ÝAŞLAR YNAMLY ÖŇE BARÝAR

Ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyzda yklymlara görelde, asyrlara nusgalyk beýik işler amala aşyrylýar. Ýurt abadan, il agzybir bolanda, durmuş ajaýyplaşyp, pursatlar şatlyk-şagalaňa, aý-günler bolsa toý-baýramlara beslenýär. Döwrüň belentliklerini nazarlap, öňe barýan ata Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary we bimöçber aladalary netijesinde ýaş nesilleriň bagtyýar hem-de abadan durmuşda ýaşamagy üçin giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim almagynda, saýlap alan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmagynda, ylmy we döredijilik işlerine höweslenmeginde, dünýägaraýyşlarynyň giňelmeginde, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagynda hemmetaraplaýyn goldaw bermek Arkadag Prezidentimiziň öňde goýýan baş wezipeleriniň biridir. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz watansöýüjilik we sagdyn durmuş ýörelgelerine has ygrarly we olary wagyz ediji bolmak bilen, bu babatda ýaşlara nusgalyk görelde görkezýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlarda eziz Watanymyza, ajaýyp tebigatymyza, dost-doganlyga, maşgala gymmatlyklaryna, ylym-bilime, sporta, zähmete, sagdyn durmuş ýörelgelerine we bedenterbiýä söýgi döredýär. Arkadag Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, «Ýaşlar ýurdumyzyň we halkymyzyň geljegidir. Şonuň üçin hem Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň mümkinçiliklerini giňeltmekde uly işler durmuşa geçirilýär».

Gazanylýan belent sepgitleriň gözbaşynda milli Liderimiziň taýsyz tagallalary, irginsiz zähmeti, döwrüň badyna tizlik berýän başlangyçlary, jöwher parasady durandyr. Olaryň özen-sütüniniň watansöýüjilikden hem ynsanperwerlikden gözbaş alýandygyny halkymyz her bir ädimde görüp, duýup, belent hakykatdan ruhy güýç alyp ýaşaýar. Bu ruhubelentlik syýasy, ykdysady, medeni-durmuş ulgamlarynda gazanylýan taryhy ýeňişlere egsilmez güýç bolup goşulýar. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary görkezijiler gazanylýar. Şol gazanylýan üstünliklere ýurdumyzda hereket edýän iri jemgyýetçilik guramalarynyň hatarynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary hem berkarar döwletimizi ösdürmekde, halkymyzyň jebisligini we agzybirligini pugtalandyrmakda özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ýurdumyzda ýaş raýatlaryň bähbitlerini goraýan iň iri jemgyýetçilik guramasydyr. Biziň ýurdumyzda ýaşlar baradaky syýasat bu ugurda hereket edýän milli kanunçylyk namalary esasynda amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyz: «Biziň ýokary depgin bilen ösýän Garaşsyz döwletimiziň iň gymmatly hazynasy adamdyr. Şoňa görä-de, biz ýurdumyzyň her bir raýaty, aýratyn-da, ýaşlar hakynda düýpli alada edýäris. Berkarar döwletimizi we agzybir jemgyýetimizi has-da kämilleşdirmek boýunça zerur işleri durmuşa geçirýäris. Bu bolsa biziň «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyzyň esasy maksady bolup durýar» diýip nygtaýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik ynsanperwer başlangyçlary bilen ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ýaşlaryň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine gyşarnyksyz eýermeklerini, bilimli we hünärli ýaşlaryň iş bilen doly üpjünçiligini gazanmak, bilim-terbiýe ojaklarynda ýaş nesillerimize berilýän bilimiň we terbiýäniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegine zerur bolan goldaw-hemaýatlary bermek, ýaş maşgalalary goldamak, ýaşlary telekeçilik işlerine höweslendirmek işleri öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzda ýaşlar barada alnyp barylýan döwlet syýasaty Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işi bilen aýrylmaz baglydyr.

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler Watanymyzyň kuwwatynyň sarsmaz binýadyny has-da pugtalandyrýar, nurana ilimiziň milli mertebesini barha belende göterýär. Gahryman Arkadagymyzyň: «Eziz ýaşlar! Beýik Garaşsyzlygymyzy, baky Bitaraplygymyzy pugtalandyrmak, mizemez döwletimiziň belent at-abraýyny goramak we belende götermek üçin siziň etmeli işleriňiz örän köpdür» diýen sözlerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy milli Liderimiziň alyp barýan döwletli işlerini, belent özgertmelerini durmuşa geçirmäge, öňde goýlan maksatnamalary ýerine ýetirmäge, oňa has-da işjeň gatnaşyp, hormatly Prezidentimiziň adyl syýasatyny ösüp gelýän ýaş nesillerimize düşündirmekde wagyz-nesihat işlerimizi mundan beýläk hem dowam ederis.

Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşleriň we özgerişleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, at-abraýynyň dünýä dolmagynyň hatyrasyna yhlasymyzy, zähmetimizi, başarnygymyzy gaýgyrman zähmet çekeris. Ähli işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Rüstem MÄMMEDOW,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň başlygy.

“Nesil” gazeti,

10.04.2018ý.

Indiki makala

WATAN WASPY DILLERDE

Meňzeş habarlar