ARKADAGLY WATANDA NOWRUZ BU GÜN, TOÝ BU GÜN

 Nurana Günüň altyn çaýylan şöhleleri bilen oýanan tebigat dumly-duşa baýramçylyk säherini buşlady. Şahadan-şaha bökjekleşip, hoş owazlary bilen kalbyňa egsilmez şatlyk eçilýän guşlaryň aýdymlary hiç kimi biparh goýanok. Şol jadylaýjy owazyň şirin mukamlaryndan ganyp janlanan agaçlar toý donuna bürendi. Ýazyň dag-dereleri, sähra-gollary, çeşmedir çaýlary sypalaýan ýumşaksy howasy dünýä çapar bolup myhmanlary ýurdumyza çagyrdy. Çünki älemgoşar öwüşginleri bilen nurlanan Halkara Nowruz baýramy Ahal ýaýlasynda toý-dabara beslendi. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda tutumly başlanan bu toý döwresi ýatdan çykmajak ajaýyp waka bolup, dostlugyň, agzybirligiň, milli däp-dessurlaryň hakyky baýramçylygyna hem ynsan kalbynyň owazyna öwrüldi. Toý gününde ekilen ýaş bag nahallary «Täze ýylyň» ilkinji gününiň şaýady boldy.

 GÖZELLIGIŇ JANLY KEŞBI

Bahar paslynyň hyruç, hyjuw alyp gelmegi bilen janly-jandar herekete, joşa gelýär. Ýyldyrym çakyp, gök gürläp, ýagyş-ýagmyr asmandan inýän nur-keramat bolup, ýere siňýär. Teşnelikden ganan toprak güberilipjik duran kömelekleri, jümjümedir gyzyl gülälekleri bolluk bilen eçilip, ynsanyň kalbynda şatlyk, ruhubelentlik, guwanç duýgularyny oýarýar. Bahar pasly özüniň kükräp gelen mylaýym demi, gök maýsalaryň pyşyrdysy bilen seni özüne hemişelik bendi edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bahary ruhuňy täzeleýär, kalbyňa joşgun berýär. Tebigatyň eçilýän gözelligine adamlaryň giň meýdanlara çykyp, daragt ekip goşant goşmagy ajaýyp sazlaşygy emele getirýär.

Ine-de, toý lybasyna bürenen Nowruz ýaýlasy. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyndan janlandyrylan pursatlar halkymyzyň şöhratly geçmişine sary syýahata alyp gitdi.

«JEÝHUNYŇ ÝAKASY»

Mundan iki müň ýyl töweregi öň dörän Amul galasynyň berdaşly diwarlary, Astanababa ýadygärlikler toplumy, ady rowaýata öwrülen Daýahatyn kerwensaraýy hakydaňy taryhyň täsin dünýäsi bilen ýüzleşdirýär. Bu ýerde görkezilen folklor çykyşlary, halk döredijiligimizden parçalar ýaýylyp ýatan giň ýaýlalaryň goýnuna aýratyn bir öwüşgin çaýdy. Köýtendagyň derelerine siňen kyrk gyzlar dagyň böwründen çykyp, hamala diýersiň, bu toýy görmäge gelene çalym edýärdi.

Ýoluň ugrunda döwletli ojagyň ilkinji binýadyny tutup, ezber gollary bilen gadymy ýörelgelere görä saman garylan palçykbilen jaý suwaýan ussalaryň iş pursatlary, çeper elli gelin-gyzlar tarapyndan Lebap welaýatyna mahsus milli lybaslaryň tikilişi, dürli guramalaryň guralyşy, kilimleriň dokalyşy ussatlarça görkezildi. Üsti dürli-dümen tagamlardan doldurylan saçak, Jeýhunyň kenarynda ösdürilip ýetişdirilen garpyzlaryň sergisi gözüňi dokundyrýar.

Amuldan ugur alan kerwenler gadymy Merwe sary rowana boldular.

