SAÝLAWLAR — MILLI DEMOKRATIÝANYŇ DABARALANMASY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary uly ruhubelentlige beslendi. Adyl jemgyýetimiziň hem-de hukuk-dünýewi döwletimiziň eşretli geljeginiň hatyrasyna geçirilýän saýlawlarda halkymyz öz ynanan wekillerine ynamly ses berdiler. Ir sagat 700-dan badalga alyp, agşam sagat 1900-a çenli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde döredilen saýlaw uçastoklarynda baýramçylyk ruhunda saýlawlar üstünlikli geçirilip, döwlet dolandyryş ulgamynyň mynasyp wekilleri halk tarapyndan saýlandy. Bu çärä ähli halkymyz bilen bir hatarda saýlaw hukugyna eýe bolan ýurdumyzyň ýaş raýatlary hem işjeň gatnaşdylar. Jemgyýetde ýaşlaryň eýeleýän ornunyň ýokarydygyny alamatlandyrýan bu waka nesilleriň syýasy medeniýetini we döwlet syýasatyna bolan garaýşyny kämilleşdirýär. Ýaşlar öz ýürek buýsançlaryny şeýle beýan edýärler.

Dawut BAÝRAMOW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby:

— Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynyň taryhy ähmiýetli syýasy wakasyna gatnaşdyk. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanyp, 18 ýaşymyzy dolduryp, halkymyzyň bagtyýar ertiriniň hatyrasyna guralýan şeýle çärä gatnaşmagy we mynasyp dalaşgäre saýlawlara mahsus bolan häsiýetde — ählumumylyk, deňlik, gizlinlik, adalatlylyk ýörelgelerine laýyklykda ses bermek arkaly goldamagy biziň raýatlyk hukugymyz hem perzentlik parzymyz diýip düşünýärin. Şonuň üçin hem jemgyýetçilik ähmiýetli, ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görlen bu waka uly üstünlikler bilen geçirildi we mynasyplar saýlandy. Çünki, dolandyryş ulgamynda halkyň adyndan çykyş edýän wekilleriň mynasyplaryny saýlamak üçin dalaşgärler bilen saýlawçylaryň arasynda duşuşyklar, maksatnamalaryň tanyşdyrylyş çäreleri yzygiderli geçirildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, halk maslahatynyň we Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleriň terjimehallary metbugat neşirlerinde çap edildi. Bu bolsa saýlawlar gününde mynasyp dalaşgäre ses bermäge şert döretdi. Biz — ýaşlara syýasy ähmiýetli, jemgyýetçilik waka işjeň gatnaşmaga uly mümkinçilik döredýän eziz Arkadagymyza alkyş aýdýarys.

Aýgül MUHAMMETDURDYÝEWA,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby:

— Ata Watanyň syýasy wakalaryna gatnaşmak, oňa öz sesiňi goşmak diýseň buýsançly. Men hem saýlaw hukygyna eýe bolan Türkmenistanyň ýaş raýaty hökmünde ýokary okuw mekdebimiziň binasynda döredilen 7-nji «Güneş» saýlaw okrugynyň 76-njy uçastogyna baryp, mynasyp dalaşgäre öz sesimi berdim. Mynasyp dalaşgäri saýlamak üçin bizde ähli şertler bar. Çünki, saýlaw möwsüminiň yglan edilen gününden bäri dalaşgärlige bellige alnan watandaşlarymyzyň birnäçesi bilen duşuşyklara gatnaşyp, olara ynanylan wekilleriň çykyşlaryny diňledik we dalaşgärleriň terjimehallary, maksatnamalary bilen tanyş bolduk. Buýsanç bilen bellemeli zatlaryň biri bolsa döwlet dolandyryş ulgamyna dalaşgärleriň ençemesiniň saýlanmaga hukugy bolan kanunda bellenilen ýaşy dolan ýaş raýatlaryň wekilleri bolmagydyr. Ýurdumyzda ýaşlara berilýän ünsüň örän ýokarydygyny alamatlandyrýan bu guwançly hakykat bolsa, döwlet syýasatynda ýaş nesillere berilýän ornuň hem ýokarydygyny alamatlandyrýar. Bu çärä işjeň gatnaşmak bilen ýurtda adam we onuň ýaşaýşy bilen bagly aladalaryň nä derejede düýplüdigine we milli ýörelgeleriň döwrebap derejede dowam etdirilýändigine göz ýetirmek bolýar. Şonuň üçin-de, men hem şu bagtyýar Watanyň ýaş raýaty hökmünde şeýle wakalara işjeň gatnaşyp, eşretli geljegimize öz sesimi goşdum. Ähli saýlaw ýaşyna ýeten ýaşlary goldaýan eziz Arkadagymyzyň saýasynda demokratiýanyň türkmen nusgasyna laýyklykda saýlawa gatnaşandygymyza şatlygymyz çäksizdir.

Täçmuhammet DURDYÝEW,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, Berkararlyk etrabynyň 28-nji saýlaw uçastogynda ses bermäge gelen ýaşuly:

— Saýlawlara maşgala bolup gelmegiň, gatnaşmagyň aýratyn bir ýakymly täsiri bar. Biz öz hereketlerimiz bilen neberelerimize görelde bolýarys. Körpelerimiz turuwbaşdan döwlet ähmiýetli çäreleriň ruhuny duýup, öwrenip başlaýar. Bu olaryň syýasy düşünjeliligini oýarmaga oňyn täsir edýär. Eziz Watanymyza bolan beýik söýgini, milli Liderimize bolan belent buýsanjy has-da berkidýär. Hormatly Prezidentimize alkyşlar bolsun!

Gülälek ILLEKOWA,

37-nji saýlaw uçastogynyň synçysy:

— Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolan Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen alnyp barylýan işleriň, tutumlaryň aňyrsynda halkymyzyň bolelin, abadan, bagtyýar, eşretli ýaşaýşynyň miweleri bar. Saýlawlaryň ýokary derejede guralmagy we geçirilmegi hem bu beýik işleriň biridir. Aşgabat şäheriniň 59-njy orta mekdebinde 11-nji okrugyň 37-nji, 38-nji saýlaw uçastoklaryndaky iki toparyň hersinde dokuz sany topar agzasy bar. 38-nji saýlaw uçastogynda jemi 1620 adam, 37-nji saýlaw uçastogynda 1046 adam ses bermegi bellenilen. Raýatlarymyz sekiz sany dalaşgäre öz seslerini berdiler. Şeýle jemgyýetçilik saýlawlary geçirmek üçin uly şertleri döredip berýän milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç bolsun!

Hurma ATDURDYÝEWA,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy:

— Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýyly öz ajaýyp wakalary bilen köňüllere ganat bekleýär. Şeýle ajaýyp döwrüň, döwletiň raýatydygyňa, türkmendigiňe buýsanýarsyň. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyz arzuwlaryň hasyl bolýan, bagtly ýaşaýşyň pajarlaýan mekanyna öwrülýär. 37-nji saýlaw uçastogynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, halk maslahatlarynyň agzalygyna dalaşgärlere öz sesimi berdim. Şeýle möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäreleri geçirmäge, saýlawlara gatnaşmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän mähriban Arkadagymyza alkyşymyz çäksizdir.

Ýazga geçirenler Täzegül KULJIKOWA,

«Nesil».

Kümüş HÜMMEDOWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.

“Nesil” gazeti,

27.03.2018ý.

Meňzeş habarlar