Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz halkyna peşgeş beren Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Watanymyz dünýäniň syýasy taýdan durnukly, ykdysady taýdan kuwwatly, asuda, abadan ýurtlarynyň hataryndaky ornuny barha berkidýär. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda güýçli depginler bilen ösüp, bedew bady bilen okgunly öňe barýan ýurdumyzda ähmiýeti hem-de möçberi babatda halkara ähmiýetli ägirt uly tutumlar üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň daşyna berkden-berk jebisleşen agzybir, zähmetsöýer halkymyzyň asyrlarboýy eden arzuwlaryna, belent maksatlaryna ýetýändiginiň subutnamasydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda röwşen geljegimize gönükdirilen şeýle giň gerimli özgertmeleriň hemişe rowaçlyklara beslenmeginde milli kanunçylyk binýadyny berkitmegiň, dünýä tejribelerini içgin öwrenip, kanunçylygymyzy halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmegiň uly ähmiýeti bardyr. Bu barada hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň deputatlary bilen duşuşygynda eden maksatnamalaýyn taryhy çykyşynda aýratyn nygtap belledi. Hormatly Prezidentimiz çuň mazmunly taryhy çykyşynda deputatlaryň öňünde durýan wajyp wezipeler barada aýratyn durup geçdi hem-de şol wezipelere abraý bilen hötde gelmegiň anyk ýollaryny salgy berdi.
Hormatly Prezidentimiziň tutuş dünýäde uly meşhurlykdan peýdalanýan döwlet syýasatynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny yzygiderli artdyrmakda binýatlyk pudaklaryň depginli ösüşini üpjün etmek aýratyn üns berilýän ugurlaryň biridir. Şundan ugur alnyp, milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz we mineral serişdeler, energetika, himiýa, ýeňil senagat, oba hojalyk, söwda hem-de syýahatçylyk pudaklarynyň okgunly ösüşlerini gazanmakda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu pudaklaryň depginli ösdürilmegi ýaşlar üçin täze iş orunlarynyň döredilmeginiň, zähmetsöýer halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagynyň gözbaşyna öwrülýär. Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynyň ilkinji günlerinden üstünlikli durmuşa geçirilip başlanan «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» alnyp barylýan şeýle döwletli tutumlaryň gerimini has-da giňeltmek bilen birlikde, olaryň okgunly amala aşyrylmagynyň hem binýadyny öňküdenem pugtalandyrdy.
Ylymly, bilimli, dürli hünärlerden ussatlyk bilen baş çykarýan, ruhy we beden taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek hem Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer döwlet syýasatynyň naýbaşy ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda işlenilip taýýarlanylan hem-de kabul edilen «Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bu babatda esasy ýol görkezijidir. Bu resminamadan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak maksadyndan ugur alnyp, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy» kabul edildi. Bu kanunçylyk namalaryna laýyklykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmekde, döwletimiziň we jemgyýetimiziň ykdysady, syýasy hem-de medeni durmuşyna ýaşlarymyzyň doly hukukly gatnaşmagy üçin has oňaýly şertleri döretmekde düýpli öňegidişlikler gazanyldy. Ýaş nesillerde ruhy-ahlak we sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmekde, olarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmete söýgini terbiýelemekde ýetilen sepgitler hem aýratyn guwandyryjydyr.
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty hökmünde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň bagtyýar, eşretli durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň ýerlerde hem üstünliklere beslenmegini gazanmakda yhlasly zähmetimi gaýgyrmajakdygyma ynandyrasym gelýär.
Ýazpolat KERIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Içeri we daşary syýasatda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler bolsa, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň binýadynyň örän berkden tutulýandygyndan habar berýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiziň at-abraýynyň barha belende galyp, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän belent sepgitleriň ählisi halkymyzyň ajaýyp şu gününe we bagtyýar geljegine gönükdirilýär.
Watanymyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň her bir güni şanly dabaralara, wakalara hem-de toýdur baýramlara beslenýär. Şeýle buýsandyryjy wakalaryň biri hem Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynyň 25-nji martynda bolup geçdi. Ýurdumyzda möhüm syýasy-jemgyýetçilik waka bolan saýlaw, ýagny Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeş agzalarynyň saýlawlary deňhukukly, demokratik ýagdaýda birnäçe syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň, şeýle hem raýatlar toparynyň öz mynasyp dalaşgärlerini görkezmekleri arkaly geçirildi. Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşlerinden öňdebaryjy ýaşlaryň dalaşgärlige hödürlenmegi hem guwandyryjydyr. Şeýle möhüm syýasy-jemgyýetçilik çärä Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň 101-nji «Oguzhan» saýlaw okrugyndan dalaşgärlige hödürlenmek we Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanmak bagty meniň hem durmuşymda ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Şu pursatda demokratik esaslary kemala getirmekde, iş ýüzünde milli maksatnamalaryň düzgünlerini berjaý edip, ak ýürekden zähmet çekjekdigime ynandyrýaryn. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň Ahal welaýatynda geçiren Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda kabul eden «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» doly derejede goldaýarys. Ýaşlarymyzyň durmuş-ykdysady, syýasy hem-de medeni durmuşyna doly gatnaşmagyna, olarda ygrarlylygy, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi we zähmetsöýerligi terbiýelemäge, döwrebap zähmet şertlerini üpjün etmäge gönükdirilen Ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmekde hormatly Prezidentimiziň öňümizde goýan wezipelerini berjaý etjekdigimize ak ýürekden ynandyrýaryn.
Hemmämize mälim bolşy ýaly, jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlary boýunça ýaşlaryň başarnygyny, sagdyn we kämil ösüş derejesiniň giň mümkinçiliklerini açyp görkezmek Ýaşlar guramasynyň agzalarynyň hukuklaryny, bähbitlerini goramak we muny iş ýüzünde amala aşyrmak Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň esasy maksatlarynyň biridir. Alnyp barylýan we durmuşa geçirilýän işleriň çäklerinde ýurdumyzda ýaşlar baradaky alada öz mynasyp ornuny tapýar. Hormatly Prezidentimiz elmydama ýaşlar baradaky aladany aýratyn üns merkezinde saklaýar. Sebäbi şu günki ýaşlar biziň röwşen geljegimiziň kepilidir. Berkararlygyň baky bagtyny baýdak edinip, isleg-arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda işlemäge, gurmaga, döretmäge bolan höwesimiz uludyr. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesi biz — ýaşlary diňe öňe — ýeňişlere tarap alyp barýar.
Maksat JANMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.
“Nesil” gazeti,
03.04.2018ý.