«GADYMY MERW»

Täjirleriň hem alymlaryň şäheri bolan gadymy Merw taryhy ýadygärliklere baý künjekleriň biridir. At-owazasy bilen meşhur bolan Soltan Sanjaryň kümmeti özüniň binagärlik aýratynlygy bilen öňe çykýar. Nusga görnüşli Gyzlar galasynyň töwereginde Mary welaýatynyň birleşen folklor toparynyň teatrlaşdyrylan çykyşlary bu ýerde bolup geçen wakalardan söhbet açýar. Oglan-uşaklaryň gadymy ynançlara görä nogsanlyklardan saplanyp, päklenmek üçin ýakylýan şaman odunyň üstünden bökmesi töweregiň şowhunyny artdyrdy. Gulpajyklaryny tasadyp hatar arasyny bozup geçýän gyzjagazlaryň «Aýterek-Günterek...» diýýän näzijek sesleri alyslara doldy. Zergärçilik sungatynda inçeden nepis ýasalan şaý-sepleriň köpdürli görnüşleri görenleri haýrana goýdy.

«SARAHS BILEN ÄNEWIŇ ARALYGYNDA»

Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen Marydan gaýdan kerwenler Ahal ýaýlasyna tarap ýola düşdi. Olar az ýöräp, köp ýöräp bu topragyň iri şäherleriniň biri bolan Sarahsa gelip ýetdiler. Myhmanlaryň gözleri halkymyzyň baý medeni-taryhy bilen

 bagly Abiwerd, Änew galalarynda, Seýit Jemaleddin metjidinde, Sarahs babanyň kümmetinde eglendi. Mäne baba we beýleki ulamalar bilen bagly Ahal welaýatynyň folklor toparlarynyň görkezen çykyşlary şahsyýetlerimiziň ylym dünýäsine goşan goşantlaryny we açyşlaryny tassyklady.

Pulhatyn köprüsine gidýän ýoluň ugrundaky gök öwsüp oturan maýsaly meýdanda ak bugdaýy harpykdan saýlap, döwek döwüp, degirmende üwelen undan çörek bişirilip paýlandy. Il içinde sylanýan enelerimizdir gelinleriň taýýarlan datly semenisi milli däplerimiziň ajaýyplygyny şöhlelendirdi. Daýhanlaryň alyn derinden kemala gelen waharman gawunlarynyň burk urýan ysy baharda açylan elwan güller bilen garyşyp, anbar bolup dünýä doldy.

«NUSAÝDAN DEHISTANA ÇENLI»

Dünýä medeniýetiniň taryhyna Parfiýa döwletiniň, şol sanda gadymy Nusaý galasynyň, Paryzdepe ýadygärliginiň goşan goşandy uludyr. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan nusaý ritonlary bu topragyň gadymy medeniýetiň uly merkezleriniň biri bolandygyndan habar berýär.

Sahna ussatlarynyň şöhraty taryha siňen zenan Rodoguna hem-de Ärsak patyşa bilen baglanyşykly sahna oýunlaryny görkezmegi milli medeniýete teşne kalplary heýjana saldy. «At — döwlet» diýen halkymyz dünýä medeniýetine ýyldyrymdan ýüwrük bedewleri bermegi hem başarypdyr. Türkmen seýisleriniň kämilleşdirip, sungat derejesine ýetiren bedewleriniň gözel kaddy-kamatyna, ýüwrükligine, çeýeligine haýran galan dünýä taryhçylary we syýahatçylary olara «Asman atlary» diýip at beripdirler. Milli bahar baýramynda şöhratly bedewlerimiz bilen dünýäniň ençeme ýurtlarynda çykyş edip, gymmat bahaly sowgatlara mynasyp bolup gelen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň jigitleriniň görkezen çykyşlary halkymyzyň seýisçilik kesp-käriniň dowamat dowamlygynyň nyşany boldy.

Baldan datly miweleri, al ýaňak almadyr buldurap duran gelinbarmak üzümleri hem-de olardan taýýarlanan kişde-kişmişdir nogul-nabady bilen dünýä bazarlaryny baglan bagbanlaryň gadymy daýhançylyk ýol-ýörelgeleriniň häzirki bagtyýarlyk zamanamyzyň bezeginiň teswiri bolmagy hem öz manysyny tapypdyr.

