MARY TOPRAGYNDAKY SPORT ŞÜWELEŇI

Hormatly Prezidentimiziň sagdyn durmuş ýörelgesini, sportuň, köpçülikleýin bedenterbiýäniň ösüşini goldamak baradaky syýasaty oňat netijeleri berýär.

Lebap welaýatynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda badalga alan ylgaw ýaryşy we welosipedli ýöriş taryhymyzyň iň şanly ýoluny — Beýik Ýüpek ýoluny yzarlaýar. Ilki Lebap welaýatynyň ençeme oba-kentlerini toý lybasyna beslän dabaraly çäre soňra gadymy Mary topragynda uly şatlyk-şowhun bilen dowam etdi. Beýik Ýüpek ýolunyň ylgaw taýajygy ýadygärliklere baý bolan Baýramaly etrabyna getirildi. Soňra gadymy Merwde ýerleşýän Uly Gyzgala ýadygärliginde, Soltan Sanjaryň kümmetinde dowam etdi. Geçirilen dabaralar etrabyň ýaşaýjylarynda we çärä gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Dabaralaryň çäginde belentden ýaňlanýan aýdym-saz, gyzykly sport ýaryşlary bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirdi. Dabaranyň dowamynda ýerine ýetirilen edebi-sazly kompozisiýalar ýatdan çykmajak wakalara beslendi.

Mary şäherindäki «Güneş» sport toplumynda hem ylgaw ýaryşyna we welosipedli ýörişe gatnaşyjylar dabaraly garşy alyndy. Estafetalaýyn tertipde geçirilen ylgaw ýaryşyna erkeklerden we zenanlardan düzülen toparlar gatnaşdy. Ylgaw ýaryşynyň soňy welosipedli ýöriş bilen dowam etdi.

Geçirilýän her bir çärede Arkadag Prezidentimiziň ýurdumyzda sagdyn durmuşy üpjün etmek baradaky paýhasly özgertmeleriniň ajaýyp miwesini berýändigini görmek bolýar.

Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçirilýän ylgaw ýaryşy we welosipedli ýöriş häzirki wagtda Mary welaýatynda dowam edýär.

Ahmet GURBANÝAZOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň başlygynyň orunbasary, guramaçylyk bölüminiň müdiri.

“Nesil” gazeti,

05.04.2018ý.

Meňzeş habarlar