SPORT — SAGDYN DURMUŞ

Berkarar döwletimizde sagdyn durmuşy üpjün etmek, raýatlaryň saglygyny berkitmek barada hormatly Prezidentimiziň paýhasly özgertmeleri özüniň ajaýyp miwesini berýär. Ýurdumyzda ilatyň saglygy döwletimiziň baş baýlygydyr. «Sagdyn bedende sagdyn ruh» diýen pähime eýerýän halkymyz ruhy hem beden kämilliginiň nusgasyny görkezýän hormatly Prezidentimiziň beýik göreldesine eýerýär, sagdyn durmuş ýörelgesini höwes bilen dowam edýär.

Saglyk her bir ynsanyň başynyň altyn täjidir. Eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen jemgyýetimize ornaşdyrylýan sagdyn durmuş ýörelgesiniň esasy maksady hem il saglygyny gazanmakdan we goramakdan, ýaşlarymyzy sport bilen meşgullanmaga höweslendirmekden, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekden ybaratdyr. Saglygy gorap saklamak her bir adamyň mukaddes borjudyr. Çünki sagdyn adam — sagdyn jemgyýeti kemala getirýär. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek adamyň bedeniniň ösüşini gowulandyrýar we dürli kesellerden goranmak ukybyny artdyrýar. Biziň döwletimizde bolsa ilatyň saglygyny gorap saklamakda «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen halk pähiminden ugur alynýar we ony ilat arasynda wagyz etmek maksady bilen medeni-köpçülikleýin çäreler guralýar. Sagdyn jemgyýet — bu maksada okgunly, ruhubelent, halal zähmete werziş adamlaryň jemgyýetidir. Sagdynlyk, abadançylyk, ruhubelentlik ähli ösüşlerimiziň gözbaşydyr.

Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasy bilen güneşli Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty hil taýdan täze basgançaklara galdyrmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli wagyz etmek hem-de halkymyzy sport bilen meşgullanmaga köpçülikleýin çekmek işleri giň gerim alýar. Halkymyzyň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagy, türkmen ýaşlarynyň sportuň dürli görnüşleri boýunça ussatlyklaryny artdyrmagy, zehin başarnygyny ýüze çykarmagy üçin ähli şertleriň döredilýändigi sagdyn durmuş ýörelgesiniň jemgyýetde berkarar edilmegini üpjün edýän wajyplykdyr.

Halkymyzyň sport bilen meşgullanmagy aýratyn hem ýaşlary beden we ruhy taýdan gujur-gaýratly, güýçli edýär, beýik ýeňişlere ruhlandyrýar. Şol sebäpden hem ýurdumyzda sagdyn nesliň kemala gelmegine gönükdirilen sagdyn durmuş ýörelgeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ruhubelentlik bilen guralýan sport çäreleri ýaşlaryň kalbynda dostluk duýgusyny terbiýeläp, olary sagdyn ýaşaýşa gönükdirýär.

Durmuş gymmatlygy bolan ynsan saglygyny gorap saklamakda hem-de halkymyzyň beýik maksatlara bolan ynamyny berkitmekde uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Aýjeren GELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň esasy hünärmeni.

“Nesil” gazeti,

12.04.2018ý.

Meňzeş habarlar