«DAŞOGUZYŇ GADYMY TOPRAGYNDA»

Gadymyýetde türkmen topragynda binagärçilik, mygmarçylyk, agaç ussaçylygy ýaly senetler gülläp ösüpdir. Arşyň gözelligini özünde jemläp, zeminiň myhy ýaly bolup uzaklardan seleňläp görünýän Köneürgenjiň taryhy ýadygärligi, Törebeg hanymyň mawzoleýi geçmişiň zerli sahypalarynyň biridir. Söýgä wepalylygy bilen mygmarçylyk senedini rowaýata öwren ussa Seýidiň ölmez-ýitmez söýgüsiniň beýany bolan sahna oýny daşoguzly sungat ussatlarynyň zehin bulagynyň durulygyny görkezdi. Aşyk ýigidiň ýürek heseriniň keşbi bolan bu sahna söýgä wepadarlygyň synmaz nyşany hökmünde synlanlaryň kalplarynda tolgunma döretdi.

Gaýduwsyzlygy, edermenligi, watansöýüjiligi ündeýän meşhur «Görogly» şadessany türkmen edebiýatynyň nusgawy eserleriniň biridir. Görogly begiň aýdym-sazyň piri Aşyk Aýdyňdan pata almaga barandaky aýdyşyk pursadynyň janlandyrylmagy halkymyzyň halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň beýik nusgasyna öwrüldi.

GARAGUM ÇÖLI

Ata-babalarymyz “Gumum bar — humum bar” diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Ymgyr alaňlary bilen giň sähralary baglap oturan Garagum çölümiz halkymyzyň kalby deý gorly, ýüregi deý arassa. Sazakly-selinli aňňatlaryň her biri Hydyr gören çölüň gudratlydygyna kepil geçýär. Çopan atanyň, Weýis babanyň, Zeňňi babanyň, Göwender babanyň, Düldül atanyň keşpleriniň folklor çykyşlar arkaly ussatlarça janlandyrylmagy geçmişimizdäki mukaddeslik derejesine göterilen şahsyýetlerimize buýsanjyňy goşalandyrýar. Enelerimizden şu güne gelip ýeten ýüň egirmek, boýamak, keçe basmak ýaly el işleriniň görkezilmegi, maldarçylyk bilen bagly däp-dessurlaryň beýan edilmegi ýatda galyjy pursatlara beslendi.

Agyl doly goýun-geçiler, köşekli düýeler halkymyzyň rysgal-bereketliliginiň, döwletliliginiň nyşanydyr. Dünýä belli alabaý itlerimiz eýesine wepadarlygy bilen nusga bolsa, tazylarymyz aw awlamakda çeýeligi bilen tapawutlanýar.

DEHISTAN BILEN HAZAR ARASY

«Halkyň taryhynda onuň ykbaly bar» diýenler mamla. Milli bahar baýramynda X asyrdan gözbaş alyp gaýdýan Dehistanyň gadymy dünýäniň özi ýaly bolup oturan taryhy ýadygärlikleriniň nusgalyk görnüşleriniň görkezilmegi her bir tomaşaçyny şeýle çuňňur oý-pikirlere myhman eden bolsa gerek.

Gahryman Arkadagymyzyň paýhas düründen dörän «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp eseriniň günbatar welaýatymyz bolan Balkanyň taryhy we medeni ýadygärliklerine bagyşlanan bölüminiň yzlaryny synlap, özüňi taryh bilen söhbetdeşmikäm öýdýärsiň. Gadymy taryhçylaryň we jahankeşdeleriň däl, eýsem döwürdeş dünýä alymlarynyň, arheologlarynyň we etnograflarynyň ünslerini türkmen topragyna örklän Maşat-Misserian düzlügi halkymyzyň ykbalynyň ajaýyp keşbidir. Elleri kesp-kärli, zähmetsöýer we pespälli halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyndan bir parçasyny beýan edýän Dehistanyň we Şähryslamyň ýadygärlikleri ýüreginde gadymy mirasymyza, edenli ata-babalarymyza bolan watançylyk söýgüsi möwç urýan her bir raýatymyza ýakymly täsir edýär.

