TÜRKMENISTAN — DOSTANALYGYŇ MEKANY

HALKYMYZDA «MYHMAN AZ OTURSA-DA, KÖP SYNLAR» DIÝEN AÝTGY BAR. ÝURDUMYZDA GEÇIRILEN HALKARA NOWRUZ BAÝRAMYNA GATNAŞMAGA GELEN MYHMANLARYŇ ÝÜREK SÖZLERI ONY SUBUT EDÝÄR.

 Binewşe SANAKULOWA,

(Özbegistan Respublikasy):

— Gadymy Buharadan türkmen halkyna köp salam getirdik. Gündogar halklarynyň gadymy baýramçylygy hasaplanýan Nowruzy gözel Türkmenistanda bellemek biz üçin juda ýakymly boldy. Dostlugyň hem ajaýyplygyň, parahatçylygyň we ruhubelentligiň baýramy bolan Halkara Nowruz güni türkmen ülkesinde gyzykly hem täsirli geçdi. Biziň «Buhara moujulary» aýdym-saz tans toparymyz bilen baýramçylyk sowgady hökmünde getiren çykyşlarymyz gyzgyn garşylandy. Nowruz ýaýlasynda türkmen halkynyň milli däp-dessurlary, toý adatlary, gadymy gymmatlyklary we sungaty bilen ýakyndan tanyşdyk. Şeýle bagtyýar döwletiň myhmany bolup, Halkara Nowruz baýramçylygynyň şatlygyny deň paýlaşmaga döredilen mümkinçilikler üçin ýurduň hormatly Prezidentine köp sagbolsun aýdýarys.

Aidai KALMAMATOWA,

(Gyrgyzystan Respublikasy):

— Owazlaryň belende göterilip, ynsanlaryň arasyndaky gatnaşygyň ýakynlygyny görkezen Halkara Nowruz gününiň türkmen ýaýlasynda toýlanyşyny görmek paýynyň nesip edenligine özümizi bagtly hasaplaýarys. Hatar-hatar bolup duran türkmeniň ak öýleri, taryhy binalarynyň nusgalyk keşbi bu ýeriň milli binagärliginiň kämilligini mälim edýär. Ýerli däbe görä bişirilýän ýedi dürli tagamda halkyň baý durmuş tejribesi, bereketli türkmen topragynyň rysgallylygy aýdyň duýulýar. Halkyň nakgaşçylyk, zergärçilik, amaly-haşam sungatlary hem-de türkmen zenanlarynyň el işleriniň inçeligi we nepisligi biri-birinden zyýada. Şeýle arzyly gymmatlyklary görmäge we ýakyndan tanyşmaga döredilen giň mümkinçilikler üçin Türkmenistanyň hormatly ýurt Baştutanyna köp sagbolsun aýdýarys.

Aýdaýbek OŇAÝBAÝEW,

(Gazagystan Respublikasy):

— Biz Altaý daglarynyň gujagyndan gaýdyp, türkmen topragyna badaşan Köpetdagyň eteginde bellenilýän Halkara Nowruz baýramyna gatnaşmaga geldik. Bu ýerde biz halkyň agzybirligine, jebisligine we öz milli Liderine hormat-sarpasynyň belentligine göz ýetirdik. Bütin dünýäde ähmiýetli hasaplanylýan bag ekmek dessurynyň bu ajaýyp baýramçylyga badalga bolmagy bolsa, mende örän uly täsir galdyrdy. Türkmen ýaýlasynda tutulan Nowruz toýy milletiň öz geçmişine, şu gününe we bagtyýar geljegine bolan garaýşynyň ýokarydygyny görkezýär. Beýik Ýüpek ýolunyň Türkmenistandan geçen ugry boýunça döredilen baýramçylyk ýodasynda türkmeniň köpasyrlyk taryhy, baý geçmiş mirasy we medeniýeti aýdyň görünýär.

Mehmet ÖZJAN,

(Türkiýe Respublikasy):

— Türki halklarda giňden bellenilýän Nowruz baýramynyň türkmen topragyndaky uly tutumy buýsanjymy artdyrdy. Gelenleriň aglaba böleginiň ýaşlardygyny belläsim gelýär. Baýramçylyk çykyşlaryny ýerine ýetiriji artistleriň hem-de tomaşaçylaryň köpüsiniň türkmen ýaşlary bolmagy, nesilleriň döwlet derejesindäki işlerde esasy orny eýeleýändigini alamatlandyrýar. Baýramçylygyň ýokary guramaçylyk derejesi we usulyýet aýratynlyklary hem Türkmenistanda şanly senelere goýulýan gadyr-gymmatyň belentligini görkezdi. Türkmen semenisi, Nowruz monjugatdysy we Hazar küştdepdisi hem-de toý kerweni özüniň täsirli ýakymy bilen dünýämizi gurşap aldy. Türkmen tans sungaty mende uly gyzyklanma döretdi. Türkmen ýigitleriniň at üstündäki oýunlarynyň çylşyrymly hereketleri ajaýyp sungatyň aşyklarynyň teşneligini gandyrdy. Özümize ýakymly pursatlary bagyşlan gözel Türkmenistanyň agzybir halkyna hemişe uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Taýýarlan

Ysmaýyl MUHAMMETDURDYÝEW,

Türkmen döwlet medeniýet

institutynyň talyby, «Aşgabat» teleýaýlymynyň

gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjysy.

“Nesil” gazeti,

24.03.2018ý.

Meňzeş habarlar