Ýaş nesliň kämil bilimli, çuň gözýetimli, maksada okgunly, bilesigeliji bolup kemala gelmegini gazanmak, ýurdumyzyň häzirki zaman bilim ulgamynyň baş maksady bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň badalga beren bilim özgertmeleri ýaş nesilleriň ukyplaryny ýüze çykarmaga we ösdürmäge, milli terbiýämiziň baý mirasyna daýanyp edep-ekram öwretmäge giň mümkinçilikler berýär. Ýurdumyzyň zehinli okuwçylarynyň ukyp-başarnyklaryny, döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmek üçin ähli oňyn şertler döredilýär.
Hormatly Prezidentimiziň: «Ylymly, bilimli, maksada okgunly ýaşlarymyzyň özlerini Watanyň hakyky ogul-gyzlarydygyny okuwlary, bilimleri bilen subut etjekdiklerine berk ynanýaryn» diýen sözlerini bagtyýar ýaşlar özlerine hemişelik hemra edinýärler. Bu beýik paýhasly ynam bolsa ýaşlary üstünliklere eýe edip, batyrgaý gadam urmaga ruhlandyrýar. Ýylyň-ýylyna mekdep okuwçylarynyň arasynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly taslama bäsleşiginiň, ders olimpiadalarynyň, «Kämillige tarap ýol» atly döredijilik bäsleşiginiň yzygiderli geçirilmegi hem ýaş zehinleriň ýüze çykmagyna gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde ýurdumyzyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda yglan eden «Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary» atly bäsleşigi hem şeýle göwrümli çäreleriň biridir. Bu bäsleşigiň Büzmeýin etrap tapgyry paýtagtymyzyň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän 74-nji «Bagtyýar nesiller» orta mekdebinde ýokary guramaçylykda geçirildi. Oňa etrabyň çäginde ýerleşýän umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 9-11-nji synplarynda okaýan okuwçylarynyň 22-si uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.
Zehinli ýaşlar bu bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda üç şertde — «Meniň Watanym» atly temadan ýurdumyzy goşgy ýa-da aýdym bilen wasp etmekde, Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýyly bilen bagly bolan temadan iňlis dilinde taýýarlan wideoşekilini görkezmekde, eminler topary tarapyndan taýýarlanan soraglara jogap bermekde özara bäsleşdiler. Bu bäsleşik ýaşlaryň Watana bolan buýsanjyny artdyryp, dil baýlygyny kämilleşdirmekde giň mümkinçilik döretdi. Zehin bäsleşigine gatnaşan okuwçylar özara pikir alyşdylar, dostlaşdylar, alan bilimlerini bir-birlerine öwretdiler. Bu bolsa ösüp gelýän ýaşlaryň gözýetimini giňeltmäge has-da oňyn täsir etdi.
Ýaşlaryň arasynda guralýan bäsleşikler zehinlileriň arasyndan iň zehinlilerini saýlap almak mümkinçiligini berýär. Oňa biz «Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary» atly bäsleşikde has-da aýdyň göz ýetirdik. Bäsleşikde Aşgabat şäheriniň 70-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Laçyn Gurdowa 1-nji orna, paýtagtymyzdaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän 74-nji «Bagtyýar nesiller» orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Şiraly Baýsähedow 2-nji orna, Aşgabat şäheriniň 40-njy orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Gülruh Öwezowa 3-nji orna mynasyp boldular. Ýeňijilere etrap Ýaşlar guramasynyň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabara bilen gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşan ähli okuwçylar höweslendiriji baýraklara eýe boldular.
Şirin MIRMEDOWA,
TMÝG-niň Büzmeýin etrap Geňeşiniň başlygy.
“Nesil” gazeti,
12.04.2017ý.