrenmek, döretmek ýaşlaryň mukaddes borjudyr. Biziň her birimiz kuwwatly döwletimiziň gujurly ýaşlary bolup, yhlas-zehinimizi gaýgyrman işläris, dörederis, Gahryman Arkadagymyzyň bize bildiren mukaddes ynamyny ödäris.

Eziz ANNANEPESOW,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň esasy hünärmeni.

“Nesil” gazeti,

14.04.2018ý.

Meňzeş habarlar