ÝAŞLARYŇ HEMRASY

Hormatly Prezidentimiz «2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hakyndaky» Karara gol çekdi.

«Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen şygary baýdak edinen halkymyz sport dünýäsine çuňňur aralaşyp, dünýä döwletleriniň arasynda geçirilýän sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşyp, uly üstünlikler gazanyp, Watanymyzyň ýeňiş Tuguny belentde parladýarlar. Muňa aýdyň mysal edip, 2017-nji ýylda uly şatlyk-şowhuna beslenip geçirilen Aşgabat Aziadasyny ýatlamak ýeterlikdir. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen döredilen Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bu ugurda alnyp barylýan işleriň geriminiň has uludygyna şaýatlyk edýär. Ynha, ýaňy-ýakynda bolsa, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, bu ministrlige Halkara Agyr atletika federasiýasy bilen bilelikde 2018-nji ýylyň 28- nji oktýabry — 10-njy noýabry aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginiň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge ygtyýar berildi. Şunuň özi hem Türkmenistan — sport ýurdy diýmäge doly esas döredýär.

Diňe sagdyn ynsan hemmetaraplaýyn sagdyn pikirlenip biler. Ylym-bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler bolsa türkmen ýaşlarynyň pikirleriniň sagdyn, kämildigine aýdyň subutnama. Döwlet we halkara derejelerinde geçirilýän ders we internet olimpiýadalary, döredijilik bäsleşikleri türkmen ýaşlaryny kämillik ýolunda taplaýan möhüm wakalardyr. Ýylyň-ýylyna geçirilýän bu bäsleşikler täze zehinleri ýüze çykarmakda ygtybarly çeşme bolup durýar. Şonuň bilen bir hatarda geçirilýän Halkara ders we internet olimpiýadalary halkymyzyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalanmagyna ýardam edýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli tehnologiýalar bilen üpjün edilen ýagty otaglarda okuw işleriniň alnyp barylmagy bu ugurda ilki bilen ylym-bilimiň kämil derejelerini özleşdirmekde, soňra bolsa, beýik ýeňişleri gazanmak ugrunda alnyp barylýan tutumly işlerdir. Şeýle giň gerimli mümkinçilikleriň saýasynda türkmen ýaşlaryna diňe okamak we ylym-bilimiň gazananlaryndan peýdalanyp, eziz Diýarymyzyň ösüşlerine öz seslerini goşmak galýar. Watanymyzyň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünliklerinde ýaşlaryň goşandy uly.

Bildirilýän beýik ynamy ödemek ugrunda biz — ýaşlar geljekde hem yhlas-başarnyklarymyzy gaýgyrman, Gahryman Arkadagymyza, eziz Watanymyza wepaly bolup ýetişeris. Bu ugurda eziz Diýarymyzyň nurana geljegi, asuda şu güni biziň üçin hemişe kalbymyzyň egsilmez ylhamy bolar!

Şasenem KENARMÄMMEDOWA,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň hukuk fakultetiniň talyby.

“Nesil” gazeti,

31.03.2018ý.

Meňzeş habarlar