Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda ata Watanymyzyň ýeten belent sepgitleri, gazanýan şanly ýeňişleri günsaýyn artýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýen şygary her güni, her pursady şöhratly ýeňişlere beslenýän Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň keşbini bütin aýdyňlygy bilen açyp görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu günki gün türkmen ýaşlarynyň arasynda sportdyr bedenterbiýe bilen meşgullanýanlaryň sany has-da artýar. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ýaşlarymyz sport äleminde uly üstünliklere eýe bolýarlar. Ýakynda «Arkadag taglymaty — sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady» atly ajaýyp kitap türkmen halkyna gowuşdy. Bu kitapda türkmen sportunyň, türkmen türgenleriniň gysga wagtyň içinde gazanylan ýeňişleri, ýetilen belent sepgitleri barada gürrüň berilýär. «Arkadag taglymaty — sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady» atly ajaýyp kitap biz — ýaşlary uly tutumlara ruhlandyrdy. Milli Liderimiziň tutanýerli zähmetiniň esasynda gazanylýan ajaýyp ýeňişler kitaplarda wasp edilmäge mynasyp. Gahryman Arkadagymyzyň taglymaty külli türkmeniň asyrlar aşyp gelen köňül matlaby. Ol taglymat bu gün tutuş adamzadyň ykbalyna nurana şuglasyny çaýýar. Halklaryň taryhynda, ykbalynda, ösüş ýolunda aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolan bu kitap kalplarda watançylyk duýgularyny has-da artdyrýar. Türkmen halkynyň baý geçmiş taryhy bar, ol beýik akyldarlary, ajaýyp şahyrlary, dünýä medeniýetine saldamly goşandyny goşan milli gymmatlyklary bilen tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda hem gündogardan günbatara, günortadan demirgazyga uzan Beýik Ýüpek ýolunyň halkymyzyň ykdysady durmuşyna däl, eýsem medeni durmuşyna hem özüniň oňaýly täsirini ýetirendigine göz ýetirýäris. Beýik Ýüpek ýolunyň dünýä halklarynyň taryhyna ýetiren täsiri, bu ýoluň ugrunda ýerleşen döwletleriň özara gatnaşyklaryna hem-de olaryň medeniýetine eden täsiridir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyny okanyňda, taryhy geçmişimize syýahat eden ýaly duýgulary başdan geçirmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň çuňňur pähim-paýhasyna ýugrulan ajaýyp kitaplary wagyz-nesihat çärelerini guramakda biz — ýaşlara gymmatly gollanma bolup durýar. Mundan başga-da «Türkmenistanyň Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasy» hem ýaş nesillerimizi ylymly, bilimli, sagdyn we giň gözýetimli bolup ýetişmäge ruhlandyrýar. Ýaşlarymyz sagdynlygy, ruhubelentligi, kämil bilimi özlerine hemra edinip, ýurduň ösüşine uly goşant goşýarlar. Bagtyýar geljegimiziň özenini düzýän ýaş nesillerimizi watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek ähli döwürlerde hem möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna, biz — ýaşlara bildirýän uly ynamyny ödemek üçin, mundan beýläk hem gujur-gaýratymyzy gaýgyrman zähmet çekjekdigimize ynandyrýarys.
Silap HUDAÝBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Aşgabat şäher Geňeşiniň başlygynyň orunbasary-guramaçylyk bölüminiň müdiri.
“Nesil” gazeti,
29.03.2018ý.