BAGTYÝARLYGYŇ GÖZBAŞY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda türkmen halkynyň belent mertebesi, beýik ösüşleri, ýeňişleri Gahryman Arkadagymyzyň aýdyň ýoly bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýaşlaryň sagdyn bedenli, päk ruhly, zähmetsöýer, watansöýüji ynsanlar bolup ýetişmegi ugrunda yzygiderli tagallalar edilýär. Ýurdumyzda sporty, saglygy goraýşy ösdürmek işi giň gerime eýe bolýar. Raýatlarymyzyň saglygy, abadan, asuda durmuşda ýaşamagy, işlemegi üçin ähli amatlyklar döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli parasatly ýolbaşçylygynda paýtagtymyzda hem-de welaýat merkezlerinde birnäçe häzirkizaman sport toplumlary gurulýar. Bu bolsa ýaş nesliň, jemgyýetiň, tutuş halkyň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak ugrunda hormatly Prezidentimiziň ileri tutýan ugurlarynyň biridiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Il saglygyny ýurt baýlygyna deňeýän Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda dünýä ülňülerine laýyk gelýän hassahanalary, sport toplumlaryny gurduryp, halkyň hyzmatynda goýýar. Ýurdumyzda sagdyn durmuşyň esasy ugry bolan sporty we bedenterbiýäni köpçülikleýin ösdürmek maksady bilen şäherlerimizde hem-de welaýat merkezlerinde täze stadionlaryň, sport meýdançalarynyň gurulmagy, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň gurlup, ulanylmaga berilmegi, tutuş Merkezi Aziýada örän iri sport-dynç alyş toplumy bolan, häzirki zamanyň ähli talaplaryna doly laýyk gelýän Olimpiýa şäherçesiniň, şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ajaýyp binalarynyň we sport desgalarynyň tapgyrlaýyn ulanylmaga berilmegi ýurdumyzda sporty ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini aýdyň görkezýär.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly «Saglyk bu gözel tebigatymyzyň ynsana eçilen nygmatydyr. Şol saglygy gözüň göreji ýaly goramak üçin sag wagtyňda alada etmeli. Saglygyny berkitmek her bir ynsanyň öz elinde. Sagdyn durmuşda ýaşamaklyk hemmämize gerek. Muny üpjün etmek üçin her birimiziň hemişe hereketde bolmaga, dogry iýmitlenmäge, sport bilen meşgullanmaga endik bolmagymyz zerurdyr».

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni dabara bilen bellenilýär. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli eziz Diýarymyzda sport bäsleşikleri, dürli medeni-köpçülikleýin çäreler giň gerime eýe bolýar. Bu baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzda halkara maslahatlar, sergiler, aýdym-sazly dabaralar ruhubelentlik bilen geçirilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzybir işjeňleri hem dürli medeni-köpçülikleýin çärelerini we sport bäsleşiklerini guraýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýaşlary bu sport bäsleşiklerine ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Aşgabat» köpugurly stadiony bilen bilelikde sport baýramçylygyny gurady. Sport baýramçylygynyň dowamynda talyp ýaşlar we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Aşgabat» köpugurly stadionynyň işgärleriniň gatnaşmagynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryş geçirildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Bütindünýä saglyk güni ähli halkymyzyň arasynda ýokary ruhubelentlige beslenýär. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda sporty ösdürip, halkymyzyň saglygyna uly üns berilýändiginiň aýdyň şaýady bolýar.

Bezirgen ATAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Merkezi Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

“Nesil” gazeti,

07.04.2018ý.

Meňzeş habarlar