Türkmen tebigatynyň örän täsin we baý görnüşe eýedigini kalbyňa nagyşlaýan sähralyklar bilen utgaşyp gidýän mawy deňziň owazy bolsa onuň töwereginde ýaşan halkymyzyň halal senedi bilen tanyşdyrýar. Taryhyň jümmüşine Hazar ady

 bilen giren, baý tebigat we ösümlik dünýäsine eýe bolan deňziň gadymy hazarlylaryň — türkmeniň ata-babalarynyň mesgen-mekany bolandygyny nygtaýar. Diňe bir tomsuň jöwzaly günlerinde däl, eýsem gyşyň garly günlerinde hem kenaryna barsaň, öz şypasy bilen kalbyňa rahatlyk eçilýän Hazar deňziniň mysaly keşbiniň şekilini görüp, şeýle netijä gelýärsiň.

Alym Arkadagymyzyň halkymyzyň sagdynlygy, ruhubelent bolmagy üçin çäksiz uly işler bitirýändigini ýüregiň bilen duýýarsyň. Häzirki döwürde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmek bilen, diňe bir Türkmenistany däl, eýsem Gündogar döwletleriniň hem Ýewropa ýurtlaryna çykmagy üçin deňiz ýoly bolup hyzmat edýän Hazaryň uly ähmiýetine düşünýärsiň. Şol pursatda taryh bilen bagtyýarlyk zamany birleşýär-de, deňziň kenarynda mekan tutan gadymy halkyň däp-dessurlary, balykçylyk kesp-käri, naw ýasamak işleri bilen baglanyşykly senetler ör-boýuna galýar. Ata-baba deňiz balygyndan düşeme palaw taýýarlan balkanlylar barak guşunyň etinden hem ençeme naz-nygmatlary bişirmegiň hötdesinden gelýärler. Milli lybaslara beslenip, ýelek ýaly gaýyp küşt depýän gözelleri diýsene! Ýaşlygyň möwçli gözelligini wasp edýän bu pursatlardan gözler ganmaýar, dideler doýmaýar.

ZEREWŞAN GÜLLERIŇ PYŞYRDYSY

Ony duýmak üçin Nowruzyň ilki güni ak ýaýlalara çykmaly ekeni. Üsti garly Köpetdagy etekläp oturan baýyrlary görke getiren mahmal begresiň üstünde aýaňy ýöretmeli ekeni. Şonda türkmen ýaýlasyny çog gyzyl gülälege besleýän baharlaryň neneňsi ajaýyplygyna ýene bir gezek göz ýetirersiň. Gözelligi bahardan gözlän pederlerimiziň ýöne ýere Nowruz baýramyny ýylyň-ýyly belläp geçmänligine düşünersiň.

Nowruz baýramynyň gyzygyny artdyran Nowruz babanyň agtyjagy Gülbahary ýanyna alyp, toýa gelmegi bolsa şatlygymyzy goşalandyrdy. Gülleriň nur saçýan, Güneş bilen çaknyşyp, älemgoşar öwüşginini emele getirýän müň dürli reňklerinde jady bar. Onuň üstesine-de olar öz dillerinde aýdym aýdyp, bagtyýar söhbetler edip, ýakyn durup özlerini synlaýan ynsanlardan uýaljyraşyp özara pyşyrdaşýarlaram. Gülleriň aýdymlarynda we pyşyrdylarynda şanly ýeňişleri bilen dünýäni aňk edýän Türkmenistan atly beýik döwlete, öz halkyny röwşen geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de sada göwünli, watanperwer we zähmetsöýer, adalatly we sahawatly türkmen halkymyza bolan çäksiz uly söýgi bar. Biz ol çirksiz söýgini, ummanlar ýaly gözýetmez ygrar-ygtykady ýurdumyzyň sungat ussatlary tarapyndan taýýarlanan konsertde ýaňlanan aýdym-sazyň ýakymly owazyndan hem duýduk. Agzybir halkymyzyň biri-birine goýýan gadyr-gymmatynyň baý many-mazmunyny Milli bahar baýramynyň şanyna tutulan toý sadakasy has hem äşgär etdi.

Mähriban GANDYMOWA,

«Nesil».

“Nesil” gazeti,

22.03.2018ý.

Meňzeş habarlar